Ï Gadymy sungatyň galkynyşy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Gadymy sungatyň galkynyşy

view-icon 12623
Gadymy sungatyň  galkynyşy
Gadymy sungatyň  galkynyşy
Gadymy sungatyň  galkynyşy
Gadymy sungatyň  galkynyşy
Gadymy sungatyň  galkynyşy
Gadymy sungatyň  galkynyşy
Gadymy sungatyň  galkynyşy
Gadymy sungatyň  galkynyşy

Türkmenleriň dünýä belli özboluşly önümleriniň arasynda dokma ýaglyklar we gyňaçlar aýratyn orun tutýar. Dürli-dürli owadan ýaglyklaram türkmen zenanlarynyň gelniň lybasy üçin döredýän zatlaryndan kem gelýär. Ol, elbetde, elde dokalýan ýaglyk ( dogrusy, gyňaç) – möçberi boýunça iň iri we nepis gözelligi babatda gülli dokma sungatynyň hakyky eseri – düýpli gyňaçdyr, ol geçmişde türkmen zenanlarynyň milli lybaslarynyň üstüni ýetiripdir.

Düýpli guňaç – Türkmenistanyň özboluşly nyşanydyr. Her bir maşgalanyň sandygynda uly söýgi we çeper ussaltyk bilen dokalan ene-mamalarymyzyň ýaglyklary aýawly saklanýandyr.

Durmuş guran zenanlaryň börügiň ýa-da topbynyň üstünden daňynýan düýpli gyňajy ХХ asyryň 60-70-nji ýyllarynda ýatdan çykarylyp başlady. Indi häzirki günlerimizde ol toý däpleriniň bir bölegine öwrüldi – ol gyzlyk ýaglygy aýrylyp, onuň ornuna daňylýan gelin gyňajydyr. Ondan soňra işläňde päsgel bermeýän, şol bir wagtyň özünde halk däplerine kybap has oňaýly gyňaç daňynylýar.

Düýpli gyňaç – türkmen tire-taýpalarynyň ählisiniň arasynda elde dokalan iň owadan ahal-teke ýaglyklarynyň biridir. Bu gyňaç diňe Türkmenistanda öndürilýändigi üçin hem özblouşlydyr. Şeýle ýaglyk gazaklarda-da, gyrgyzlarda-da, özbeklerde-de ýok bolsa gerek. Ýüpek matanyň ýüzünde her hili ýagtylyk we reňk üýtgeşik oýnaýar welin, zenan maşgala üçin onuň bahasy däl-de, eýsem estetiki baýlygy zadyň gymmadyny hem ähmiýetini artdyrýar.

Üçburç düýp gyňaç ýa-da agyr gyňaç -- iri gyzyl gülli, sany sekiz töweregi aýry-aýry dokma bölekleri birleşdirilen, esasy düşegi üç metrden gowrak ele agram salyp duran ullakan dokma gyňaçdyr. Onuň daş tarapyndan tarada dokalan köpgat nagyş geçýär. Ýaglygyň gyralaryny dürli reňkli ýüpek sapaklardan gür seçekler jähekleýär. Onuň owadanlygyny has nygtamak üçin her seçegiň ujuna dürli reňkli ýüpek düwmejikler daňypdyrlar.

Amaly-haşam sungatynda bezegler: ösümlik, geometrik, haýwanlar şekilli we gaýry toparlara bölünýär. Geometrik nagyş aýratynam dokma nagşa mahsusdyr, onda surat bilen gyradeň doldurylan tekizlik şekilde üýtgeşik içki ritm döredýär. Zolakalr reňk we ini babatda çalşyp-tapawutlanyp, iki, üç hatar dokalýar: tutuş matadan zowwam geçýän birmeňzeş zolaklar dokma nagyşyň umumy bezeg ritmine äheň berýär. Her bir şeýle zolagyň gyrasyndan geçýän reňkli (ak-sary-gara) inçe gaýma nagyşy aýratyn owadan görkezýär.

Şonuň bilen birlikde nagyşa ahromatik reňkleriň salynmagy olaryň gapdalyndaky reňkleriň ýitiligini pesetlmäge mümkinçilik berýär. Reňkleridir gülleri näçe köp bolsa-da, ýaglyk hiç wagt bigelşik ala-mula görünmeýär. Onda çeper serişdeleriň artyklygy ýa-da olaryň biri-birine gabat gelmezligi göze ilmeýär. Inçeden nepis nagyşlar ençeme saz gurallary üçin aýry-aýry partiýlardan ybarat simfoniýa kimin kemsiz-köstsüz çitiliýär.

Adamzat tarany gadymýetden bäri ulanyp gelýär. Käbir oba öýlerinde henizem agyr el işini, yhlasy we sabyr-takaty talap edýän el taralary gabat gelýär. Çeper elli zenanlar häzir hem gadym döwürlerden galan sadaja dörtburç enjam -- geljekki ýaglygyň düşeginiň ýüpi çekilen kese tara ulanýarlar.

