Ï Ogultäç Hannyýewa: kärim – ejeme sowgadym
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Ogultäç Hannyýewa: kärim – ejeme sowgadym

view-icon 4577
Ogultäç Hannyýewa: kärim – ejeme sowgadym

Türkmenistanyň halk artisti – paýtagtymyzyň teatrlarynyň üçüsiniň esasy aktrisasy bolan,  görk-görmekli hem mylaýym bu zenana onuň gahrymanynyň ady bilen – Aýgül diýýärler.Ogultäç Baýramownanyň özi muny Aýgül bilen ýürek ýakynlygy sebäpli hasaplaýar, ýogsa Aýgül başgyr ýazyjysy Mustaý Karimiň hyýalynda dörän  gahryman, Ogultäç bolsa,  hakyky, gaýry durmuş şertlerindäki zenan.

«Nädip akrisa bolduňyz?» – diýen sadaja sowalyma Ogultäç Baýramownanyň: «Ejemiň bagtly etjek boldum» – diýen jogaby bilen geň galdyrdy. Meniň zada düşünmändigimi aňybam, heniz dördünji synpda okaýan döwri bolan wakany gürrüň berdi:

– Bir gezek ejem teleiwzorda çagalar çeper höwesjeňler toparynyň  konsertine tomaşa edip otyrka, uludan dem alyp: «Bu çagalaryň ata-enesini iň bagtly adamlardyr!» – diýdi.

Menem:

– Telewizorda çykyş edäýsem senem bagtly bolarmyň? – diýip soradym.

– Onda men dünýäde iň bagtyýar ene bolardym.

Ertesi okuwdan soň telewizion merkeziniň gözlegine çykdym. Köçeden geçip barýanlary saklap, olardan telewideniýäniň nirdedigini soraýardym. Olaryň ählisi diýen ýaly bilmeýändigini aýdyp, başyny ýaýkaýardylar, arasynda dogry salgy berenem boldy. Telewizion merkeziniň işigindäki basgançaklardan ýokary galyberjek boldum welin,  harby lybasly  bir ýigit meni saklady-da:

– Nirä barýaň? – diýip  sorady.

– Telewizorda çykyş edesim gelýä...

Ol meni uzyn däliziň ugry bilen alyp gitdi, «Çagalar redaksiýasy» ýazgyly gapyda bizi Bäşim Gurbanow garşy aldy.

– Näme başarýaň?

– Hemme zat. Aýdym aýdýan, tans oýnaýan.

– Kino surat düşüp bilermiň?

– Ol-a itiň aňsady!

– Beý diýmäweri! Bar zat edil hakyky ýaly bolmaly.

– Daş ederin, hakyky bolmalysy ýaly – diýip men jogap berdim.

Men ençeme telefilmde surata düşdüm. Ejem maňa guwanýardy. Ol medeni aň-bilim tehnikumynda Şşepkin adyndaky teatral üçilişşesine gyzlaryň okuwa alynýandygyny joşuplar habar beripdi. Şol döwür mekdebi tamamlapdym, maňa tüýs gerek zatdy. Ýöne ilki synaglardan geçmelidi. Ejem: «Geçersiň, hökman geçersiň! Sen   gowja ahyry!» – diýip göwnümi göterýärdi.

Synaga gelen gyz kändi. Gezegim ýetende, otaga girdim-de: «Ogultäç Hannyýewa, telefilmlere surata düşen» – diýip özümi tanatdym.

– Asyl sen – ýyldyz ekeniň-ä – diýip professor Wladimir Konstantinowiç Smirnow ýylgyrdy. – Telewideniýä nädip çykanyňy gürrüň ber hany.

Men bolan ýagdaýy gürrüň berenimde, professor hezil edip güldi. Men howsala düşüp: «Üstümden gülýär-ow» – diýip pikir etdim.

– Näme başarýaň?

– Goşgy okap bilýän, aýdym aýdýan, tans edýän...

– Hany, goşgy oka.

Keýpim gaçypdy, ýöne ol döwre çenli duýgylaryma erk etmegi başarýardym, onsoň türkmençe uzyn bir goşgyny säginmän okadym.

