Ï UNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň milli toparynyň mejlisi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

UNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň milli toparynyň mejlisi

view-icon 4522

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrmagy boýunça Daşary işler ministrliginde UNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň milli toparynyň nobatdaky mejlisi geçirildi. Oňa ýurdumyzyň ugurdaş ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň hem-de Aşgabat şäher häkimliginiň hem-de habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylary we esasy hünärmenleri gatnaşdylar.

Mejlisiň dowamynda Birleşen Milletler Guramasynyň iň iri ýöriteleşdirilen edarasy bilen hyzmatdaşlyga degişli giň gerimli meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Esasy meseleleriň hatarynda “Ýüpek ýoly: Zarawşan-Garagum geçelgesi” ulgamlaýyn nominasiýasy boýunça milli ýadygärlikleriň birnäçesini 

ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizmäge teklip etmek baradaky mesele boldy. 

Hususan-da, bular Amul galasy, Mansaf rabadi, Könegala, Akjagala, Gyzyljagala kerwensaraýlary, at-Tahmalaj duralgasy, Kuşmeýhan orta asyr şäheridir. Bu kerwen ýoly gadymyýetde Amyderýanyň goşandy bolan Zarawşan derýasynyň ýokary akymlaryndan başlanyp, Täjigistanyň, Özbegistanyň we Türkmenistanyň çäklerinden geçipdir. 

Şunuň bilen baglylykda, mejlise gatnaşyjylar Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň, Täjigistan Respublikasynyň Medeniýet ministrliginiň hem-de Özbegistan Respublikasynyň Medeniýet ministrliginiň arasynda “Ýüpek ýoly: Zarawşan-Garagum geçelgesi” ulgamlaýyn nominasiýasy boýunça milli ýadygärlikleriň birnäçesini “UNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizmäge teklip etmek hakynda ylalaşyga” gol çekilmeginiň möhümdigini bellediler. 

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň nygtaýşy ýaly, Ýewropanyň, Aziýanyň, Hindistanyň we Hytaýyň aralarynda täsin baglanyşdyryjy halkanyň wezipesini ýerine ýetiren Beýik Ýüpek ýoly adamzat siwilizasiýasynyň ösüşinde örän uly orun eýeledi. 

Mejlise gatnaşyjylaryň belleýşi ýaly, yklymüsti ýoluň bolmagy netijesinde ýüzýyllyklaryň dowamynda medeni gatnaşyklar, bilim, tehnologiýa, pelsepe alyşmalary depginli bardy, bu ýagdaýlar häzirki wagtda-da dowam edýär. 

Ägirt uly taryhy miras bolup, täze görnüşde dikeldilýän Beýik Ýüpek ýoly häzirki döwürde ýurtlaryň we halklaryň ýakynlaşmagy üçin kuwwatly güýç bolup hyzmat edýär, syýasy, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer gatnaşyklaryň ýola goýulmagyna, özara düşünişmäge we hyzmatdaşlyga, döwletleriň hem-de sebitleriň arasynda özara gatnaşyklaryň berk binýadynyň ýüze çykmagyna ýardam berýär.

Bu baradaky pikir, döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň 

“Türkmenistan--Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi” diýen kitabynda düýpli açylyp görkezilýär. Milli Liderimiz öz işinde bu taryhy ýoluň döremeginde we işjeň ulanylmagynda esas goýujy orunlaryň biriniň türkmenlere hem degişlidigini aýratyn nygtaýar.

Şunuň bilen baglylykda, Zarawşan-Garagum geçelgesini UNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna hödürlemek maksady bilen, teklip edilýän desgalar boýunça resminamalar toplumynyň gutarnykly görnüşini taýýarlamak bilen birlikde degişli işler alnyp barylýar. Türkmenistanyň bu teklibine UNESKO-nyň Bütindünýä mirasy Komitetiniň 2021-nji ýylyň sentýabr aýynda geçiriljek nobatdaky mejlisinde garamak meýilleşdirilýär. 

