Ï Daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen nobatdaky wideoduşuşyk
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen nobatdaky wideoduşuşyk

view-icon 2199
Daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen nobatdaky wideoduşuşyk

24-nji fewralda BMG-niň Ýewropa Ykdysady Komissiýasynyň (BMG ÝYK) Içerki ulag boýunça Komitetiniň 83-nji mejlisiniň çäklerinde Türkmenistanyň BMG-niň Ženewadaky edarasynyň ýanyndaky Hemişelik wekilhanasy hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllygyna hem-de Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyna bagyşlanan «Hazar deňzi sebitinde pandemiýa döwründe ulag we söwda gatnaşyklarynyň durnuklylygy» diýen mowzuk boýunça onlaýn görnüşinde duşuşyk gurady. 

Çärä Merkezi Aziýa we Hazarýaka ýurtlarynyň ilçileri hem-de wekilleri, şeýle-de halkara guramalarynyň wekilleri gatnaşdylar. 

Wideoduşuşygyň barşynda BMG-niň Ýewropa Ykdysady Komissiýasynyň Ýerine ýetiriji sekretary hanym O.Algaýerowa, BMG-niň Baş sekretarynyň orunbasary, hanym Fekitamoeloa Katoa Utoikamana, Awtomobil ulaglarynyň halkara birleşiginiň Baş sekretary jenapUmberto de Pretto, şeýle hem degişli ýurtlaryň ilçileri we hemişelik wekilleri, şol sanda halkara guramalarynyň agzalary çykyş etdiler. 

Ulag logistika ulgamynyň birleşdirilmeginiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Ol 2021-nji ýylda ösüşiň we öňe gidişlikleriň gazanylmagynda aýratyn wajyp hem-de täsirli ugurlaryň biridir. 

Şeýle-de duşuşyga gatnaşyjylar tarapyndan pandemiýa döwründe durnukly multimodal üstaşyr geçelgeleriniň döredilmegine ýardam etmek maksady bilen, ulaglaryň ähli görnüşleriniň arasynda hemmetaraplaýyn özara hereketleriň üpjün edilmegi arkaly syýasy gatnaşyklaryň dowam edilmeginiň we pugtalandyrylmagynyň ähmiýeti aýratyn bellenildi. 

Duşuşygyň dowamynda türkmen tarapy şu ýyl Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllygynyň dabaralandyrylmagy, şeýle hem ýurdumyzda 2021-nji ýylda deňize çykalgasy bolmadyk ösüp gelýän ýurtlaryň Ulag ministrleriniň maslahatynyň geçirilmegine görülýän taýýarlyk barada hem habar berdi.