Resmi habarlar

Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, Rejep Şamyradowiç Çarygulyýew başga işe geçmegi sebäpli, Türkmenistanyň Ýokary gözegçilik edarasynyň başlygynyň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetirmekden hem-de Ýokary gözegçilik edarasynyň başlygynyň orunbasary wezipesinden boşadyldy. 

*** 

“Türkmenistanyň prokuraturasy hakyndaky” Türkmenistanyň Kanunynyň 16-njy maddasyna laýyklykda, Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Gurbanguly Berdimuhamedow Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, ýustisiýanyň geňeşçisi Döwlet Akmuhammedowiç Täşliýew başga işe geçmegi sebäpli, Türkmenistanyň Baş prokurorynyň orunbasary, Baş müdirligiň müdiri wezipesinden boşadyldy. 

*** 

Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, Döwlet Akmuhammedowiç Täşliýew Türkmenistanyň Ýokary gözegçilik edarasynyň başlygynyň orunbasary wezipesine bellenildi. 

*** 

Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, Toýly Öwezgulyýewiç Mälikow Türkmenistanyň Ýokary gözegçilik edarasynyň başlygynyň orunbasary wezipesine bellenildi. 

*** 

Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, Sähetmyrat Gurbangeldiýewiç Kakyşow Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentliginiň başlygynyň orunbasary wezipesine bellenildi. 

*** 

Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, Begenç Hojagulyýewiç Goçmollaýew Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministriniň orunbasary wezipesine bellenildi. 

*** 

Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, Serdargeldi Orazdurdyýewiç Kuljanow “Türkmenhaly” döwlet birleşiginiň başlygynyň orunbasary wezipesine bellenildi. 

*** 

Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, Jennet Orazmamedowna Geldymamedowa başga işe geçmegi sebäpli, Ahal welaýatynyň häkiminiň bilim, medeniýet, saglygy goraýyş we sport boýunça orunbasary wezipesinden boşadyldy. 

*** 

Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, Akgül Şirmuhammedowna Toporowa Ahal welaýatynyň häkiminiň bilim, medeniýet, saglygy goraýyş we sport boýunça orunbasary wezipesine bellenilip, ol Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň häkiminiň orunbasary wezipesinden boşadyldy. 

*** 

Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, Arzygül Agamyradowna Orazowa Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň häkiminiň orunbasary wezipesine bellenildi. 

*** 

Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, Ataýew Derýa Döwletmyradowiç işde goýberen kemçilikleri üçin Balkan welaýatynyň häkiminiň orunbasary wezipesinden boşadyldy. 

*** 

Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, Jumanazar Annaýew Balkan welaýatynyň häkiminiň orunbasary wezipesine bellenilip, ol Türkmenistanyň oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministriniň oba hojalyk tehnikalary we gurallary boýunça orunbasary wezipesinden boşadyldy. 

*** 

Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, Orazmämmet Gurbangulyýew başga işe geçmegi sebäpli, Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy etrabynyň häkiminiň orunbasary wezipesinden boşadyldy. 

*** 

Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, Amangül Baýramdurdyýewna Arazmämmedowa Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy etrabynyň häkiminiň orunbasary wezipesine bellenildi. 

*** 

Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, Sapamuhammet Garataýewiç Sähetow başga işe geçmegi sebäpli, Balkan welaýatynyň Serdar etrabynyň häkiminiň orunbasary wezipesinden boşadyldy. 

*** 

Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, Nurjemal Hudaýberdiýewna Hojamowa Balkan welaýatynyň Serdar etrabynyň häkiminiň orunbasary wezipesine bellenildi. 

*** 

Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, Akyýew Gurbanmyrat işde goýberen kemçilikleri üçin Daşoguz welaýatynyň Görogly etrabynyň häkiminiň orunbasary wezipesinden boşadyldy. 

*** 

Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, Şyhmyrat Esenowiç Annaýew Daşoguz welaýatynyň Görogly etrabynyň häkiminiň orunbasary wezipesine bellenildi. 

*** 

Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, Baýdakow Döwletmämmet Seýidowiç işe goýberen kemçilikleri üçin Daşoguz welaýatynyň Boldumsaz etrabynyň häkiminiň orunbasary wezipesinden boşadyldy. 

*** 

Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, Kuwwatgeldi Baýramgeldiýew Daşoguz welaýatynyň Boldumsaz etrabynyň häkiminiň orunbasary wezipesine bellenildi. 

*** 

Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, Maral Rejepmyradowna Durdyýewa başga işe geçmegi sebäpli, Lebap welaýatynyň häkiminiň bilim, medeniýet, saglygy goraýyş we sport boýunça orunbasary wezipesinden boşadyldy.

*** 

Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, Jennet Orazmamedowna Geldymamedowa Lebap welaýatynyň häkiminiň bilim, medeniýet, saglygy goraýyş we sport boýunça orunbasary wezipesine bellenildi. 

*** 

Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, Geldimyrat Gurbanowiç Atanow başga işe geçmegi sebäpli, Mary welaýatynyň Baýramaly etrabynyň häkiminiň orunbasary wezipesinden boşadyldy. 

*** 

Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, Maýsa Ýazjumaýewna Nurklyçewa Mary welaýatynyň Baýramaly etrabynyň häkiminiň orunbasary wezipesine bellenildi. 

*** 

Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, Akmyrat Daňatarowiç Seýitliýew başga işe geçmegi sebäpli, Mary welaýatynyň Oguzhan etrabynyň häkiminiň orunbasary wezipesinden boşadyldy. 

*** 

Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, Aýna Seýitgulyýewna Akmyradowa Mary welaýatynyň Oguzhan etrabynyň häkiminiň orunbasary wezipesine bellenildi. 

*** 

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň hem-de Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň işini has-da kämilleşdirmek, şeýle hem döwlet emlägine, şol sanda maliýe serişdelerine kanunçylyga laýyklykda eýelik edilişine, peýdalanylyşyna we ygtyýar edilişine gözegçiligi güýçlendirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary wezipesi girizildi we ol şol bir wagtda Türkmenistanyň Ýokary gözegçilik edarasynyň başlygy hem-de Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň agzasy bolup durýar. 

Şeýle hem resminama laýyklykda, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetinde Gözegçilik bölümi açyldy we onuň düzümi tassyklanyldy.