– Berekella! – diýidi-de, professor indiki dalaşgär gyzy çagyrdy.

Şeýlelikde birnäçe gyz bolup Moskwa gitdik. Wladimir Konstantinowiç bizde aktýorlyk ussatlgyndan sapak berýärdi, sahnada gepleýişden  bolsa onuň aýaly okadýardy. Biz MÇAT-yň köpçülikleýin sahnalaryna gatnaşýardyk. Talyplar spektakllaryny goýýardyk.  Wladimir Konstantinowiçiň goýan «Edenli leýtenant» spektaklynda ýüzugruna leýtenantyň gujagyna dolýan baş gahrymanyň keşbini döredipdim. Onuň roluny kursdaşym Durdygylyç Nyýazow ýerine ýetirýärdi. Şol epizod sebäplem birek-birege göwün berdik, okuwy tamamlap, Aşgabada maşgala bolup dolandyk. Biz bilen bile okan Kakajan we Gülnabat Aşyrowlaram maşgala gurupdylar.

Biziň dördümiz Mollanepes  adyndaky akademiki teatra işe durduk. Bizi Sona we Suraý Myradowalar, Täçbibi Gafurowa, Jeren Işangulyýewa, Liza Garaýewa we türkmen sahnasynyň başga-da ençeme ägirtleri gurşap aldylar.  Meniňki beýleki kursdaşlarymyňkydan şowly boldy: maňa  başgyr ýazyjysy Mustaý Karimiň  «Aýgülistan» pýesasy boýunça spektaklda baş keşbi ynandylar. Teatryň artistleri: «Gele-gelmäne baş keşpde» – diýişdiler. Men bu roly halapdym, onuň gahrymany maňa ruhy taýdan ýakyndy, Galyberse-de, menem Aýgülüň gününe düşen bolsam, onuň ýaly hereket ederdim, onuň sözlerini aýdardym. Men bu roly şeýle gowy ýerine ýetirdim welin, maňa Aýgül diýip ugradylar.

Men akademiki teatra 5 ýyl gulluk etdim. Şol döwürde köp keşp döretdim, özem, esasan, baş rollardy, ýaş bolsamam, esasy aktrisa hasaplaýardylar. Adamym döredijilik işinden daşlaşdy. Belki, oňa magalasynda aňyrdan gelýän mugallymçyk ýörelgesi täsir eden borly, ol kän wagt geçmänkä medeniýet institutyna işe geçdi.

 «Aşgabat» kinoteatrynyň jaýynda Aman Gulmämmedow adyndaky Ýaş tomaşaçylar teatry (ÝTT) açyldy, beýleki teatrlardan ýaşlar şol ýere işe geldiler. Olaryň arasynda menem bardym, 25 ýyllap bu teatra gulluk eden döwrümde dynç almany bilmän işledim. Bir gezek gastrola gidenimizde meniň bilen gürrüňdeş bolan zenanlar: «Siz şeýle bir köp işleýäňiz welin, Siz öte baý bolmaly» – diýdiler. Muňa gülküm tutdy.

Men 40 ýaşymda «Türkmenistanyň halk artisti»  diýen hormatly ada eýe boldum. Muny eşidip, Maýa Kulyýewa: «Aslynda  bu at 60 ýaşdan soň berilýär...» – diýip geň galypdy.

Magtymguly adyndaky kaşaň Sazly-drama teatry açylandan onuň ilkinji çeper ýolbaşçysy Kadyr Atabaýew meni işe çagyrdy. Bu ýerde men Kerim Gurbannepesowyň «Ata we ogul» poemasy boýunça goýlan spektaklda Garagyzyň keşbini, başga-da ençeme keşpleri döretdim. Men  ýaşlara kömek etmegi halaýaryn, olara hoşamaý sözüm bilen goldaw berýärin.

Keç ýeri, gyzym ýolumy dowam etmedi, ol ykdysadyýete göwün berdi, köp ýyllap bankda işledi. Bir gezek ejemi bagtyýar etjegime söz bermedik bolsam, menem mugallym, bank işgäri ýa-da lukman bolardym diýen pikir käteler göwnüme gelýär.

Tamara GLAZUNOWA