Ï Halyçylyk sungaty: täze döredijilik meýdançalary
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Halyçylyk sungaty: täze döredijilik meýdançalary

view-icon 4121
Halyçylyk sungaty: täze döredijilik meýdançalary
Halyçylyk sungaty: täze döredijilik meýdançalary
Halyçylyk sungaty: täze döredijilik meýdançalary
Halyçylyk sungaty: täze döredijilik meýdançalary

Aşgabadyň çeper haly önümleri kärhanasynyň halyçylary ýanwar aýynda bir ýüz ýigrimi inedördül metr haly we haly önümlerini taýýarladylar. Paýtagtly halyçylar täze önümçilik kuwwatlyklaryny üstünlikli özleşdirýärler. Dik taralaryň ýigrimisinde 2,5 inedördül metrden 5 inedördül metre çenli düşeklik, on tarada bolsa – çeper pannolar, haly portretleri we manzarly halylar dokalýar. Taralaryň ýene ýedisi sowgatlyk haly önümleri üçin niýetlenendir.

Paýtagtymyzyň şanly taryhy bolan dünýä belli baýry kärhanasy ata-baba gelýän senedi ösdürmek üçin täze bina göçdi. Weýrançylykly ýer titremesinden soň 1948-nji ýylda gurlan köne fabrigiň ýerinde «Ruhabatgurluşyk» trestiniň gurluşykçylary fabrigiň gar kimin akja jaýyny bina etdiler, onuň owadan girelgesi Kemine köçesine çykýär.

Sowadyjy, ýyladyjy we ýelejirediji enjamlar bilen üpjün edilen ýagty giň otaglar halyçylaryň ygtyýarynda. Bu ýerde iki ýüze golaý ussatlaryň döredijiliklli işlemegi üçin ähli şertler döredilen. Dünýä belli el halylary dokalýan şehiň bir özi müň inedördül meýdany tutýar.

Täze binada 50 orunlyk naharhana, eşik çalşyrylýan otag we duşlar bar. Onuň birinji gatynda haly önümleri dükany, ikinji gatynda – sergi zaly, nakgaşlaryň ussahanalary, maslahatlar zaly, edara otaglary ýerleşýär. Kärhanada haly ýüplerini reňklemek üçin laboratoriýa enjamlaşdyrylan, ammar we beýleki zerur desgalar bar. Täze kärhana ýylda 1650 inedördül metr haly we haly önümlerini çykarmaga niýetlenen, olaryň aglaba bölegi eksport ediler.

«Türkmenhaly» önümçilik birleşiginiň tabşyrygy boýunça Aşgabatdaky fabrikden başga-da, çeper haly önümleri kärhanalarynyň sehleriniň ýene-de dördüsiniň gurluşygy tamamlanar. Olar birleşigiň önümçilik-tehniki binýadyny giňeltmek we kämilleşdrimek hem-de sebitleri toplumlaýyn özgertmek maksatnamalarynyň çäklerinde Ahal welaýatynyň Bäherden etrabynda, Daşoguz welaýatynyň Gubadag etrabynda, Baýramalyda ( Mary welaýaty) we Lebap welaýatynyň Halaç etrabynda açylar.

«Türkmenhaly» önümçilik birleşigi arassa ýüňden türkmen el halylaryny daşary ýurtlara esasy ugradyjydyr. Häzirki wagtda birleşigiň düzüminde tutuş Türkmenistanda 100-den gowrak şahamçalary we sehleri bolan çeper haly önümleri kärhanalarynyň sekizisi bar. Birleşikde çeper elli halyçylaryň jemi 5 müňden gowragy zähmet çekýär.

Wladimir Komarow