Biziň ýurdumyz 1993-nji ýyldan bäri UNESKO-nyň doly hukukly agzasy bolup durýar, ol medeni ýadygärlikleri we tebigy gözellikleri gorap saklamak boýunça halkara işlerinde möhüm orun eýeleýär, her bir halkyň ählumumy gymmatlyklaryna hormat goýmaga esaslanan açyk gatnaşyklar üçin şertleri döredýär.

Ozal Gadymy Merw, Köneürgenç we Gadymy Nusaý taryhy-medeni goraghanalar UNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizildi, “Görogly” şadessany, “Küştdepdi aýdym aýtmak we tans sungaty” we türkmen milli halyçylyk sungaty bolsa adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň görnükli sanawyna girizildi. 

Mejlise gatnaşyjylar ýurdumyzyň we UNESKO-nyň ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygynyň netijeli häsiýetini belläp, milli we umumydünýä gymmatlyklaryny goramagyň, medeni-ynsanperwer gatnaşyklaryň esasynda gyzyklanma bildirýän ýurtlar bilen işjeň hyzmatdaşlygyň hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň alyp barýan syýasatynyň esasy ugry bolup durýandygyny nygtadylar.

Şeýle hem mejlisiň barşynda Aşgabat şäherini UNESKO guramasynyň Şäherleriň döredijilk toruna girizmek bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Munuň özi medeni gatnaşyklary has-da pugtalandyrmaga, öz çäklerini durnukly ösdürmäge maýa goýmaga taýýar bolan şäherleriň arasyndaky halkara hyzmatdaşlygy ösdürmäge ýardam bermäge gönükdirilendir.

Şu ýyl özüniň 140 ýyllygyny belleýän ak mermerli paýtagtymyzy häzir Merkezi Aziýanyň merjeni diýip mynasyp atlandyrýarlar. Aşgabat sebitiň iri işewür, medeni we sport merkezi bolup, depginli ösýän şäheriň—geljegiň şäheriniň ajaýyp nusgasyny özünde jemleýär. Bu ýerde gözellik we amatlylyk, binagärligiň we inženerçilik-tehniki pikiriň öňdebaryjy gazananlary hem-de milli binagärçiligiň gadymy däpleri sazlaşykly utgaşýar diýip, milli Liderimih Gurbanguly Berdimuhamedow belleýär. 

Şunuň bilen birhatarda, mejlisiň dowamynda ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde UNESKO-nyň kafedralaryny döretmek hem-de UNESKO-nyň mekdepler assosiasiýasyna ýurdumyzyň umumybilim berýän orta mekdepleriniň käbirlerini girizmek boýunça görlen çäreler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Döwlet Baştutanymyzyň kesgitlän wezipeleri bilen baglylykda, “Türkmenistan– parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” diýen şygar astynda geçýän 2021-nji ýylda Toparyň iş meýilnamasy bellenildi. 

Häzirki wagtda UNESKO-nyň sekretariaty tarapyndan dutar ýasamak senetçiligini, dutar çalmagyň ýerine ýetirijilik saz sungatyny we bagşyçylyk sungatyny maddy däl medeni mirasyň sanawyna girizmek boýunça işler bellige alyndy. Bu meselelere UNESKO-nyň adamzadyň maddy däl medeni mirasy boýunça Hökümetara toparynyň 2021-nji ýylyň aýagynda geçiriljek mejlisinde garamak göz öňünde tutulýar.

Ýokarda ady agzalan gurama bilen gatnaşyklaryň çäklerinde, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça UNESKO-nyň halkara kadalaryna laýyklykda, Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna halkymyzyň milli gymmatlyklary bolan ahalteke bedewlerini seýislemek we türkmen alabaýlaryny köpeltmek sungatyny girizmäge taýýarlamak boýunça işler alnyp barylýar. 

UNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň milli toparynyň mejlisiniň dowamynda guramaçylyk we beýleki meseleler hem ara alnyp maslahatlaşyldy.