Ï Daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen nobatdaky wideoduşuşyk
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen nobatdaky wideoduşuşyk

view-icon 1918

Şu gün wideoaragatnaşyk görnüşinde BMG-niň Çagalar gaznasynyň (UNISEF) wekilhanasy Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň ýurdumyzdaky edarasy bilen bilelikde, habar beriş serişdeleri üçin onlaýn-duşuşygyny geçirdi. Onda ýiti ýokanç kesellerine garşy durmaga we täsir etmäge taýýarlygy üpjün etmegiň meýilnamasyny amala aşyrmakda Türkmenistanyň gazananlary ara alnyp maslahatlaşyldy.

Ýokanç keselleriň öňüni almak boýunça habarlary taýýarlamak babatda žurnalistleriň bilimini ýokarlandyrmaga gönükdirilen çärä köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň, şol sanda elektron serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.

Çärede UNISEF-niň Türkmenistandaky wekili hanym Kristin Weýgand çykyş edip, şu günki duşuşygyň hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan tassyklanan we halkara ölçeglerine kybap gelýän meýilnamanyň diňe amala aşyrylmagyny seljermäge däl-de, eýsem, ony geljekde üstünlikli amala aşyrmak hem-de öňüni alyş çärelerini netijeli wagyz etmek üçin bar bolan serişdeleri jemlemäge mümkinçilik döredýändigini belledi.

Milli Liderimiziň ýolbaşçylygynda Türkmenistan adamlaryň saglygyny goramagyň bähbidine halkara hyzmatdaşlyk ugrunda çykyş edýär. Bu bolsa COVID-19 pandemiýasynyň saklanýan döwründe has-da möhümdir. Bu ýokanjyň ýaýramagynyň öňüni almak döwlet Baştutanymyz tarapyndan esasy wezipeleriň hataryna goşuldy. 

Türkmenistanda “Il saglygy—ýurt baýlygy” diýen şygardan ugur almak bilen, ilata edilýän lukmançylyk hyzmatlarynyň hilini ýokarlandyrmak boýunça işler bilen bir hatarda, BSGG-niň maslahatlaryna laýyklykda, saglygy goramak, şol sanda immun öňüni alyş çäreleri üstünlikli amala aşyrylýar. 

Şu günki çäre Türkmenistanyň ýiti ýokanç kesellerine garşy durmaga taýýarlygy we täsir etmegi üpjün etmek boýunça milli meýilnamasynyň bir bölegidir. Bu BSGG-niň hem-de UNISEF-niň wekilhanalarynyň türkmen žurnalistleri bilen bilelikde guraýan üçünji duşuşygydyr we ýokanç keselleriniň ýaýramagyna garşy göreşmekde hem-de sagdyn durmuş ýörelgesini wagyz etmekde habar beriş serişdeleriniň mümkinçiliklerini birleşdirmäge bagyşlanyldy. 

Ozalky geçirilen duşuşyklarda arassaçylygy wagyz etmek, mekdepleri howpsuz açmak (okuw ýylynyň başynda) babatda jemgyýetçilik bilen özara gatnaşyklar hakynda maglumat bermegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Şu günki duşuşygyň esasy meselesi giň jemgyýetçiligiň we ozaly bilen, ýaşlaryň arasynda ýokanç keselleriň öňüni almak hakynda maglumatlary ýaýratmagyň netijeli usullary barada žurnalistleriň bilimini ýokarlandyrmakdan ybaratdyr. 

Töwekgelçilikler hakynda netijeli maglumat bermek üçin esasy wezipeleriň biri – bu maksatlaýyn auditoriýalary we anyk meseleleri deňeşdirmek usuly bolup durýar. Olar keseliň ýokuşmak howpuna duçar bolmagy, soňra bolsa öňüni alyş çärelerini kabul etmelidigi bilen baglydyr. 

Şeýle hem duşuşyga gatnaşyjylar bu ugurda dünýäniň öňdebaryjy tejribesi we sebit tejribesi bilen tanyşdylar hem-de ýörite maglumatnamany işläp taýýarlamagyň usulyny ara alyp maslahatlaşdylar.

Arassaçylyk baradaky wideorolikleri we animasiýa filmlerini işläp taýýarlamakda UNISEF-niň Telewideniýe, radioýaýlymlar we kinematografiýa baradaky döwlet komiteti bilen hyzmatdaşlykda toplan tejribesi ýokanç keselleriň öňüni almak babatda hereketleri kabul etmek barada ilatyň habarlylygy boýunça görülýän çäreleriň netijeliligini görkezýär. Bellenilişi ýaly, bu işler geljekde dowam etdiriler, çünki öňüni alyş çäreleri, ozalkysy ýaly, ýokançlardan netijeli goranyş bolup durýar.

BSGG-niň ýurdumyzdaky edara binasynyň wekili COVID-19 pandemiýasy boýunça täze maglumatlar bilen paýlaşyp, agyz-burun örtügini ulanmagyň, durmuş şertlerini we arassaçylyk düzgünlerini berjaý etmegiň möhümdigini belledi.

Duşuşygyň ahyrynda ähli adamlaryň saglygyny goramagyň durnukly ösüşiň hem-de habar beriş serişdeleriniň mümkinçiliklerini peýdalanmagyň esasynda durýandygy, munuň bolsa hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň häzirki döwrüň ählumumy meselelerini çözmekde alyp barýan netijeli syýasatynyň üstünlikli amala aşyrylmagyna ýardam edýändigi barada umumy pikir beýan edildi.