Ï Mariý El Respublikasynyň (Russiýa Federasiýasy) ylmy intelligensiýasynyň wekilleri bilen duşuşyk geçirildi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Mariý El Respublikasynyň (Russiýa Federasiýasy) ylmy intelligensiýasynyň wekilleri bilen duşuşyk geçirildi

view-icon 2838

2021-nji ýylyň 2-nji fewralynda Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasyndaky Baş konsullygynda (Kazan ş.) Baş konsul A.H.Baýramowyň Mari döwlet uniwersitetiniň (Ýoşkar Ola ş. Mariý El Respublikasy, RF) ýolbaşçylary – MarDU-nyň rektory M.N. Şwesow we prorektory I.P.Petrowa bilen duşuşygy boldy.

Söhbetdeşligiň barşynda taraplar bilim we  ylym ulgamynda türkmen-russiýa gatnaşyklaryny mundan beýlägem berkitmegiň meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Hususan-da, Türkmenistanyň we Mariý El Respublikasynyň ýokary okuw mekdepleriniň arasynda hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki resminamany taýýarlamagyň zerurlygy beýan edildi, ol lukmançylyk, energetika, himiýa, biologiýa, azyk senagaty, fizika ugurlaryndan hünärmenleri taýýarlamagy, şeýle hem onlaýn-umumy sapaklary geçirmegi, tejribe alyşmagy, bilelikdäki ylmy-barlag işlerini geçirmegi we ş.m. ugurlary öz içine alýar.

2021-nji ýylda Türkmenistanda geçiriljek Hazarýaka döwletleriň Baştutanlarynyň VI Sammitiniň sebit hyzmatdaşlygynda netijeli meýdançalaryň biri bolup biljekdigi görkezildi, onda RF-iň Wolga-Kama töwereginiň sebitleri, şol sanda Mariý El Respublikasy mundan beýläkki hyzmatdaşlyk üçin aýratyn gyzyklanma döredýär.

Häzirki wagtda MarDU-da dünýä ýurtlarynyň 35-sinden  talyplaryň 9 müňüsi, şol sanda Türkmenistandan hem  talyplar bilim alýarlar.

Türkmenistanyň Prezidentiniň yglan eden «2021-nji ýyl – Türkmenistan – parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» başlangyjynyň çäklerinde MarDU-nyň ýolbaşçylary bu ýokary okuw mekdebinde türkmensitanly talyplaryň gatnaşmagynda sport we medeni çäreleri geçirmek barada başlangyjy goldadylar. Şunuň bilen baglylykda, türkmen tarapy MarDU-da okaýan  türkmen talyplaryndan «Ynanyşmak» futbol toparyny we «Parahatçylyk» tans-folklor  toparyny döretmäge hem-de olary degişlilikde sport eşikleridir esbaplary, şeýle hem türkmen milli lybaslary bilen üpjün etmäge  ýardam bermäge taýýardygyny beýan etdi.


Nurmyrat ÝYLKYBAÝEW

Maglumatlar Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasyndaky Baş konsullygyndan (Kazan ş.) alyndy