Ï Ýurdumyzyň Diplomatik işgärleriniň güni mynasybetli maslahat
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Ýurdumyzyň Diplomatik işgärleriniň güni mynasybetli maslahat

view-icon 4126

Şu gün Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda ýurdumyzyň Diplomatik işgärleriniň gününe gabatlanylyp, “Türkmenistanyň diplomatiýasy – onuň taryhy, häzirki döwri, geljegi” atly ylmy maslahat geçirildi.

Foruma ýurdumyzyň diplomatik gullugynyň ýolbaşçylary we işgärleri, Türkmenistanda işleýän diplomatik wekilhanalaryň hem-de halkara guramalaryň baştutanlary, ýokary okuw mekdepleriniň rektorlary we mugallymlary, talyp ýaşlar gatnaşdylar. Maslahata şeýle hem jemgyýetçilik guramalarynyň, milli we daşary ýurt köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri çagyryldy.

Ýygnananlar hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň diplomatik işgärlere olaryň hünär baýramy hem şu maslahatyň geçirilmegi mynasybetli iberen Gutlagyny üns bilen diňlediler. Milli Liderimiziň Gutlagynda belleýşi ýaly, Türkmenistan döwletimiziň Bitaraplyk hukuk derejesine ygrarly bolmagynda, ýurdumyzyň daşary syýasaty halkara giňişliginde syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanpewrer ulgamlaryny ösdürmekde uly goşant goşýar. Ýurdumyzyň diplomatik gullugy Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllygyny, şeýle hem Birleşen Milletler Guramasy derejesinde yglan edilen Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyny mynasyp garşylamak üçin uly möçberli daşary-syýasy çäreleri amala aşyrar.

Döwlet Baştutanymyz foruma gatnaşyjylara iberen Gutlagynda bu maslahatyň dowamynda biziň döwletimiziň daşary syýasatynyň we diplomatiýasynyň oňyn tejribesi hem-de parahatçylygy berkitmeklige aýratyn goşandy barada netijeli pikir alyşmalaryň boljakdygyna ynam bildirdi.

Maslahatyň barşynda bellenilişi ýaly, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň baştutanlygynda ýurdumyz köpugurly halkara hyzmatdaşlygy ösdürmäge, sebit hem-de ählumumy möçberde Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek işinde dünýä bileleşiginiň tagallalaryny birleşdirmäge gönükdirilen netijeli daşary syýasy ugry yzygiderli durmuşa geçirýär.

Milli Liderimiziň bu öňdengörüjilikli strategiýasy hem-de öňe sürýän döredijilikli başlangyçlary ählumumy goldawa mynasyp bolýar. BMG-niň Baş Assambleýasynyň 73-nji mejlisinde biragyzdan kabul edilen Kararnama şol başlangyçlaryň wajypdygynyň aýdyň subutnamasydyr. Bu Kararnamada Türkmenistanyň 2021-nji ýyly Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly diýip yglan etmek hakyndaky başlangyjy berkidildi.

Döwlet Baştutanymyz bu pikiri öňe sürmek bilen, onuň anyk häsiýete eýedigini aýratyn belledi hem-de dünýä bileleşigini bu möhüm resminamanyň üstüni many-mazmun bilen baýlaşdyrmaga çagyrdy. Özüniň many-mazmuny boýunça ýurdumyzda yglan edilen şu ýylyň “Türkmenistan –parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” diýen şygary BMG-niň Kararnamasy bilen doly sazlaşýar.

Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň öňüsyrasynda Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 25 ýyllygynyň baýram edilendigi bellärliklidir. Geçen 2020-nji ýyl şu şanly senä beslendi. Çärýek asyryň dowamynda ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýynyň sebitde we dünýäde parahatçylygy hem-de howpsuzlygy üpjün etmegiň täsirli guraly, netijeli ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn hyzmatdaşlyk, şol sanda abraýly halkara guramalaryň çäklerinde gatnaşyklar üçin ygtybarly binýat hökmünde özüni görkezendigi möhüm ähmiýete eýedir.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň BMG-niň Baş Assambleýasynyň ýokarda agzalan Kararnamasynda öz beýanyny tapan başlangyçlary hem özüniň parahatçylyk döredijilikli kuwwatyny umumy abadançylygyň we ösüşiň bähbidine ulanmaga çalyşýan Türkmenistanyň oňyn Bitaraplyk syýasatynyň esasy ýörelgelerinden hem-de maksatlaryndan gözbaş alýar.

Garaşsyz, baky Bitarap döwletimiziň daşary syýasatynyň netijeli durmuşa geçirilmeginiň hem-de onuň milli bähbitleriniň goralmagynyň ýurdumyzyň diplomatik gullugynyň işiniň esasy görkezijileriniň biri bolup durýandygy nygtaldy. Şunuň bilen baglylykda, çykyş edenler türkmen diplomatiýasynyň dostluk, hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny, sebit hem-de dünýä derejesinde özara düşünişmegi we ynanyşmagy pugtalandyrmaga goşýan uly goşandyny bellediler. Diplomatlar milli Liderimiziň tabşyryklaryndan ugur alyp, öz öňlerinde goýlan möhüm hem-de jogapkärli wezipeleri üstünlikli çözmek boýunça maksada laýyk işleri amala aşyrýarlar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýakyndan goldaw bermegi netijesinde, Türkmenistanyň diplomatik gullugynyň maddy-enjamlaýyn binýady yzygiderli berkidilýär hem-de düzümi döwrebaplaşdyrylýar. Döwlet Baştutanymyzyň şu aýda gol çeken Kararyna laýyklykda, “Türkmenistanyň ussat diplomaty” diýen tapawutlandyryş nyşan döredildi.

