Ï Ramsar konwensiýasyna – bioköpdürlüligi saklap galmagyň hatyrasyna halkara hyzmatdaşlygyna ýarym asyr
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Ramsar konwensiýasyna – bioköpdürlüligi saklap galmagyň hatyrasyna halkara hyzmatdaşlygyna ýarym asyr

view-icon 1845

Ramsar konwensiýasy –esasan suwda ýüzýän guşlaryň ýaşaýan ýeri hökmünde halkara ähmiýetli suwly-batgalyk ýerler (Convention on Wetlands) hakda konwensiýa  elli ýyl mundan ozal – 1971-nji ýylyň 2-nji fewralynda kabul edilipdi. 2016-njy ýylda Merkezi Aziýa Ramsar Sebit Başlangyjy (MA-RSB) döredildi.

Ramsar konwensiýasynyň gözbaşynda    baryp geçen asyryň 60-njy ýyllarynda suwda ýüzýän guşlaryň suwly-batgalyk ýerleriň çalt depginlerde  hapalanýandygyna, guramagyna we zaýalanmagyna aladalanan ornitologlar we ekologlar  durupdylar.

Suwda ýüzýän guşlaryň ýaşaýan ýerlerini goramak babatda halkara şertnamalaryna gatnaşyjylaryň işiniň esasynda haýsy ýörelgeleriň we wezipeleriň durýandygy barada  Ramsar Merkezi Aziýada sebit başlangyjynyň Untgaşdyryjy komitetiniň Başlygy professor E.A. Rustamow şeýle gürrüň berýär.

--Ýarym asyrlyk ýubileýini belleýän Ramsar  konwensiýasy suwly-batgalyk peýdalanylýan ýerleri hem-de olaryň serişdelerini saklap galmak we olardan oýlanşykly peýdallanmak maksady bilen milli hereketleriň hem-de halkara hyzmatdaşlygynyň esasyny üpjün  edýär.  Baryp 1962-nji ýylyň noýabrynda MAR ( iňlis, fransuz we ispan dillerinde «batga» many berýän “MARshes", "MARécages", "MARismas") Halkara ylmy maslahatynda şeýle şertnamanyň zerurlygy beýan edilipdi. Maslahat ajaýyp ornitolog Lýuk Hoffmanyň başlangyjy, Tebigaty  goramak halkara birleşiginiň (IUCN), Suwly-batgalyk ýerleri we suwda ýüzýän guşlary öwrenýän halkara býurosynyň (IWRB, häzirki  Wetlands International) we Guşlary goramak boýunça halkara geňeşiniň (ICBP, häzirki BirdLife International) ýardam bermeginde geçirilipdi.

Soňky ýyllarda Konwensiýasynyň teksti halkara maslahatlarynda we tehniki duşuşyklarda ara alnyp maslahatlaşyldy. 1971-nji ýylyň 2-nji fewralynda  Hazar deňziniň günorta kenaryndaky Ramsar şäherindäki Halkara duşuşykda Konwensiýa 18 döwlet gol çekdi. 2000-nji ýylda oňa 119, 2020-nji ýylda bolsa 171 ýurt gol çekdi.  Häzirki wagtda halkara ähmiýetli Ramsar sanawynda umumy meýdany  228930640 gektar bolan suwly-batgalyk ýerleriň 2391-si bar. Merkezi Aziýa ýurtlarynda şeýle ýerleriň häzirlikçe 22-si bolup, olar 4750089 gektar meýdany tutuýar.

Ilkibada  Konwensiýa «Esasan suwda ýüzýän guşlaryň ýaşaýan ýerleri hökmünde halkara ähmiýetli  suwly-batgalyk ýerleri goramak hakynda konwensiýa» diýilýärdi we ol goragly ýerler merkezini döretmek arkaly guşlary goramaga gönükdirilendi. Ýöne wagtyň geçmegi bilen, Konwensiýa kämilleşdigiçe suwly-batgalyk ýerleri toplumlaýyn goramak wezipesi öňe çykdy.  Onuň häzirki ady -- «Suwly-batgalyk ýerler barada konwensiýa». Ol  tebigy serişdeleri goramak we olardan durnukly peýdalanmak  babatda häzirkizaman ählumumy hökümetara şertnamalarynyň ilkinjisidir.

