Ï Daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen nobatdaky wideoduşuşyklar
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen nobatdaky wideoduşuşyklar

view-icon 2810

Şu gün Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Daşary işler ministriniň BMG-niň Aziýa we Ýuwaş ummany sebiti boýunça Ykdysady we durmuş meseleleri boýunça komissiýasynyň (ESKATO) ýerine ýetiriji sekretary, BMG-niň Baş sekretarynyň orunbasary Armida Salsiýa Alişahbana bilen sanly wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly duşuşygy geçirildi.

Taraplar Türkmenistanyň ESKATO bilen hyzmatdaşlygynyň häzirki derejesine ýokary baha berdiler, hususan-da onuň energetika, statistika, söwda we ulag, migrasiýanyň dolandyrylmagy, tebigy heläkçilikleriň peseldilmegi hem-de beýleki ileri tutulýan ugurlar bilen täze mazmuna eýe bolýandygyny bellediler. Türkmenistanyň ESKATO tarapyndan maslahatlaryň berilmegi we hünärmenleriň taýýarlygy, sebitleýin tejribäniň hem-de maglumatlaryň utgaşdyrylmagy boýunça alnyp barylýan işleri goldaýandygy nygtaldy. BMG-niň Aziýa we Ýuwaş ummany sebiti boýunça Ykdysady we durmuş meseleleri boýunça komissiýasy geçen ýylyň mart aýynda gol çekilen «Türkmenistanyň Hökümeti bilen Birleşen Milletler Guramasynyň arasynda durnukly ösüş ugrunda 2021-2025-nji ýyllar üçin hyzmatdaşlygyň çarçuwaly Maksatnamasynyň» ýerine ýetirilmegi boýunça hem hyzmatdaşlaryň biri bolup durýandyr. 

Duşuşykda Türkmenistanyň Hökümetiniň 2030-njy ýyla çenli döwür üçin durnukly ösüş ulgamynda Gün tertibiniň durmuşa geçirilmegi babatynda ygrarlylygy ýene-de bir gezek tassyklanyldy, bu bolsa milli maksatnamalarda hem-de sebitleýin we halkara hyzmatdaşlary bilen özara hereketlerde öz beýanyny tapýar. Şunlukda Merkezi Aziýa we ýanaşyk sebitleriň ýurtlarynda durmuş-ykdysady we ekologiki ugurly meseleleriň çözgüdinde türkmen tarapynyň ESKATO bilen hyzmatdaşlygynyň giňeldilmegi boýunça başlangyçlarynyň toplumy beýan edildi. 

Pandemiýa bilen baglylykda dünýä ýüzünde emele gelen ýagdaýlar ara alyp maslahatlaşmalaryň aýratyn mowzugyna öwrüldi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň baştutanlygynda Türkmenistanyň epidemiýanyň ykdysady, durmuş we maliýe netijelerini ýeňip geçmek boýunça hyzmatdaşlyk etmäge taýýarlygy bellenilip geçildi. Ýurdumyz bu ugurda köptaraplaýyn özara hereketleriň pugtalandyrylmagyna çagyrýar. 2020-nji ýylyň maý aýynda Türkmenikstanyň başlangyjy bilen onlaýn görnüşinde ýokary derejedäki «Durnukly Ösüş Maksatlaryny maliýeleşdirmek: maliýeleşdirmegiň integrirlenen milli gurallarynyň ähmiýeti» atly halkara okuw maslahatynyň geçirilmegi hem aýdyň mysallaryň biridir. 

Duşuşykda Howpsuz, kadalaşdyrylan we kanuny migrasiýa hakyndaky Global şertnamanyň (MGŞ) nazara almak bilen bilelikdäki hereketler hem ara alnyp maslahatlaşyldy. Milli derejede durmuşa geçirilýän migrasiýa ulgamyndaky Türkmenistanyň anyk hereketleri beýan edildi.

Taraplar Merkezi Aziýa sebitine aýratyn üns berdiler. Sebitde ykdysady integrasiýanyň pugtalandyrylmagy we ynsanperwer hyzmatdaşlygynyň pugtalandyrylmagy nukdaýnazardan Türkmenistanyň möhüm ähmiýete eýe bolup durýandygy bellenildi. Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow ekologiýa we suw serişdelerini rejeli ulanmak meselelerine uly üns berýär. Hususan-da, Aral meselesi ara alnyp maslahatlaşyldy. 

Duşuşygyň çäklerinde Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ykdysadyýetleri üçin BMG-niň Ýörite maksatnamasynyň (SPEKA) çäklerindäki özara hereketleriň ileri tutulýan ugurlaryna, hususan-da, ESKATO platformasynda serhetüsti kagyzsyz söwda ulgamyndaky tejribeleriň ornaşdyrylmagy arkaly statistika we söwda ugurlarynda hyzmatdaşlygy giňeltmegiň mümkinçiliklerine seredildi. 

Durnukly ösüş maksatlarynda Türkmenistanyň BMG we onuň sebitleýin komissiýalary bilen mundan beýläk hem netijeli özara hereketleriň dowam edilmegine taýýarlygy bellenildi.