Ï Ýylgynagyz kanalyna – 10 ýyl
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Ýylgynagyz kanalyna – 10 ýyl

view-icon 1927

Şu gün Ýylgynagyz magistral suwaryş  kanalynyň işgärleri ilkinji ýubileýi – döwrebap tehnikalar we tehnologiýalar ulanylyp täzelenen özboluşly gidrotehniki desganyň 10 ýyllygyny bellediler. Amyderýänyň sag kenaryndaky uzynlygy 50 kilometr bolan maşyn kanaly 2011-nji ýylyň 3-nji fewralynda Türkmensitanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda dabaraly ýagdaýda açyldy. Desganyň işe girizilmeginiň dabarasynda çykyş edip, döwlet Baştutany bu döwrebap gidrotehniki desganyň Lebap we tutuş ýurt üçin uly ähmiýetini nygtady.

Indi 10 ýyl bäri bu kanal bir wagtlar tozap ýatan ýerleri Amyderýanyň suwy bilen üpjün edýär. Tenekar suwuň gelmegi netijesinde 20 müň gektardan gowrak  tarp we takyr ýerler oba hojalyk dolanşygyna girizildi. Bu ýerlerde Lebap welaýatynyň etraplarynyň birnäçesiniň babadaýhanlary dürli ekinleri ýetişdirýärler.

Kuwwatly gidrotehniki desga ýerleriň beýikligine görä 6 kaskaddan ybarat. Olaryň hersinde Şwesiýadan satyn alnan kuwwatly suw sorujylar, beýleki gidrouzel we energetiki enjamlar ulanylýar. Maşyn kanalynyň tehniki kuwwaty suwy birinji kaskaddan soňky, altynjy kaskadyň derejesine – 76 metre çenli çykarmaga mümkinçilik berýär.

Häzirki wagtda Lebap welaýatynyň oba ilaty we telekeçiler Ýylgynagyz massiwiniň özleşdirilen ýerlerinde galla, gowaça, gök-miwe, bakja ekinlerini ýetişdirip, ýurdumyzda azyk bolçulygyny döretmäge, «ak altyn» we ot-iýmlik ekinleriniň öndürilişini artdyrmaga saldamly goşant goşýarlar.


Berdimyrat JUMAÝEW