Ï Resmi habarlar
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Resmi habarlar

view-icon 2882

Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Gurbanguly Berdimuhamedow “Hukuk namalary hakyndaky” Türkmenistanyň Kanunynyň 30-njy maddasyna laýyklykda, Permana gol çekdi. Resminama bilen, “Döwlet pajy hakynda” Türkmenistanyň Prezidentiniň 1993-nji ýylyň 29-njy noýabrynda çykaran 1077-nji Permanyna goşmaça girizildi. 

*** 

Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Gurbanguly Berdimuhamedow “Hukuk namalary hakyndaky” Türkmenistanyň Kanunynyň 30-31-nji maddalaryna laýyklykda, Türkmenistanyň Prezidentiniň käbir kadalaşdyryjy hukuk namalaryna şu karara goşulýan sanawa laýyklykda üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmek hem-de olaryň käbirini güýjüni ýitiren diýip ykrar etmek hakyndaky Karara gol çekdi.