Ï Türkmenistanyň Prezidenti oba hojalyk toplumyny ösdürmek boýunça iş maslahatyny geçirdi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Prezidenti oba hojalyk toplumyny ösdürmek boýunça iş maslahatyny geçirdi

view-icon 7803

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň käbir orunbasarlarynyň, degişli ministrlikleriň hem-de pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylarynyň we ugurdaş ýokary okuw mekdepleriniň rektorlarynyň gatnaşmagynda oba hojalygyny ösdürmek boýunça sanly wideoaragatnaşyk arkaly iş maslahatyny geçirdi.

Döwlet Baştutanymyz iş maslahatyny açyp, ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda geçen ýyl alnyp barlan işleriň netijelerine serediljekdigini bellemek bilen, agrosenagat toplumynyň döwletimiziň ykdysadyýetiniň esasy pudaklaryndan biridigini nygtady. Şoňa görä-de, biziň bu ugurda gazanýan üstünliklerimiz, ýurdumyzda azyk bolçulygyny we halkymyzyň bagtyýar durmuşyny üpjün etmek köp derejede bu pudagyň netijeli ösdürilmegine baglydyr.

Häzirki wagtda döwletimiziň oba hojalyk pudagyny ösdürmäge köp möçberde maýa goýumlaryny goýýandygyna garamazdan, gynansak-da, heniz pudakda kemçilikler we ulanylmaýan mümkinçilikler köp diýip, hormatly Prezidentimiz belledi.

Şulardan ugur alnyp, şu günki iş maslahatynyň dowamynda pudagyň netijeli dolandyrylyşyny ýokarlandyrmak, ony ösdürmegiň gazanylan depginini saklamak, ýer we suw serişdeleriniň netijeli ulanylmagy, şu ýyl ähli döwlet maksatnamalaýyn borçnamalaryny üstünlikli ýerine ýetirmek üçin pudakda amala aşyrylýan özgertmeleriň depginini güýçlendirmek baradaky meseleler ara alnyp maslahatlaşylar diýip, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy.

Hormatly Prezidentimiz sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçirilýän iş maslahatynyň gün tertibine geçip, ilki bilen oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministri M.Baýramdurdyýewe söz berdi. Ministr pudagy ösdürmek, onuň maddy-enjamlaýyn binýadyny has-da pugtalandyrmak boýunça görülýän çäreler barada hasabat berdi.

Hasabat döwründe ministrlik boýunça önümçilik meýilnamasy 113,7 göterim, şol sanda pagta süýümini öndürmegiň meýilnamasy 103,2 göterim, ösümlik ýagy, şeker we un öndürmegiň meýilnamasy 100 göterim, çörek we çörek önümleri boýunça meýilnama 151,4 göterim, et önümleri boýunça meýilnama 102,2 göterim, süýt we süýt önümleri boýunça meýilnama 102,1 göterim berjaý edildi.

Şeýle hem ministrlik tarapyndan önümçilik kärhanalarynyň kuwwatlyklaryny netijeli ulanmak arkaly ýokary hilli azyk önümlerini öndürmek, olary talabalaýyk saklamak hem-de bu önümler bilen içerki sarp edijilerimizi üpjün etmek boýunça zerur işler geçirilýär.

Pudagyň ylmy-barlag edaralarynyň hünärmenleri, ýurdumyzda maldarçylygy ösdürmek, öri meýdanlaryny peýdalanmaga we kärendesine bermek, bu işlere hususy önüm öndürijileri giňden çekmek maksady bilen, welaýatlaryň häkimlikleri bilen bilelikde degişli işleri geçirýärler.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, obasenagat toplumynda geçirilýän işlerde kemçiliklere ýol berilýändigine nägilelik bildirip, oba hojalygyny ösdürmegiň ýokary depginini saklamagyň esasy wezipeleriň biridigine ünsi çekdi we bu babatda degişli tabşyryklary berdi.

Döwlet Baştutanymyz döwletimiziň oba hojalyk önümleriniň öndürilýän möçberini artdyrmak hem-de ilatymyzyň zerur azyk harytlaryna islegini doly derejede kanagatlandyrmak maksady bilen, oba hojalyk pudagyna hemmetaraplaýyn goldaw bermegi dowam etdirjekdigini aýdyp, bu babatda ministre degişli tabşyryklary berdi.

Soňra Suw hojalygy baradaky döwlet komitetiniň başlygy G.Baýjanow pudagy ösdürmek, onuň maddy-enjamlaýyn binýadyny berkitmek we suw üpjünçiligini gowulandyrmak boýunça geçirilýän işler barada hasabat berdi.

Suw hojalygy baradaky döwlet komiteti boýunça 2020-nji ýylda önümçilik meýilnamasy 104,5 göterim hem-de potrat işleri boýunça meýilnama 114,7 göterim ýerine ýetirildi.

Häzirki wagtda ýurdumyzyň welaýatlarynda goşmaça suw gorlaryny toplamak maksady bilen täze suw howdanlaryny gurmak hem-de bar bolanlarynyň göwrümini giňeltmek boýunça maksatnamalaýyn işler alnyp barylýar.

«Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019–2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynyň» çäklerinde ýurdumyzda suw serişdelerini tygşytly peýdalanmak, goşmaça suw gorlaryny döretmek, ýerleriň şorlaşmagynyň öňüni almak we ekerançylyk ýerleriniň melioratiw ýagdaýyny gowulandyrmak maksady bilen degişli işler alnyp barylýar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, suw hojalygy pudagynda alnyp barylýan işleriň ýagdaýyna nägilelik bildirdi hem-de suw gorlaryny aýawly saklamagyň we peýdalanmagyň döwlet syýasatynyň esasy ugurlarynyň biridigini belledi. Munuň özi obasenagat toplumyny sazlaşykly ösdürmegiň, daşky gurşawy goramagyň wezipelerini çözmek bilen gös-göni baglydyr.

Döwlet Baştutanymyz ekinleri suw bilen zerur möçberde üpjün etmek boýunça wezipeler ýerine ýetirilende, satyn alynýan kuwwatly tehnikalary netijeli ulanmagyň möhüm ähmiýetini belledi hem-de pudagyň ýolbaşçysyna degişli tabşyryklary berdi.

Soňra “Türkmen atlary” döwlet birleşiginiň baş direktory A.Berdiýew 2020-nji ýylda ýerine ýetirilen işler barada hasabat berdi.

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe asyrlaryň dowamynda türkmen topragynda kemala gelen behişdi bedewlerimiziň dünýädäki şan-şöhratyny has-da belende galdyrmak boýunça eziz Diýarymyzda giň gerimli işler durmuşa geçirilýär.

Ýurdumyzda atçylyk pudagyny ösdürmek maksady bilen, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça dünýä ölçeglerine kybap gelýän döwrebap atçylyk sport toplumlary gurlup, ulanylmaga berilýär.

Şonuň bilen birlikde, bu ugurda ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamak we atçylygy ylmy esasda ösdürmek boýunça döwrebap enjamlar bilen enjamlaşdyrylan ylmy-barlag edaralary döredilýär hem-de atşynaslarymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertleri has-da gowulandyrylýar.

Döwlet birleşiginiň garamagyndaky atçylyk toplumlarynda hem-de athanalarynda saklanylýan atlaryň baş sanyny köpeltmek we olary talabalaýyk idetmek boýunça degişli işler geçirilýär. Şonuň bilen birlikde, idedilýän atlary zerur ot-iýmler bilen üpjün etmek maksady bilen, Döwlet birleşigine degişli ekerançylyk meýdanlarynda ot-iýmlik ekinlerini ösdürip ýetişdirmek boýunça degişli işler alnyp barylýar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, hakyky gözelligiň we kämilligiň nusgasy diýlip ykrar edilen ýyndam ahalteke bedewlerimiziň Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe eziz Watanymyzyň okgunly ösüşiniň baş nyşanyna öwrülendigini belledi.

Hormatly Prezidentimiz atçylyk pudagyny ösdürmek boýunça geçirilýän işlere hem-de tohum atlaryň baş sanyny artdyrmak boýunça görülýän çärelere nägilelik bildirip, “Türkmen atlary” döwlet birleşiginiň ýolbaşçysyna alnyp barylýan ylmy-seçgi işlerini kämilleşdirmek babatda birnäçe anyk görkezmeler berildi.

“Türkmen atlary” döwlet birleşiginiň maddy-enjamlaýyn binýadyny

has-da pugtalandyrmak, seçgi- tohumçylygyny kämilleşdirmek, atlary zerur iýmler bilen üpjün etmek barada degişli tabşyryklar berildi.

Bu işler Ahalteke atçylyk ylmy merkeziniň işgärleriniň gatnaşmagynda ylmy esasda guralmalydyr diýipmilli Liderimiz Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň rektory D.Myradowa şu ýokary okuw mekdebindäki weterinatriýa fakultetiniň alymlarynyň hem bu işe işjeň goşulmagy barada tabşyryk berdi.

Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow sözüni dowam edip, dagyň hoştap howasy, onuň eteginden akyp geçýän arassa çeşme suwy bilen kemala gelen ahalteke bedewleriniň sagdynlygy we kaddy-kamatynyň gözelligi babatda deňi-taýynyň ýokdugyny nygtady. Şeýle aýratynlyklary bilen, bu bedewleri has-da kämilleşdirmek esasy wezipeleriň biridir diýip, milli Liderimiz aýtdy.

Muňa mysal hökmünde gadymy döwürlerden bäri halkymyzyň buýsanjyna öwrülen we dünýäde meşhur bolan ahalteke bedewleriniň ösüp-örňän mekanynda ynsan gylykly bedewler üçin hem binalaryň gurulmagynyň meýilleşdirilýändigini bellemek bolar.

Şöhratly ahalteke bedewleriniň taryhy watany hökmünde meşhur bolan Ahal welaýatynyň täze dolandyryş merkezinde türgenleşik meýdançalary, manežleri we athanalary bolan Halkara atçylyk ýokary okuw mekdebi, Atçylyk ylmy-önümçilik merkezi gurulýar.

Bu desgalar golaýda ýerleşen Halkara atçylyk sport toplumy bilen bilelikde tutuş ulgamy emele getirer, bu bolsa, pudagy täze, dünýä derejesine çykarmaga mümkinçilik berer.