Konwensiýa 1975-nji ýylyň dekabrynda güýje girdi. 1996-njy ýylda -- 2-nji fewral Suwly-batgalyk ýerleriň Bütindünýä güni diýlip yglan edildi we ol şondan soňky ýyldan başlap,  tutuş dünýäde her ýyl geçirilýän çärä öwrüldi.

 Konwensiýanyň baş wezipesi suwly-batgalyk ýerleriň saklanyp  galmagyndan, oýlanşykly ulanylmagyndan, dikeldilmeginden, onuň peýdasynyň bolsa tutuş dünýäde ykrar edilmeginden we gadyry bilinmeginden ybaratdyr.

2005-nji ýyldan başlap Ramsar konwensiýasynyň düzüminde Sebit Başlangyçlarynyň 19-sy döredildi.

Ramsar Merkezi Aziýada sebit başlangyjy (MA-RSB) olaryň iň ýaşlarynyň biridir. Maslahatda Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň we Türkmenistanyň başlangyja girmegi barada karar kabul edildi, biraz soňrak başlangyja Özbegistan hem goşuldy. Başlagyjy  MA-RSB-nyň Utgaşdyryjy Komiteti dolandyrýar, onuň düzümine  Ramsar konwesiýasynyň utgaşdyryjylary (focal points), sebitiň esasy ornitologlary we ekologlary hem-de suwly-batgalyk ýerleri we suwda ýüzýän duşlary öwrenýän bilermenler, şeýle hem Konwensiýanyň guramalarynyň-hyzmatdaşlarynyň (IUCN, WWF) synçylary girdiler. MA-RSB-nyň Utgaşdyryjy Komiteti Başlyklygyna jemgyýetçilik esaslarynda Türkmenistanyň wekili E.A.Rustamow saýlanyldy.

Soňky ýyllarda MA-RSB sebitiň ýurtlaryna Ramsar konwensiýasy boýunça  öz borçlaryny ýerine ýetirmegine kömek eden, hümärmenleri, höwesekleri we bu meselä biparh garamaýanlaryň   ählisini, tutuş sebitde arassa howdanlaryň saklanyp galmagyna gyzyklanýan  bir bileleşige  birleşdiren wajyp taslamalaryň birnäçesini taýýarlady.  Yssy howa şertlerinde ýerli  bileleşikleriň suw çeşmelerini goraýşy we olary  dolandyryşy barada maglumatlar toplandy.  Has netijeli işler alnyp barylýan iki ýerde – Gyrgyzystanda Yssykkölde we Gazagystanda Korgalžyn köller ulgamynda olaryň tejribesini Merkezi Aziýanyň beýleki ýurtlarynyň hünärmenleri üçin ýaýratmak boýunça treningler geçirildi. Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Türkmenistanyň we Özbegistanyň saýlanan suwly-batgalyk ýerlerine ekspres-baha bermek boýunça taslama ýerine ýetirildi. Ýurtlaryň ählisi Ramsar sanawyna täze ýerleri goşmak üçin ylmy beýanlary taýýarladylar.

Türkmenistanda 1975-nji ýylda  guşlaryň  halkara ähmiýetli ýaşaýan ýerleri hökmünde we  1992-nji ýyla çenli bolan Ramsar sanawyna teklip edilen ýedi ýerden häzirki wagtda diňe biri – Türkmenbaşy aýlagy teklip edildi. Ramsar sanawyna goşmak göz öňünde tutulýanlardan – Altyn asyr köli, Altyn köl, Kelif-Zeýit suwly-batgalyk ulgam we beýlekiler bar.