Gülli dokmaçylyk elde keşde çekendenem has çylşyrymly, çünki nagyşy onuň düşeginiň «aşak ýüzünden» dokalýar. Şunda nagyş matanyň dokalyşyna görä kemala gelýär. Şol sebäplem nusgawy nagyşyň sazlaşygynyň bozulyp-bozulmaýandygyny barlap durmak üçin dokmaçylar tarada aýnajyk ulanýarlar. Nagyş salma sungatynyň şu görnüşinde onuň gülüniň çitimini saýlamak juda kyn, ol berk takyklygy we eliň çeperligini talap edýär. Onuň usuly näme nagyş salmalydygyny, şeýle hem olary matanyň bezeginde ýerleşdirmegiň usulyny kesgitleýär.

Onuň suratlary ummasyzdyr, olaryň her biri anyk many berýän haýsydyr bir obrazdyr. Her nagyş belli bir maglumat berýär, ýöne oňa düşünmek üçin bezeg syrlarynyň manysyny gowy bilmeli.

Dokma gyňaçda nagyşyň umumy gurluşyna syn edeniňde onuň esasan gönüligini görmek bolýar. Nagyş düşegi ugurdaş inçe, ortaça we ýogyn zolaklara bölünýär. Gyňajyň bezegini emele getirýän nagyşlaryň arasynda tutuş matadan uzaboýuna geçýän esasy güli saýry gelýär. Onda milli haşam sungatyna mahsus dört reňk: ak, gara, sary reňkler gyzyl reňki fonunda utgaşýar.

Adatça reňkler diňe bir şu gadymy nagyşda däl, eýsem gyňajyň tutuş bezeginde belli bir sazlaşykda ýerleşýär. Şonuň üçinem düýpli gyňaç bezegleriniň kämilligi bilen görene güçýçli täsir edýär.

Liniýlarynyň parallelligi we bezegleriniň geometrikligi, dokama nagyşyň takyk meňzeş şekilleriniň gaýtalanyp durmagy ony el keşdesine meňzedýär. Onuň dürli görnüşleri el keşdesine salynýan nagyşlary ýada salýar. Tara dokmasyna keşdelerde we halylarda ulanylýan nagyşlar hem mahsusdyr.

Öňden gelýän ýörelgeleri ulanyşdan galdyrýan düýpli durmuş-ykdysady şertlere garamazdan, käbir däbe öwrülen durmuş däpleri durnuklylygyny saklap galýar. Munuň esasynda uly nesliň endigi, halkyň öz däplerine ygrarlylygy ýatyr.

Biziň ene-mamalarymyz hem ajaýyp ýüpek gyňaç daňynypdyrlar. Modanyň gaýtadan dolanma häsiýeti bar, şonuň üçinem häzir ýene düýpli gyňaç ýoň boldy. Ýaşlaryň arasynda ýene ýaglyklara höwes döredi.

Häzirki wagtda zenan ýaglyklarynda olaryň maşgala ýagdaýyny, durmuş derejesini görkezýän tapawut çalt ýitýär. Gyňaç ýaşy durugşan zenanlaryň halaýan ýaglygy. Folklora höwes döredi, lybaslaryň täze biçüwinde gadymy elementler ulanylýar we täzeçe beýan edilýär. Ozaldan galan bezegler täze lybas esbaplaryna geçdi, olaryň görnüşi artýar, ýaglyklaryň daş görnüşini döwrebaplaşdyrmaga synanylyşylýar.

Taýyn dokma nagyşlar ýerli folklor muşdaklarynyň arasyna uly islegli harytdyr, olary keşdä derek köýnege tikýärler, olardan sumkalary, gapjyklary, şarflary, ýaglykdaňy we başga-da ençeme zat tikýärler, olar türkmen zenanlarynyň ulanýan täze bezegleridir.

Halk zehininden dörän düýpli gyňajyň müdimi gözelligi her bir türkmen zenany üçin lybasynyň bir bölegi däl-de, eýsem taryhyň bir bölegidir. Üýtgeşik gözelligi bilen saýry gelýän bu nagyşlar asyrlarboýy halk sungatynyň bu eserini bezeg berýän simwoliki ähmiýete eýe etdi. Türkmen zenanlary bu gyjajy buýsançly daňynýarlar. Ol ajaýyp we gymmat sowgat, sebäbi ol türkmen ruhunyň bir bölegi, medeniýetimiziň bir bölegi, pederlerimiziň döreden we bize peşgeş galdyran amaly-haşam sungaty. Ony özümiz-ä bir daňynýarys, gyzlarymyza-da berýäris, beýleki halklaryň wekillerine-de sowgat edýäris. Ol häzirki döwrümize gadymy däpleri gaýtaryp berýär.

Biziň wezipämiz—bu gadymy sungata höwesi dikeltmekden, häzirki zenanlaryň lybaslarynyň arasynda hökmany zada öwrülen şu gyňajy döretmegiň syrlaryny açmakdan ybaratdyr. Ýaglygyň suraty diňe bir ýörelgelere laýyk gelmän, eýsem modaly hem bolmalydyr. Dokma ýaglyk sungaty däp-dessurlaryň, türkmen halkynyň milli-ruhy gymmatlyklarynyň iň möhüm nusgasydyr.

Şonuň üçinem düýpli gyňajy taýýarlamagyň däp bolan sungatyny we ony daňynmagy hem-de onuň simwolikasyny ÝuNESKO-nyň Maddy däl medeni mirasynyň reprezentatiw sanawyna goşmaga mynasyp hasaplaýarys.

Ajap BAÝRYÝEWA, etnograf, taryh ylymlarynyň kandidaty

Surata düşüren: awtor