Milli Liderimiz häzirki wagtda ahalteke bedewleriniň 20-ä golaý reňk öwüşginleriniň bardygyna aýratyn ünsi çekdi. Olaryň her biri hem öz gözelligi bilen haýran galdyrýar. Munuň özi atlaryň tapawutly genetikasy bilen başglanyşyklydyr. Bu işi has-da kämilleşdirmek maksady bilen, hormatly Prezidentimiz okuw-usulyýet we ylmy-barlag işleri boýunça meýilnamany işläp taýýarlamagyň möhümdigini belledi.

Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow häzirki wagtda atçylygyň birnäçe sport görnüşleriniň, şol sanda at çapyşyklarynyň, konkur, marafon ýaryşlarynyň giňden ýaýrandygyny hem-de “Galkynyş” milli at üstündäki oýunlar toparynyň, atly ýöriş mekdebiniň bardygyny belledi.

Hormatly Prezidentimiz bular barada aýdyp, ahalteke bedewleriniň tapawutly aýratynlyklaryny has-da ýüze çykarmaga hem-de gazanýan ýokary görkezijilerini ýokarlandyrmaga gönükdirilen şeýle ýaryşlaryň geçirilişiniň gerimini giňeltmek boýunça işleri dowam etmegi tabşyrdy.

Atçylyk ulgamyny has-da ösdürmek ugrunda zerur pugta binýat döredildi. Bu ugurdaky işler ylym bilen aýakdaş gitmelidir diýip, milli Liderimiz aýtdy.

Şeýle hem döwlet Baştutanymyz şu ýyl Mary welaýatynda geçiriljek Türkmen bedewiniň milli baýramyna hemmetaraplaýyn we ýokary guramaçylyk derejesinde taýýarlyk görmek barada degişli tabşyryklary berdi.

Maslahatyň barşynda hormatly Prezidentimiz welaýatlaryň häkimleriniň hasabatlaryny diňledi. Ilki bilen Ahal welaýatynyň häkimi Ý. Gurbanow sebitde işleriň ýagdaýy, ekerançylyk ýerlerinde geçirilýän möwsümleýin işler, şol sanda ýazky gowaçanyň, gök önümleriň, ýeralmanyň we soganyň ekişine toplumlaýyn taýýarlyk görlüşi barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, oba hojalyk tehnikalaryny we beýleki gurallary, ýerleri ekişe taýýarlamak, şeýle hem degişli agrotehniki çäreleri öz wagtynda geçirmek, şol sanda ýerleri sürmek we tekizlemek işlerine ünsi çekdi.

Döwlet Baştutanymyz güýzlük bugdaýa ideg etmek, hususan-da olary mineral döküleri bilen iýmitlendirmek, ösüş suwuny bermek boýunça işleriň depginini güýçlendirmek barada görkezme berdi.

Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, ýeralmanyň, soganyň we gök-bakjanyň ekişiniň bellenen agrotehniki möhletlerde geçirilmegi berk gözegçilikde saklanylmalydyr.

Soňra Balkan welaýatynyň häkimi T.Atahallyýew obasenagat toplumynda alnyp barylýan işler, güýzlük bugdaýa ideg edilişi, gowaça, ýeralma we sogan ekmek üçin bölünip berlen ýerleri tekizlemek we sürmek, ekiş möwsümine oba hojalyk tehnikalaryny we enjamlaryny , tohum taýýarlamak bilen birlikde, möwsümleýin agrotehniki çäreleri geçirmek boýunça görülýän işler barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ekerançylyk hojalyklarynda alnyp barylýan ähli işleriň döwrüň talabyna laýyk gelmelidigini nygtady.

Hususan-da, gowaça ekmek üçin bölünip berlen ýerleri ekişe taýýarlamak, şol ýerleri öz wagtynda sürmek we tekizlemek, oba hojalyk tehnikalary we gurallary abatlamak hem-de maýsalara ösüş suwuny tutmak we olary mineral dökünler bilen iýmitlendirmek boýunça tabşyryklar berildi.

Hormatly Prezidentimiz ýeralmanyň, soganyň we gök-bakja önümleriniň hasyllylygyny artdyrmak baradaky meselä ünsi çekip, olaryň ekişiniň bellenilen agrotehniki möhletlere pugta laýyklykda ýokary hilli geçirilmegini üpjün etmek boýunça häkime anyk görkezmeleri berdi.

Soňra Daşoguz welaýatynyň häkimi N.Nazarmyradow welaýatda 2020-nji ýylda alnyp barlan işleriň netijeleri hem-de şu ýyl geçiriljek çäreleriň meýilnamasy barada hasabat berdi.

Häzirki wagtda welaýatda agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ekinlere ideg etmek, mineral dökünler bilen iýmitlendirmek hem-de ösüş suwuny tutmaga taýýarlyk işleri alnyp barylýar.

