Ï Döwlet Baştutanymyz Mejlisiň deputatlary bilen duşuşdy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Döwlet Baştutanymyz Mejlisiň deputatlary bilen duşuşdy

view-icon 3368

Şu gün Ruhyýet Köşgünde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýurdumyzyň deputatlar düzümi bilen duşuşygy boldy. Onda milli parlamentiň öňünde durýan wezipeler anyklaşdyryldy hem-de Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Garaşsyz Türkmen döwletiniň ösüşiniň nobatdaky tapgyrynda kanunçykaryjylyk işiniň ileri tutulýan ugurlary kesgitlenildi. 

Duşuşygyň öňüsyrasynda döwlet Baştutanymyz maslahat geçirip, Mejlisiň, syýasy partiýalaryň, jemgyýetçilik guramalaryň ýolbaşçylary bilen «Türkmenistan–parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýlip yglan edilen 2021-nji ýylda Garaşsyz, Bitarap döwletimizi mundan beýläk-de hemmetaraplaýyn ösdürmegiň möhüm wezipeleri boýunça pikir alyşdy. 

Milli Liderimiz ýurdumyzyň içeri hem-de daşary syýasatyny wagyz etmekde, jemgyýetiň demokratik esaslaryny we halkymyzyň agzybirligini pugtalandyrmakda bu düzümlere möhüm ornuň degişlidigini belledi. 

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Mejlisiň deputatlary, syýasy partiýalaryň we jemgyýetçilik guramalarynyň agzalary öňde durýan wezipelere amal edilmegine mynasyp goşant goşýarlar. 

Bu wezipeleriň üstünlikli çözülmegi halkymyzyň abadan we bagytýar durmuşyny üpjün etmegiň möhüm şerti bolup durýandygyny aýdyp, döwlet Baştutanymyz Bitarap Türkmenistanyň öňe sürýän başlangyçlarynyň halkara derejesinde ykrar edilýändigini, täze işlenip taýýarlanylýan kanunlaryň we döwlet derejesinde kabul edilýän çözgütleriň mazmunyny we ähmiýetini düşündirmek işleriniň yzygiderli alnyp barylmalydygyny nygtady. 

Mejlisiň ýolbaşçylary milli kanunçylygy döwrebaplaşdyrmak, halkyň arasynda guralýan jemgyýetçilik-syýasy çäreleriň dowamynda Garaşsyzlygymyzyň ähmiýetini, many-mazmunyny giňden wagyz etmek, halkara hyzmatdaşlygyny işjeňleşdirmek, parlamentiň işine ösen tejribeleri ornaşdyrmak boýunça hormatly Prezidentimiziň öwüt-ündewlerini hem-de maslahatlaryny üstünlikli ýerine ýetirmek boýunça toplumlaýyn işleriň alnyp barylýandygyny habar berdiler. 

Soňra ýurdumyzyň syýasy partiýalarynyň ýolbaşçylary täze taryhy eýýamda Türkmenistanda giň möçberli özgertmeleriň durmuşa geçirilýändigini bellediler. Şunda döwletimiziň we jemgyýetimiziň durmuşynyň ähli ulgamlarynda, halkara hyzmatdaşlygyny işjeňleşdirmekde alnyp barylýan işler özüniň oňyn netijesini berýär. 

Jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylary amala aşyrylýan işler, şol sanda Kärdeşler arkalaşyklarynyň we Zenanlar birleşiginiň agzalarynyň raýatlarymyzyň we ýurdumyzyň zenanlarynyň kanuny hukuklaryny we bähbitlerini goramak boýunça görýän çäreleri barada habar berdiler.

Şeýle hem Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň hormatly Prezidentimiziň ýaşlar bilen alnyp barylýan işleri kämilleşdirmek, olaryň jemgyýetçilik durmuşynyň möhüm wakalaryna işjeň gatnaşmagyny üpjün etmek boýunça öňde goýan möhüm wezipeleriniň amala aşyrylyşy barada aýdyldy. 

Milli Liderimiz kanun çykaryjy, ýerine ýetiriji edaralaryň işini kämilleşdirmek, möhüm kanunçylyk namalarynyň kabul edilmegi we durmuşa geçirilmegi, raýat jemgyýetiniň demokratik edaralarynyň durmuşa geçirýän çäreleriniň netijeli häsiýete eýe bolmagy bilen baglanyşykly meseleleriň wajypdygyna ünsi çekdi. 

