Ï Daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen nobatdaky wideoduşuşyklar
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen nobatdaky wideoduşuşyklar

view-icon 1453

Şu gün sanly wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly Türkmenistanyň we Oman Soltanlygynyň daşary işler ministrlikleriniň arasynda ministrler derejesinde geňeşmeler geçirildi. Duşuşyga Oman Soltanlygynyň Daşary işler ministri Saýýid Badr bin Hamad bin Hamud Al-Busaidi gatnaşdy.

Gepleşikleriň barşynda syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlaryndaky ikitaraplaýyn gatnaşyklara degişli meseleleriň giň toplumy ara alnyp maslahatlaşyldy. Iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklaryň ilerledilmeginde ýokary derejedäki özara hereketleriň ähmiýeti bellenildi. 

Ministrler daşary syýasat edaralarynyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň netijeliligini belläp, sebit we halkara düzümleriniň çäklerindäki gatnaşyklaryň hem-de hyzmatdaşlygyň möhümdigini nygtadylar. 

Taraplar parahatçylygyň, durnuklylygyň we ykdysady ösüşiň saklanylmagy ugrunda garaýyşlarynyň birmeňzeşligini tassykladylar. Muňa iki ýurduň BMG-niň, YHG-nyň we beýleki abraýly guramalaryň çäklerindäki özara hereketleri hem şaýatlyk edýär. 

Ulag ulgamyndaky hyzmatdaşlyga aýratyn üns berildi. Diplomatlar ýurtlaryň ikisiniň hem özboluşly geografiki ýerleşişiniň bardygyny we Demirgazyk-Günorta hem-de Gündogar-Günbatar ugurlary boýunça halkara ulag-üstaşyr geçelgeleriniň döredilmeginiň möhüm çatrygy bolup durýandyklaryny belläp geçdiler. 

Bu ugurda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başyny başlan Özbegistan-Türkmenistan-Eýran-Oman halkara ulag-üstaşyr geçelgesini döretmek hakynda Ylalaşyk hyzmatdaşlygyň görnetin mysallarynyň biri bolup durýar. Taraplar bu gatnaşyklaryň ýurtlaryň arasyndaky özara hereketleriň pugtalandyrylmagy we sebitleýin integrasiýa üçin aýratyn derwaýyslygy barada hem durup geçdiler.

Diplomatlar ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň hukuk binýadynyň ösdürilmeginiň zerurlygyny nygtadylar. Resminamalaryň taslamalarynyň häzirki ýagdaýyna seredilip geçildi. 

Duşuşygyň barşynda iki ýurduň Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki Hökümetara toparynyň döredilmegine gyzyklanma bildirýändigi aýdyldy, çünki ol söwda gatnaşyklarynyň, şol sanda nebitgaz, himiýa, dokma senagaty, oba hojalygy we beýleki ugurlardaky hyzmatdaşlygyň işjeňleşdirilmegine oňyn itergi berer. 

Taraplar häzirki ýagdaýlary nazara almak bilen, bilim we medeniýet ugurlary boýunça gatnaşyklary ösdürmegiň derwaýyslygyny nygtadylar hem-de saglygy goraýyş ulgamynda hyzmatdaşlygy giňeltmegiň we tejribeleri alyşmagyň mümkinçiliklerine seretdiler.

***

Şu gün Medeniýet ministrliginde onlaýn görnüşde UNESKO-nyň Klaster edarasynyň (Tähran) wekilleri bilen iş duşuşygy geçirildi. 

Gün tertibine UNESKO-nyň adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna hödürlemek üçin bilelikdäki teklipleri taýýarlamak bilen bagly meseleler girizildi. Hususan-da, gözbaşyny asyrlaryň jümmüşinden alyp gaýdýan türkmeniň “Keşdeçilik sungaty” atly köp görnüşli hödürnamany taýýarlamak barada meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. 

Duşuşyga gatnaşyjylar pikir alyşmalaryň dowamynda türkmen halkynyň gadymdan gelýän medeni gymmatlyklaryny, şol sanda keşdeçilik sungatyny aýawly saklamakde UNESKO-nyň çäklerinde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň alyp barýan köptaraplaýyn hyzmatdaşlyk syýasatynyň aýratyn ähmiýetini bellediler.

Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň ynsanperwer goşulyşmany goldap, medeni gatnaşyklaryň ösdürilmegini ugur edinýän medeniýet ulgamyndaky ähmiýetli başlangyçlary we taslamalary işjeň ilerledýändigi we iş ýüzünde amala aşyrýandygy bellenildi.

Keşdeçilik sungaty milli medeni mirasyň aýrylmaz bölegi bolup, türkmen halkynyň däpleriniň özboluşlylygyny şöhlelendirýär. Bu sungatyň dünýä üçin ähmiýetiniň ykrar edilmegi ony aýawly saklamaga ýardam edip, halklaryň medeni gatnaşyklaryny has-da berkider.

Ýeri gelende aýtsak, 30-njy ýanwarda milli Liderimiziň tabşyrygy boýunça UNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň milli toparynyň ikinji mejlisi geçirildi. Onda ýurdumyzyň taryhy we medeni ýadygärliklerini UNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizmek, şeýle hem UNESKO bilen özara gatnaşyklary giňeltmek baradaky meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.