Oba hojalyk tehnikalary we gurallary ekişiň guramaçylykly geçirilmegine doly taýýar edildi. Ýeralmanyň, gök-bakja we beýleki azyklyk ekinleriň ekilýän meýdanlaryny giňeltmek maksady bilen, bu ekinleriň ekiljek ýerleri kesgitlenip, zerur bolan tohumlary hem-de meýdanlary ekişe taýýarlamak işleri alnyp barylýar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, depginli zähmet çekmegi dowam etmek bilen, öňde goýlan wezipeleri mundan beýläk-de doly berjaý etmegiň möhümdigini aýtdy. Döwlet Baştutanymyz öňde durýan wezipeleri kesgitläp, Daşoguz welaýatynyň toprak-howa şertlerine laýyk gelýän ekinleriň görnüşlerini döretmekde, welaýatyň ylmy edaralary bilen degişli işleri alyp barmagy ýola goýmagy tabşyrdy.

Milli Liderimiz Aral meselesine ünsi çekip, onuň ýaramaz täsirleriniň öňüni almagyň ilkinji nobatdaky wezipeleriň biridigini nygtady. Bu mesele Merkezi Aziýanyň çäginden hem çykýar, ony çözmek üçin ähli tagallalar edilýär, halkara guramalary, ilkinji nobatda bolsa, BMG bilen işjeň hyzmatdaşlyk etmekde ulgamlaýyn döwletara gatnaşyklary ýola goýulýar.

Mälim bolşy ýaly, bu ugurda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda alnyp barylýan yzygiderli işler dünýä jemgyýetçiliginiň giň goldawyna eýe bolýar. Türkmenistan tarapyndan başy başlanyp, BMG tarapyndan “Birleşen Milletler Guramasy bilen Araly halas etmegiň Halkara gaznasynyň arasynda hyzmatdaşlyk” diýen kararnamanyň biragyzdan kabul edilmegi munuň aýdyň subutnamasydyr.

Hormatly Prezidentimiz Aral meselesi boýunça ylmy-amaly işleri dowam etmegi hemişe üns merkezinde saklamagyň zerurdygyny belläp, bu babatda iş maslahatyna gatnaşýan degişli ýolbaşçylara anyk tabşyryklary berdi.

Döwlet Baştutanymyz şüdügär sürüminde ulanylýan pluglaryň berk bolmagyny gazanmak üçin ýeriň dykyzlygyna laýyklykda taýýarlanylmagynyň wajypdygyny belledi. Şoňa görä-de, milli Liderimiz bu ugurda ugurdaş ýokary okuw mekdepleriniň alymlarynyň ylmy taýdan esaslandyrmalarynyň zerurdygyna ünsi çekip, rektorlara anyk tabşyryklary berdi.

Iş maslahaty Lebap welaýatynyň häkimi Ş.Amangeldiýewiň hasabaty bilen dowam etdi. Häkim milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa geçen ýyl tehniki-ykdysady görkezijilerde gazanylan netijeler hem-de şu ýyl geçiriljek işleriň meýilnamasy barada hasabat berdi.

Hasabatyň çäklerinde geçen ýyl welaýatyň etraplary boýunça bugdaýyň, pagtanyň, şalynyň, ýeralmanyň we gök-bakja ekinleriniň bereketli hasylynyň ösdürilip ýetişdirilendigi habar berildi.

Şu ýylyň pagta hasyly üçin gowaça ekiljek meýdanda sürüm, tekizlemek hem-de ýuwuş suwuny tutmak işleri geçirilýär. Gowaça ekişinde işlediljek tehnikalar, ulanyljak oba hojalyk gurallary abatlanyp möwsüme taýýar edildi. Gowaça ekişi üçin gerek bolan ýokary hilli tohumlary möwsüme taýýarlamak boýunça degişli işler alnyp barylýar.

Mundan başga-da, ilaty ýurdumyzda öndürilýän ýokary hilli azyk önümleri bilen bolelin üpjün etmek barada döwlet Baştutanymyzyň beren tabşyryklaryna laýyklykda, welaýatda ýeralma we gök-bakja ekinlerini ekmek işleriniň agrotehniki möhletlerde alnyp barylýandygy, mallaryň baş sanyny köpeltmek we olardan alynýan önümleriň möçberlerini artdyrmak boýunça işleriň geçirilýändigi barada habar berildi.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, welaýatda gazanylan görkezijileri has-da artdyrmak üçin mundan beýläk-de gaýratly zähmet çekmelidigini belledi. Öňde goýlan wezipeleri ýerine ýetirmek bilen, Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllyk baýramyna zähmet sowgatlary bilen gelmek Lebap welaýatynyň ýaşaýjylarynyň esasy maksadyna öwrülmelidir diýip, milli Liderimiz aýtdy we şunuň bilen baglylykda, birnäçe tabşyryklary berdi.

Mary welaýatynyň häkimi D.Annaberdiýew sebitde alnyp barlan işleriň netijeleri hem-de şu ýyl geçiriljek işleriň meýilnamasy baradaky hasabat bilen çykyş etdi.

Häzirki döwürde bugdaý ekilen meýdanlarda agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ideg işleri -- ösüş suwuny tutmak, mineral dökünler bilen iýmitlendirmek işleri bellenen meýilnamalara laýyklykda alnyp barylýar.

Milli Liderimiz hasabaty diňläp, gazanylan netijeler bilen çäklenmän, mundan beýläk-de öndürijilikli zähmet çekmegi dowam etmegiň zerurdygyny nygtady. Şunuň bilen baglylykda, häkime degişdi tabşyryklary berdi.

