Türkmenistanda Internet hyzmatlarynyň nyrhnamalary arzanladyldy

08.02.2021
eye
1501
Türkmenistanda Internet hyzmatlarynyň nyrhnamalary arzanladyldy

Golaýda Türkmenistanyň Prezidenti Internetiň we beýleki aragatnaşyk hyzmatlarynyň bahasyna gaýtadan seretmegi, şeýle hem Internetiň ilat üçin  elýeterliligini üpjün etmegi tabşyrdy. Degişli görkezmeler ulag-kommunikasiýa ulgamyny ösdürmek boýunça geçirilen iş maslahatynda berildi.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow hökümetde bu pudaga gözegçilik edýän  wise-premýer B.Öwezowa hem-de ulag we aragatnaşyk toplumynyň ýolbaşçylaryna ýüzlenip, çökgünlige garşy 2020-2021-nji ýyllar üçin maksatnama laýyklykda hem-de elektron söwdasynyň, Internet hyzmatlarynyň, uzak aralykdan işlemegiň we okatmagyň giňden ýaýramagy bilen baglylykda, aragatnaşyk hyzmatlarynyň hiliniň we geçirijilik ukybynyň gowulandyrmalydygyny aýtdy. 

Şu gün «Türkmenaragatnaşyk» Agentliginiň çözgüdi bilen ADSL tehnologiýasy boýunça Internetden peýdalanmaga çäklendirilen nyrhnama we ADSL, VDSL tehnologiýalar boýunça Internetden çäksiz peýdalanmak, şeýle hem bölünip berlen  infokanalyň kärendesine nyrhnamalar arzanladyldy.

Şäherleriň, welaýatlaryň etraplarynyň ilaty, döwlet kärhanalary we guramalary, hususy telekeçiler, daşary ýurtly maýadarsyz döwlete degişli bolmadyk hukuk taraplary (hojalyk jemgyýetleri, hususy kärhanalar we beýlekiler) hem-de Türkmenistanyň ylym we bilim edaralary üçin aýry-aýry nyrhnamalar arzanladyldy. Bahalar ortaça 22 göterimden 52 göterime çenli peseldi. Türkmenistanda Internet hyzmatlaryny «Türkmentelekom» we AŞTU   ýerine ýetirýärler.

«Türkmenaragatnaşyk» Agentligi bellenilen nyrhnamalaryň bir gezeklik ýa-da wagtlaýyn çäre däl-de, «Döwlet – adam üçindir» diýen uzak möhletleýin syýasatyň bir bölegidigini aýratyn belleýär.

Tablisalarda nyrhnamalar anyk görkezilendir.

ADSL, VDSL tehnologiýalar boýunça belli bir tizlikde  Internetden çäksiz peýdalanmak nyrhnamalary

Şäher  ilaty üçin 

Bir aý üçin töleg

Tizligi

Täze nyrhnama

Köne nyrhnama

Göterim aratapawudy

256 Kbit/s 

100,00

150,00

33

512 Kbit/s 

150,00

250,00

40

1 Mbit/s/s  

170,00

300,00

43

2 Mbit/s/s  

200,00

350,00

43

Welaýatlaryň etraplarynyň daýhan birleşikleriniň we obalarynyň ilaty üçin

Bir aý üçin töleg

Tizligi

Täze nyrhnama

Köne nyrhnama

Göterim aratapawudy

256 kbit/s 

  50,00

  75,00

33

512 kbit/s

100,00

150,00

33

Türkmenistanyň ylym we ähli bilim edaralary üçin

Bir aý üçin töleg

Tizligi

Täze nyrhnama

Köne nyrhnama

Göterim aratapawudy

512 Kbit/s 

250,00

  320,00

22

1 Mbit/s/s

350,00

  576,00

39

2 Mbit/s/s

500,00

1000,00

50

Döwlet kärhanalary we guramalary, hususy telekeçiler, daşary ýurtly maýadarsyz döwlete degişli bolmadyk hukuk taraplary (hojalyk jemgyýetleri, hususy kärhanalar we beýlekiler)

Bir aý üçin töleg

Tizligi

Täze nyrhnama

Köne nyrhnama

Göterim aratapawudy

2 Mbit/s  

1000,00

1500,00

33

4 Mbit/s  

1250,00

1700,00

26

6 Mbit/s  

1500,00

2100,00

29

8 Mbit/s  

1750,00

3600,00

51

10 Mbit/s  

2000,00

4200,00

52

Bölünip berlen infokanalyň kärendesi 

Döwlet kärhanalary we guramalary, hususy telekeçiler, daşary ýurtly maýadarsyz döwlete degişli bolmadyk hukuk taraplary (hojalyk jemgyýetleri, hususy kärhanalar we beýlekiler)

Bir aý üçin töleg

Tizligi

Täze nyrhnama

Köne nyrhnama

Göterim aratapawudy

2 Mbit/s  

1170,00

  2337,00

50

3 Mbit/s  

1200,00

  2394,00

50

4 Mbit/s  

1250,00

  2500,00

50

6 Mbit/s  

1750,00

  3500,00

50

8 Mbit/s  

2250,00

  4500,00

50

10 Mbit/s  

2500,00

  5000,00

50

20 Mbit/s  

4750,00

  9500,00

50

30 Mbit/s  

7000,00

14000,00

50

Türkmenistanyň ylym we ähli bilim edaralary üçin

Bir aý üçin töleg

Tizligi

Täze nyrhnama

Köne nyrhnama

Göterim aratapawudy

 4 Mbit/s  

  600,00

1200,00

50

 6 Mbit/s  

  900,00

1800,00

50

 8 Mbit/s  

1200,00

2400,00

50

10 Mbit/s  

1500,00

3000,00

50