Bu babatda hormatly Prezidentimiz Watanymyzyň parahatçylykly ösüşine, halkymyzyň abadançylygyny üpjün etmäge gönükdirilen döwlet syýasatynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegine hem-de onuň many-mazmunyny açyp görkezmek boýunça köpçülikleýin wagyz-nesihat çärelerini guramaga aýratyn ähmiýet berilýändigini nygtady. Munuň özi ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylan özgertmeleri işjeň ilerletmekde, jemgyýetiň agzybirligini, jebisligini pugtalandyrmakda möhüm orun eýeläp, türkmenistanlylary täze uly zähmet ýeňişlerine ruhlandyrýar. 

Bu gün raýatlaryň bagtyýar durmuşynyň üpjün edilmegi, türkmenistanlylaryň, şol sanda zenanlaryň we ýaşlaryň döredijilik kuwwatyndan netijeli peýdalanmagy, ýaş nesliň döwrebap terbiýelenmegi we bilim almagy bilen baglanyşykly meseleler döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri hökmünde kesgitlenildi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz bu ugurda öňde durýan wezipeleriň üstünlikli ýerine ýetirilmegi üçin degişli düzümleriň sazlaşykly işiniň üpjün edilmelidigine ünsi çekdi. 

Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyny baýram etmek bilen baglanyşykly meselelere örän jogapkärçilikli çemeleşilmelidir. Şol bir wagtyň özünde milli Liderimiz ýurdumyzy 2019-2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamasynda we beýleki döwlet meýilnamalarynda kesgitlenen wezipeleriň ýerine ýetirilmegi ugrunda ähli tagallalaryň edilmelidigini belledi. 

Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, ýurdumyzyň durmuş-ykdysady we demokratik ösüşinde Mejlisiň deputatlaryna, syýasy partiýalaryň we jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylaryna hem-de wekillerine möhüm orun degişlidir. 

Soňra milli Liderimiz Türkmenistanyň deputatlar düzümi bilen duşuşyk geçirdi. 

Strategik döwlet maksatnamalaryny hem-de oňyn demokratik özgertmeleri kanunçylyk taýdan üpjün etmek boýunça Mejlisiň amala aşyrýan işleri hemişe hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň üns merkezinde durýar. Döwlet Baştutanymyzyň her ýylyň başynda halkyň saýlanlary bilen däbe öwrülen duşuşyklary munuň aýdyň subutnamasydyr. Şol duşuşyklaryň barşynda milli parlamentiň ýerine ýetiren işleriniň jemi jemlenilýär, onuň işine baha berilýär, ýurdumyzyň öňünde duran wajyp wezipeleri nazara almak bilen, Mejlisiň ýakyn geljek üçin işiniň maksatnamasy kesgitlenilýär. 

... Ruhyýet Köşgüne ýygnananlar hormatly Prezidentimizi şowhunly elçarpyşmalar bilen garşylaýarlar. 

Döwlet Baştutanymyz ýygnananlar bilen salamlaşyp, olaryň öňünde maksatnamalaýyn çykyş etdi. Milli Liderimiz ýurdumyzda haýsydyr bir jogapkärli işe başlananda halkymyz bilen maslahat-geňeş edip, onuň pikirine esaslanmak ýaly ajaýyp milli däbimiziň bardygyny belledi. Şu parasatly däbe eýerip, şu günki duşuşykda «Türkmenistan–parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýlip yglan edilen 2021-nji ýylda Garaşsyz, Bitarap döwletimizi mundan beýläk-de hemmetaraplaýyn ösdürmegiň möhüm wezipeleri ara alnyp maslahatlaşylar. 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň nygtaýşy ýaly, şu ýyl ählimiz üçin aýratyn uly ähmiýete eýedir. Ýene-de birnäçe aýdan ak mermerli paýtagtymyz Aşgabadyň 140 ýyllygy hem-de ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllygy giňden we dabaraly bellenip geçiler. 

Bu şanly seneler milli senenamamyzda aýratyn möhüm orny eýeleýär. 