Maslahatyň barşynda hormatly Prezidentimiz Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň rektory D.Myradowyň hem-de Türkmen oba hojalyk institutynyň rektory A.Gapurowyň alyp barýan işlerine nägilelik bildirdi.

Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň alymlarynyň oba hojalyk toplumyna goşýan goşandyny artdyrmagyň möhüm wezipeleriň hatarynda durýandygyny aýtdy.

Milli Liderimiz bular barada nygtamak bilen, Türkmenistanda innowasion esasda obasenagat toplumynyň inžener-tehniki taýdan üpjün etmek meseleleriniň çözülýändigini, ýurdumyzyň toprak-howa şertlerine laýyk gelýän iň täze tehnikalaryň satyn alynýandygyny belledi.

Ýer we suw serişdelerini rejeli ulanmak, ekin meýdanlaryny suw bilen üpjün etmek, tohumçylygy ösdürmek meselelerine aýratyn üns berilýär. Öňdebaryjy tehnologiýalar hem-de ylmy işläp taýýarlamalar işjeň ornaşdyrylýar. Olar ata-babalarymyzyň ýerden peýdalanmagyň köp asyrlyk tejribesi bilen birlikde, oba hojalygyny okgunly ösdürmegiň ygtybarly esasy bolup durýar.

Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň oba hojalyk toplumyny ýokary düşewüntli pudaga öwürmek, obasenagat toplumynyň köpugurly kuwwatyny doly peýdalanmak hem-de netijeli häsiýete eýe bolmagyny üpjün etmek üçin önümçilige täzeçil usullaryň, ylmyň we tehnikanyň öňdebaryjy gazananlarynyň, iň oňat dünýä tejribesiniň giňden ornaşdyrylmalygygyny aýratyn nygtady.

Bu wezipeleri amala aşyrmak üçin ýurdumyzyň ekerançylyk meýdanlarynyň hasyllylygyny ýokarlandyrmak, ekologiýa derejesini pugtalandyrmak, tohumçylyk-seçgi işlerini kämilleşdirmek, ýer we suw serişdelerini netijeli peýdalanmak boýunça işler geçirilmelidir.

Bu ugurda hünärmen alymlary ylmy taýdan esaslandyrylan usullary netijeli ulanmak arkaly degişli derejede goşantlaryny goşmalydyr diýip, döwlet Baştutanymyz birnäçe tabşyryklary berdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary E.Orazgeldiýew gözegçilik edýän pudaklarynyň 2020-nji ýylda ýerine ýetiren işleriniň netijeleri, şeýle hem oba hojalygynda ýaýbaňlandyrylan özgertmeleriň barşy hem-de welaýatlarda geçirilýän möwsümleýin meýdan işleri barada hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa hasabat berdi.

Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligi boýunça önüm öndürmek, işleri we hyzmatlary berjaý etmek boýunça meýilnama 113,7 göterim, Suw hojalygy baradaky döwlet komiteti boýunça 104,5 göterim, “Türkmen atlary” döwlet birleşigi boýunça 106,1 göterim ýerine ýetirildi.

Oba hojalyk maksatly ýörite ýer gaznalary yzygiderli döredilýär hem-de olar önüm öndürijilere paýlanyp berilýär.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp hem-de obasenagat toplumyny özgertmäge gönükdirilen döwlet maksatnamalaryny amala aşyrmagyň möhümdigine ünsi çekip, degişli ugurda geçirilýän işleriň depginini güýçlendirmegiň esasy wezipe bolup durýandygyny belledi. Munuň özi oba ilatynyň durmuş şertlerini gowulandyrmaga, ösdürilip ýetişdirilýän oba hojalyk önümleriniň möçberini artdyrmaga ýardam eder.

Milli Liderimiz gazanylan netijelere nägilelik bildirip, degişli ugurda özgertmeleriň barşyna gözegçiligi güýçlendirmegi hem-de obasenagat toplumyny ösüşiň innowasion ýoluna—sanly ulgama yzygiderli geçirmegiň üpjün edilmegini tabşyrdy.

Döwlet Baştutanymyz topragyň hasyllylygyny artdyrmaga, oba hojalyk ekinlerine ideg etmek boýunça zerur agrotehniki çäreleri öz wagtynda geçirmäge mümkinçilik berýän ylmyň gazananlarynyň önümçilige giňden ornaşdyrylmagyna aýratyn ähmiýet berilmelidigini belledi we bu babatda degişli görkezmeleri berdi.

Döwlet Baştutanymyz Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary G.Müşşikowa ýüzlenip, bu pudagyň düşewüntliligini has-da ýokarlandyrmak maksady bilen geçirilýän işleriň has netijeli häsiýete eýe bolmagy üçin onuň durnukly ykdysady ýagdaýynyň saklanylmagyna yzygiderli gözegçilik etmegiň zerurdygyny aýtdy.

Milli Liderimiz obasenagat toplumynyň işini has-da kämilleşdirmek bilen bagly meseleleriň üns merkezinde durmalydygyny belläp, wise-premýere birnäçe anyk görkezmeleri berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow şu günki maslahaty jemlemek bilen, oňa gatnaşyjylaryň oba hojalyk toplumynyň işini gowulandyrmak üçin örän köp we tutanýerli işlemelidigini aýtdy.