Ýurdumyzyň daşary ýurtlardaky diplomatik wekilhanalarynyň hem-de konsullyk edaralarynyň ulgamy ýylsaýyn giňelýär. Türkmenistan goňşy ýurtlar hem-de dünýäniň beýleki sebitlerinde ýerleşýän döwletler bilen dostlukly gatnaşyklary we özara bähbitli hyzmatdaşlygy okgunly ösdürip hem-de daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen giň gerimli düzümleýin taslamalaryň başyny başlap we bilelikde durmuşa geçirip, dünýä hojalyk gatnaşyklarynyň häzirki zaman ulgamyna ynamly goşulyşýar, onuň halkara abraýy barha artýar.

Häzirki döwrüň ýagdaýlaryndan we talaplaryndan ugur alnyp, milli diplomatiýa mekdebiniň ösdürilmegine hil taýdan täze itergi berildi. Şu babatda ýokary hünärli işgärleri taýýarlamaga möhüm ähmiýet berilýär. Munuň özi täze hünärleri açmak, bilim bermek işine öňdebaryjy sanly tehnologiýalary hem-de innowasion usullary işjeň ornaşdyrmak, daşary ýurtlaryň esasy ugurdaş ýokary okuw mekdepleri bilen özara peýdaly tejribe alyşmak zerurlygyny şertlendirýär.

Häzirki döwrüň ýagdaýlary bilen baglylykda, diplomatik işiň täze wezipeleri hem-de usullary peýda bolýar. Soňky ýyllarda ýurdumyz diplomatiýanyň ykdysadyýet, ulag, energetika, ekologiýa, suw hem-de medeniýet we sport ýaly wajyp ugurlarynyň ösdürilmegi barada tagalla edýär.

Öňüni alyş diplomatiýasynyň kuwwatyndan netijeli peýdalanma, onuň ýüze çykýan dawalary hem-de gapma-garşylyklary syýasy-diplomatik usullar arkaly kadalaşdyrmak, parahatçylyk döredijilik we ynanyşmagy pugtalandyrmak çäreleri ýaly gurallary netijeli ulanmaga aýratyn ähmiýet berilýär.

Häzirki döwürde dünýäde koronawirus pandemiýasy zerarly ýüze çykan çylşyrymly ýagdaýdan ugur alnyp, ylym we saglygy goraýyş diplomatiýasynyň mümkinçiliklerinden doly peýdalanmak ileri tutulýan ugurlaryň biri bolup durýar. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň BMG-niň howandarlygynda onuň Bütindünýä saglygy goraýyş guramasy ýaly ýöriteleşdirilen düzümi bilen hyzmatdaşlygyň gurallaryny ýola goýmak boýunça öňe süren teklibi şu wezipäni çözmäge gönükdirilendir.

Halkara guramalarynyň ýanynda hem-de daşary ýurtlarda Watanymyzyň bähbitlerine wekilçilik edýän Türkmenistanyň diplomatik düzümi milli Liderimiziň başlangyçlaryny ilerletmegi hem-de iş ýüzünde yzygiderli durmuşa geçirmegi özüniň esasy maksady hasaplaýar. Şol başlangyçlar häzirki döwrüň wajyp meseleleriniň sazlaşykly çözgütlerini işläp taýýarlamaga, özara hormat goýmak we ynyanyşmak, deňhukuklylyk hem-de netijelilik ýörelgeleri esasynda köpugurly hyzmatdaşlygy ösdürmäge ýardam etmäge gönükdirilendir.

Maslahatyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa Ýüzlenme kabul edip, döwlet Baştutanymyza milli diplomatik gullugyň işini kämilleşdirmek meselelerine uly üns berýändigi üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirdiler hem-de döwlet Baştutanymyzy öňde goýlan wezipeleri üstünlikli çözmek üçin ähli tagallalary etjekdiklerine ynandyrdylar.

Däp bolşy ýaly, hünär baýramy mynasybetli diplomatik gullugyň ýaş işgärlerine hem-de Halkara gatnaşyklary institutynyň soňky ýylynyň talyplaryna Daşary işler ministrliginiň degişli diplomlaryny gowşurmak dabarasy boldy.

Forumyň çäklerinde DIM-iň Halkara gatnaşyklary institutynda ýurdumyzyň Diplomatik işgärleriniň gününe gabatlanylan, şeýle hem Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyna we hemişelik Bitaraplygynyň 25 ýyllygyna hem-de “Türkmenistan –parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” şygary astynda geçýän 2021-nji ýyla bagyşlanan mowzuklaýyn sergi hem guraldy.