Soňky on ýylda Türkmenistanda Ramsar kownensiýasynyň talaplaryny ýerine ýetirmek boýunça Iş toparynyň bilermenleri Ramsar konwensiýasynyň ölçeglerine laýyk gelýän suwly-batgalyk ýerleriň ählsini barladylar. Häzirki wagtda bilermenler   diňe bir Altyn köl boýunça däl, eýsem Türkmenbaşy aýlagy, Altyn asyr, Soltandag-Gyzylburun we Ýerajy-Ketdeşor kölleri boýunça-da teklipnama maglumatlaryny taýýarlaýarlar.  Sarygamyş köli, Howuzhan, Saryýazy, Sotansanjar-Düýeboýun suw howdanlaryna-da garamak göz öňünde tutulýar.  Kelif kölleri bilen Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 15 ýyllygy (ozalky Zeýit)  howdanyna aýratyn üns berilýär, bu ýerde ýabany tebigaty goramak boýunça Bütindünýä gaznasynyň taslamasynyň çäklerinde ekoulgamlar öwrenilýär. Sebäbi Kelif köllerini gyrmança güýçli  basdy we olar suwda ýüzýän guşlaryň onlarça müňüsi üçin gyşlamaga amatly ýer ähmiýetini ýitirdi. Şonuň üçinem çäkleri baryp 1970-nji ýylda kesgitlenen Kelif ornitologik goraghanasynyň ýerini täzeden bellemegi delillendirmek gerek.

Ramsar konwensiýasynyň Taraplarynyň 13-nji Maslahatynda (COP-13, 2018-nji ýylyň oktýabry, BAE, Dubaý) Merkezi Aziýa ýurtlary ilkinji gezek öz sebitiniň suwly-batgalyk ýerlerini saklap galmak meseleleri boýunça «Merkezi Aziýanyň suwly-batgalyk ýerlerini saklap galmak: wehimler, howplar we mümkinçilikler» atly çäre geçirdiler. Oňa gatnaşanlar şeýle meseleleri çözmek babatda öz tejribelerini paýlaşdylar we hyzmatdaşlyk hem-de sebit  taslamalaryny durmuşa geçirmek üçin mümkingadar  çözgütleri teklip etdiler.

Ramsar konwensiýasynyň çäklerinde Afrika-Ýewraziýa suwly-batgalyk ýerleriniň ötegçi guşlaryny goramak boýunça Ylalaşyga (AEWA) gatnaşýan ýurtlar Merkezi Aziýanyň suwly ýerlerini saklap galmak we durnukly ulanmak boýunça  iri taslamalary işläp taýýarlamak üçin teklipleri işläp taýýarlamaga gyzyklanma bildirýärler, Türkmenistan bu ylalaşyga 2020-nji ýylda goşuldy.  Guşlaryň ýaşaýan, şol sanda  soňky on ýyllyklarda çöl ýerlerde köpsanly dürli howdanlar dörän Türkmenistanda hem  ýerleri saklamak we ulanmak ulgamynda bar bolan talaplar baradaky maglumatlar  AEWA-nyň degişli taslamalaryny ýerine ýetirmek üçin esas bolmalydyr.   

Merkezi Aziýanyň suw serişdeleri – esasy ekologik, ykdysady, ahyrky netijede syýasy ýagdaýdyr. Sebitiň ýurtlarynyň tebigaty goramak syýasatyny guşlaryň ýaşaýan ýerlerini barlamagy we olara gözegçilik etmegi düýpli güýçlendirmäge  gönükdirmeli. Bu ugurda ýerleri we olaryň komponentlerini durnukly dolandyrmaga zerur serişdeleri çekmek boýunça hyzmatdaşlyk ýollaryny ulanmak gerek, şunda MA-RSB meseleleriň ençemesini çözmek üçin degerli gural bolup biler.

 Wladimir KOMAROW