Häzirki döwürde toplumyň bar bolan önümçilik kuwwaty doly peýdalanylmalydyr. Ylmyň we tehnologiýalaryň iň soňky gazananlary esasynda önümçilige sanly ulgamlary ornaşdyryp, oba hojalyk toplumynyň önümçilik kärhanalarynda zähmeti guramagyň netijeliligi ýokarlandyrylmalydyr. Bu ýokary okuw mekdepleriniň ýolbaşçylaryna hem degişlidir. Önümçilige daşary ýurt maýa goýumlary has köp çekilmelidir.

Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow wise-premýer E.Orazgeldiýewe oba hojalyk toplumynyň edara-kärhanalarynyň maliýe-ykdysady ýagdaýyny, önümçilik we hojalyk işlerini yzygiderli seljermegi tabşyrdy. Şonuň bilen birlikde, azyk senagaty, oba hojalyk önümlerini gaýtadan işlemek boýunça önümçilikleriň doly kuwwatynda we bökdençsiz işlemegi üpjün edilmelidir.

Oba hojalyk toplumynyň edara-kärhanalarynda çykdajylaryň düzümini seljerip, artykmaç çykdajylary aýyrmaly. Önümiň, ýerine ýetirilýän işleriň özüne düşýän gymmatyny peseltmek boýunça çäreleriň yzygiderli geçirilmegine berk gözegçilik etmeli diýip, milli Liderimiz aýtdy.

Wise-premýere oba hojalyk tehnikalaryny, gurallaryny we enjamlaryny hususy bölegiň we daýhan hojalyklarynyň satyn almaklaryny guramak üçin degişli işleri geçirmek babatda degişli tabşyryklar berildi.

Şeýle hem bellenilişi ýaly, «Öri meýdanlary hakyndaky» Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda, ähli welaýatlarda öri meýdanlaryny durnukly dolandyrmagy üpjün etmek, olary rejeli peýdalanmak we goramak, ekologik, ykdysady we serişde mümkinçiligini ýokarlandyrmak boýunça zerur çäreleri geçirmek möhümdir.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow daşary ýurtlardan naýbaşy tohumlary satyn almak arkaly bugdaýyň, ýeralmanyň we beýleki oba hojalyk ekinleriniň hasylyny ýurdumyzda öndürmegiň gerimini giňeltmek barada tabşyryk berip, geljekde daşyndan tohum satyn almagy çäklendirmeli diýip aýtdy.

Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, atçylyk hojalyklarynyň ot-iým we beýleki önümler bilen üpjünçiligi yzygiderli gowulandyrylmalydyr, toplumyň edara-kärhanalarynyň ot-iým öndürmegini ýola goýulmalydyr.

Hormatly Prezidentimiz Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligine oba hojalyk maksatly ekin meýdanlarynyň we örüleriň maksadalaýyk we netijeli ulanylmagyny gazanmak, halkara tejribesinden ugur alyp, ekinleriň hasylyny ýokarlandyrmak we tohumçylygy ösdürmek üçin zerur işleri geçirmek, bu ugurda usuly-gollanmalary taýýarlamak bilen bagly tabşyryklary berdi.

Dünýä ykdysadyýetindäki ýagdaýlara baglylykda, halkyň sarp edýän azyk harytlarynyň görnüşlerini we öndürilýän möçberlerini artdyrmaly diýip, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow belledi.

Şeýle hem döwlet tarapyndan ýeňillikli şertlerde daşary ýurt pulunda satyn alynýan oba hojalyk tehnikalarynyň maksadalaýyk we netijeli ulanylmagyny berk gözegçilikde saklamagyň gerekdigi nygtaldy.

Hormatly Prezidentimiz azyk we oba hojalyk önümçiliginde ulanylýan import harytlarynyň, çig mallaryň, himiki we sarp ediş serişdeleriniň, ätiýaçlyk şaýlarynyň amatly bahalardan satyn alynmagyny üpjün etmegi tabşyrdy. Olaryň sebitdäki ýurtlar üçin hereket edýän bahalardan ýokary bolmazlygy gazanylmalydyr. Harytlar satyn alnanda önüm öndürijiler bilen göni hyzmatdaşlyk ýola goýulmalydyr.

Oba hojalyk önümlerini öndürmek üçin berlen ýer serişdeleriniň maksadalaýyk we netijeli ulanylmagyny berk gözegçilikde saklamagyň möhümdigini aýtmak bilen, döwlet Baştutanymyz zerur bolan döwrebap enjamlary, programma üpjünçiligini ornaşdyrmak hem-de degişli hünärmenleri taýýarlamak arkaly Döwlet ýer kadastrynyň ýeke-täk ulgamyny şu ýylyň ahyryna çenli döretmek üçin alnyp barylýan işleri çaltlandyrmagy tabşyrdy.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow mallaryň baş sanyny yzygiderli artdyrmak, olar üçin ygtybarly ot-iým binýadyny we täze kaşarlary gurmak, weterinariýa kömegini gowulandyrmak babatda degişli tabşyryklar berdi.

Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekip, wezipe borçlaryny talabalaýyk ýerine ýetirmän, işde goýberen kemçilikleri üçin oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministri M.Baýramdurdyýewe berk käýinç yglan etdi hem-de ýol berlen kemçilikleri gysga wagtyň içinde düzetmegi oňa soňky gezek duýdurdy.

Döwlet Baştutanymyz iş maslahatyny dowam etmek bilen, Suw hojalygy baradaky döwlet komitetiniň başlygy G.Baýjanowa birnäçe tabşyryklary berdi. Bellenilişi ýaly, halkara tejribesinden ugur alyp, iri suw geçirijileri, howdanlary we kölleri ulanmagyň iň täze tilsimatlary önümçilige ornaşdyrylmalydyr. Suw tygşytlaýjy (damjalaýyn, ýagyş ýagdyrma, akabalary betonlama) usullary giňden ulanylmalydyr.

Import harytlarynyň, tehnikalaryň, ätiýaçlyk şaýlarynyň we sarp ediş serişdeleriniň amatly bahalardan satyn alynmagyny we sebitdäki ýurtlar üçin

bahalardan ýokary bolmazlygyny gazanmaly diýip, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow harytlar satyn alnanda önüm öndürijiler bilen göni hyzmatdaşlygy ýola goýmagyň dogry boljakdygyny belledi.

Hormatly Prezidentimiz döwlet tarapyndan daşary ýurt pulunda satyn alynýan suw hojalyk tehnikalarynyň maksadalaýyk we netijeli ulanylmagyny üpjün etmegiň, ýerleriň melioratiw ýagdaýyny gowulandyryp, şorlaşmagyna garşy göreşmek, zeýkeşleri arassalamak işleriniň depginini güýçlendirmek boýunça çäreleri görmek barada tabşyryklary berdi.

Suw serişdelerini tygşytly ulanyp, ilatly ýerleriň we oba hojalygynyň
suw bilen üpjünçiligini gowulandyrmaly diýip, döwlet Baştutanymyz belledi.

Hormatly Prezidentimiz Buýruga gol çekip, wezipe borçlaryny talabalaýyk ýerine ýetirmän, işde goýberen kemçilikleri üçin, Türkmenistanyň Suw hojalygy baradaky döwlet komitetiniň başlygy G.Baýjanowa käýinç yglan etdi.

Ýurdumyzda atçylygy ösdürmäge uly üns berip, onuň gadymy däplerini dikeltmeli diýip, döwlet Baştutanymyz “Türkmen atlary” döwlet birleşiginiň ýolbaşçysy A.Berdiýewe atçylyk sport toplumlarynyň gazanýan girdejilerini artdyrmak, goşmaça mümkinçiliklerden peýdalanmak boýunça seljermeleri geçirmegi hem-de teklipleri taýýarlamagy tabşyrdy.

Atçylyk hojalyklarynyň zerurlyklary üçin, ot-iým üpjünçiligini yzygiderli gowulandyrmaly. Bu hojalyklaryň öz mümkinçilikleri bilen ot-iým öndürmek arkaly döwlet serişdelerini tygşytlamaly diýip, milli Liderimiz atlary köpeltmek, tebigy şertlere uýgunlaşdyrmak boýunça zerur çäreleri görmegi tabşyrdy.

Welaýatlaryň häkimlerine oba hojalyk pudagynda özgertmeleri geçirmek boýunça maksatnamalaýyn işleri üstünlikli durmuşa geçirmek boýunça anyk tabşyryklar berildli. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, oba hojalyk ekinlerinden ýokary hasyl öndürmek üçin ýeriň hakyky eýesi tapylmalydyr hem-de önümçilige öňdebaryjy tejribeler giňden ornaşdyrylmalydyr.

Şu ýyl gowaçanyň ýokary hasylyny öndürmek üçin, ýaz ekişine gowy taýýarlyk görülmelidir. Gowaça ekiljek meýdanlarda sürüm we tekizleýiş işlerini bellenen möhletlerde we talabalaýyk geçirilmelidir, gowaça ekişini we ideg işlerini bellenen agrotehniki möhletlerde geçirmek üçin, oba hojalyk tehnikalary we gurallary, gowaça tohumlary möwsüme doly taýýarlanylmalydyr.

Bulardan başga-da, döwlet Baştutanymyz ilaty özümizde öndürilen ýeralma, gök-bakja we miwe önümleri bilen bolelin üpjün etmek hem-de azyk üpjünçiligini pugtalandyrmak üçin şu ýyl ýazlyk ýeralmanyň, soganyň we beýleki gök ekinleriň ekişini bellenen agrotehniki möhletlerde hem-de ýokary hilli geçirmegi tabşyrdy.

Bugdaýyň ýokary hasylyny öndürmek üçin, ýerleri mineral dökünler bilen iýmitlendirmegi we ösüş suwuny tutmagy agrotehniki möhletlerde hem-de talabalaýyk geçirmek, bu ugurda etraplarda alnyp barylýan işleri gündelik seljermek, bugdaý meýdanlarynda zyýankeşleriň we keselleriň öňüni almak, haşal otlaryna garşy öz wagtynda göreş çärelerini geçirmek

babatda degişli görkezmeler berildi.

