Ï Bol hasylyň girewi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Bol hasylyň girewi

view-icon 1472

Ýurdumyzda gowaça ekmäge niýetlenen 620 müň gektar ýeri geljekki ekişe taýýarlamak boýunça işler güýçli  depginde alnyp barylýar.

Welaýatlaryň ählisinde ýerler sürüldi. Şu günler ýerleri tekizlemek,  çil çekmek, fosfor we organiki dökünleri bermek boýunça işler gyzgalaňly dowam etdirilýär. Meýilnama boýunça ýerine ýetirilýän toplumlaýyn işler topragyň hasyllylygyny ýokarlandyrmaga, haşal otlary, zyýanly mör-möjekleri we oba hojalyk ekinleriniň kesel döredijilerini ýok etmäge gönükdirilendir. Meýdan işlerine dünýä belli kompaniýlaryň ýokary öndürijilikli kuwwatly traktorlary, kultiwatorlary, beýleki zerur tehnikalary deslapdan taýyn edildi.

Ýurdumyzyň ekarançylary ýerleri gowaça ekişine bellenilen möhletde we ýokary derejede  taýýarlamak üçin gaýratly zähmet çekýärler. Çünki meýdanlardaky häzirki işlere çynlakaý we jogapkärli çemeleşmek, agrotehniki kadalara eýerip zerur çäreleri öz wagtynda geçirmek – ýurdumyzyň «ak altynyndan» bol hasylyň girewidir.

Ýerleri gowaça ekişine taýýarlamak işleri şu ýylyň aprel aýynyň başyna çenli tamamlanar, şondan soň dessine ekişe girişiler. Ekiş üçin ýurdumyzyň Oba hojalygy we daşky gurşawy goramak ministrligi 74 müň tonnadan gowrak gowaçanyň ýokary hilli we bol hasylly saýlama tohumlaryny taýýarlady. Tutuş pagta möwsüminde Ministrlik ekarançylara tehniki hyzmatlary-da eder. Suw hojalygy döwlet komiteti gerek möçberde suw, «Türkmenhimiýa» Döwlet konserni bolsa dökünler bilen üpjün ederler.

Anastasiýa KASÝANOWA