Ï «Ýazmyrat, bu kitap bilen adyň asyrlar aşar»
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

«Ýazmyrat, bu kitap bilen adyň asyrlar aşar»

view-icon 5767
«Ýazmyrat, bu kitap bilen adyň asyrlar aşar»
«Ýazmyrat, bu kitap bilen adyň asyrlar aşar»
«Ýazmyrat, bu kitap bilen adyň asyrlar aşar»
«Ýazmyrat, bu kitap bilen adyň asyrlar aşar»

Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň ylmy we döredijilik işleri boýunça prorektory Ýazmyrat Rejebowyň yzly-yzyna iki kitaby neşir edilenden soň kärdeşleri oňa Wiktor Uspenskiniň işini dowam ediji diýip ugradylar, ol egindeşi Wiktor Belýaýew bilen  bilelikde 1925-1928-nji ýyllarda tutuş Türkmenistany aýlanyp, türkmen halk aýdymlaryny we dutar, gyjak, tüýdük sazlaryny nota geçiripdi. Bu iki höwesegiň wagty az bolansoň olar sazlary nota gysgaça geçiripdirler. Şeýle bolsa-da ol kitap täze nesliň sazandalary üçin bahasyna ýetip bolmajak peýdaly neşir bolupdy.

Şondan 80 ýyl geçen soň Türkmenistanyň Döwlet neşirýat gullugy Ýazmyrat Rejebowyň «Dutar sazlary» atly okuw gollanmasyny neşir etdi. Onda Mylly Täçmyradow, Pürli Saryýew, Çary Täçmämmedow ýaly meşhur sazandalaryň sazlarynyň 45-siniň nota ýazgysy bar. Kitap iki bölümden ybarat: birinjisine toplumlaýyn, köp bölümli iri eserler, ikinjisine  -- meşhur halk sazlary girdi.

Aramyzdan golaýda giden ajaýyp kompozitor Rejep Rejebow gollanma bilen tanşandan soň: «Ýazmyrat, bu kitap bilen adyň asyrlar aşar»  - diýipdi.

--Kitabyma 2015-nji ýylyň dekabr aýynyň ahyrynda çap edilmäge rusgat berlipdi, 2016-njy ýyla bolsa «Mirasa sarpa goýmak, Watany özgertmek» şygary saýlanyp alnypdy. Şygar kitabyma kybap gelipdi, şonuň üçinem ony 2016-njy ýylyň şygaryna bagyşlapdym -- diýip awtor gürrüň berýär.

«Türkmen halk sazlary» atly ikinji okuw gollanmasyna eserleriň 33-si girizilipdir, birinji gollanmadakylaryň üstüne Jepbarberdi Hansähedowyň ady hem goşulypdyr.

«Baga gireli» sazy hem şu kitaba girizilen eserleriň biridir. Geçen asyryň 50-nji ýyllarynda ussat sazanda Mylly Täçmyradowyň öýünde bolan bir waka ýatlanylýar.  Onuň her gün radio diňleýän aýaly Ogulnabat eje Mylly aga işden öýüne gelende: «Bu gün-ä sen «Baga girelini» gaty üýtgeşik çaldyň!» - diýipdir. «Ýalňyşdyň, keýwany, bu gün ol sazy iň güýçli şägirtlerimiň biri Jepbarberdi Hansähedow çaldy» -- diýip buýsançly jogap beripdir.

Kitapda «Hajy golak» sazy hem nota geçirilipdir, onuň baş gahrymany at-owazasy dag aşan  sazanda Hajy golak barada gürrüň berilýär. 

Bir gezek han onuň dutar çalşyna haýran  bolýar, ýüregine görüplik apady inýär, onsoň ol bir özi güýçli dutarçy boljak bolup, sazandanyň ellerini çapdyrýar. Bu eýmenç wakany saz dilinde gürrüň beren Pürli Saryýewiňem ussatlygy, belki,  Hajy golagyňkydan pes bolmasa  gerek.

Bu iki waka sazandalaryň ussatlygynyň ýagşy gylyk adamlary begendirse, bet pygyl adamlarda jenaýata iterýän görüplik döredýändigini görkezýär. Ajap saza biparh adam welin ýok bolsa gerek.

Kitaba Mylly Täçmyradowyň çalan «Humarala», Çary Täçmämmedowyň -- «Tüni derýa», Pürli Saryýewiň --  «Näler goründi», «Ýar derdiňden», «Gyrmyzy» sazlary we başga-da ençeme saz girizilipdir.

-- Gollanamalarym sazandalara we saz öwrenijilere neýetlenen – diýip Ýazmyrat Baýrammyradowiç gürrüň berýär. – Men olar  sazçylyk ýörüte orta hünär mekdepleriniň we konserwatoriýanyň talyplary üçin hem ýankitaba öwrüler diýip çak edýärin.

-- Olaryň dowamy bolarmy?

--Hökman. Men şu ýyl üçünji gollanmad-a şu ýyl neşir ediler diýip umyt bildirýärin.

Tamara GLAZUNOWA

Surata düşüren: Alekseý GIMALITDINOW