Howdanlarda suw toplamak, suwy netijeli peýdalanmak, şeýle hem suwaryş we şor suw akabalaryny arassalamak işlerini geçirip, suw tygşytlaýjy döwrebap usullary önümçilige giňden ornaşdyrmaly diýip, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy.

Hormatly Prezidentimiz geçen ýyl agrosenagat toplumynyň aýry-aýry kärhanalarynda önümçilik kuwwatlyklarynyň ýeterlik ulanylmandygyny belledi. Mysal üçin, un öndürýän kärhanalarda önümçilik kuwwaty 52,4 göterim, pagta arassalaýjy kärhanalarda 64 göterim, çörek bişirýän kärhanalarda 67,6 göterim, ýag öndürýän kärhanalarda 29,1 göterim ulanyldy.

2019-njy ýyl bilen deňeşdireniňde geçen ýyl un, ösümlik ýagyny, et, ýumurtga öndürmek we dowarlaryň baş sanyny artdyrmak pese düşdi.

Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow wise-premýer E.Orazgeldiýewe we oba hojalyk toplumynyň ýolbaşçylaryna anyk tabşyryklary berdi. Oba hojalygynyň netijeliligini artdyrmak, guşçulygy, et-süýt önümçiligini, azyk we beýleki pudaklary ösdürmegi üpjün etmek zerur bolup durýar. Agrosenagat toplumynyň azyk, maldarçylyk, et we süýt senagaty ýaly kärhanalarynyň önümçilik kuwwatyny artdyrmak boýunça çäreleri görmeli hem-de şertleri döretmeli.

2019-njy ýyl bilen deňeşdireniňde, geçen ýyl guş etini ýurdumyza daşyndan getirmek 6,9 göterim, ýumurtga boýunça 85,8 göterim, ösümlik ýagy boýunça hem 93,2 göterim artdy.

Dünýä ykdysadyýetindäki bolup geçýän ýagdaýlar bilen baglylykda, içerki bazary azyk harytlary bilen üpjün etmegi gowulandyrmaly, azyk önümlerini ýurdumyzda öndürmegiň möçberini artdyrmaly, bazarlarda azyk önümleriniň bolçulygyny döretmek boýunça zerur işleri geçirmeli diýip, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow belledi.

Döwlet Baştutanymyz agrosenagat toplumynda netijeli dolandyryşyň, innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmagyň hasabyna çykdajylary azaltmak boýunça teklipleri taýýarlamagy hem-de ähli çäreleri görmegi tabşyrdy.

Öri meýdanlaryny we oba hojalyk maksatly sürümli ýerleri netijeli we maksadalaýyk ulanmak boýunça zerur işleri geçirmeli. Oňyn halkara tejribesinden ugur alyp, oba hojalyk ekinleriniň hasyllylygyny ýokarlandyrmak hem-de tohumçylygy ösdürmek boýunça zerur işler alnyp barylmalydyr. Ýer kadastyryny taýýarlamak tamamlanylmalydyr. Dürli oba hojalyk ekinlerini ösdürip ýetişdirmek boýunça usuly gollanmalar taýýarlanymalydyr.

Hususy pudagyň we daýhan birleşikleriniň oba hojalyk tehnikalaryny, enjamlaryny we şaýlaryny satyn almagyny guramak, suw tygşytlaýjy tehnologiýalary giňden peýdalanyp, ulanylýan suw serişdeleriniň doly hasaba alynmagyny üpjün etmek, halkara tejribesinden ugur alyp, uly akabalary, howdanlary, kölleri ulanmagyň iň täze tehnologiýalaryny ornaşdyrmak babatda birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ugurdaş ýokary okuw mekdepleriniň rektorlaryna ýüzlenip, olara şu günki maslahatda ylmy babatda hem meseleleriň ara alnyp maslahatlaşylandygyny, şolaryň esasynda gelejekde azyk howpsuzlygyny üpjün etmek boýunça öz hünärine ökde ýaşlary taýýarlamak barada tabşyryk berdi.

Maslahatyň barşynda hormatly Prezidentimiz Buýruga gol çekip, wezipe borçlaryny talabalaýyk ýerine ýetirmän, işde goýberen kemçilikleri üçin Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary E.Orazgeldiýewe berk käýinç yglan etdi.

Döwlet Baştutanymyz Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary

G.Müşşikowa oba hojalyk toplumynyň maliýe-ykdysady ýagdaýyny yzygiderli seljerip, maliýe üpjünçiligini gowulandyrmak boýunça teklipleri taýýarlamagy, pudagara algy-bergiler boýunça hasaplaşyklaryň geçirilişini we karzlaryň gaýtarylyşyny gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Şeýle hem oba hojalyk toplumynyň edara-kärhanalarynyň kuwwatynyň ulanylyşyny we ösüş depginiň peselmeginiň sebäplerini jikme-jik öwrenmek, çykdajylaryň düzümini seljerip, ýer, suw, öri meýdanlary üçin tölegleriň öz wagtynda we doly möçberde gelip gowuşmagy boýunça zerur çäreleri geçirmek babatda görkezmeler berildi.

Şunuň bilen hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sanly wideoaragatnaşyk arkaly iş maslahatyny tamamlap, oňa gatnaşanlara berk jan saglygyny, maşgala abadançylygyny, berkarar Watanymyzyň gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.