Garaşsyzlyk güni biziň milli baýramymyzdyr. Bu şanly baýram bizi abadan we bagtyýar durmuşyň bähbidine täze belent sepgitlere ýetmäge ruhlandyrýar. Şoňa görä-de, nesip bolsa, Garaşsyz döwletimiziň döredilen taryhy senesi bolan 27-nji sentýabry täze şöhratly üstünliklere we ýeňişlere besläp belläris. Ýetilen sepgitler bolsa, ýurdumyzyň parahatçylyk, döredijilik we ösüş ýoly bilen ynamly öňe barýandygyny aňladýar diýip, milli Liderimiz aýtdy. 

Dünýä ykdysadyýetinde emele gelen maliýe-ykdysady çökgünlige garamazdan, biz geçen ýyl täze ykdysady özgertmeleri amala aşyrmagy dowam etdik. Ähli pudaklarda häzirki zaman tehnologiýalaryny we sanly ulgamlary ulandyk. Innowasion-önümçilik düzümlerini döretmek, halkara hyzmatdaşlygyny giňeltmek, maýa goýum işini has-da işjeňleşdirmek boýunça netijeli işleri alyp bardyk diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy. 

Netijede, ykdysadyýetimiziň durnukly ösmegi üpjün edildi hem-de senagat, maýa goýum, durmuş syýasatyny amala aşyrmak, ilatyň durmuş taýdan abadançylygynyň ýokary derejesini gazanmak, ykdysadyýetimiziň bäsdeşlige ukyplylygyny berkitmek boýunça anyk çäreler durmuşa geçirildi. 

Soňra hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow şu duşuşykda ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň ýagdaýy we halkara meseleleri barada jikme-jik durup geçmejekdigini aýtdy. 

Bu meselelere ýaňy-ýakynda ähli pudaklaryň ýolbaşçylary bilen geçirilen ýörite iş maslahatlarynda we Ministrler Kabinetiniň geçen 2020-nji ýylyň jemlerine bagyşlanan giňişleýin mejlisinde düýpli seredildi. Şoňa görä-de, häzir ýurdumyzyň kanun çykaryjy ulgamyny kämilleşdirmek boýunça öňde duran wezipelere serediler. 

Biz döwletimiziň, jemgyýetimiziň we her bir şahsyýetiň bähbitlerini nazara alyp, milli kanunçylyk ulgamyny döwrüň talaplaryna laýyklykda kämilleşdirýäris diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy. Mejlisiň deputatlarynyň Ministrler Kabineti, kanun çykarmak işi boýunça degişli ministrlikler we pudak edaralary bilen bilelikde, geçen ýylda belli bir işi edendigine garamazdan, men heniz siziň alyp barýan işiňizden nägiledigimi aýtmak isleýärin diýip, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow belledi. 

Nygtalyşy ýaly, häzirki döwürde dünýä çalt depginler bilen özgerýär. Her hepdede diýen ýaly, täze soraglary ýüze çykarýar. Bu soraglar gyssagly çözülmegini talap edýär. Bütin adamzat bolsa, koronawirus pandemiýasy sebäpli, ählumumy çökgünligi başdan geçirýär. Bu bolsa, soňky ýüz ýylda adamzadyň başyna düşen iň uly betbagtlykdyr. 

Pandemiýa dünýä ykdysadyýetine her aýda 400 milliard amerikan dollaryna golaý zyýan ýetirýär. Häzire çenli bütin dünýä boýunça 500 million iş orny ýitirildi. Mundan başga-da, sebitde we Ýer ýüzünde ekologiýa ýagdaýynyň ýaramazlaşmagy düýpli ynjalyksyzlyk döredýär. 

Biz goňşy ýurtlar we dünýä bileleşigi bilen bilelikde, Aral deňziniň guramagy netijesinde dörän ekologiýa betbagtlygynyň netijelerini azaltmak boýunça alyp barýan işlerimizi dowam edýäris. Ýöne, bu ugurda ýagdaý heniz çylşyrymly bolmagynda galýar. Şeýle bolansoň, biz deputatlarymyzdan bolup geçýän bu ýagdaýlar bilen bagly çalt we anyk çärelere garaşmaga haklydyrys. Deputatlar möhüm ähmiýetli kanunçylyk namalaryny çalt taýýarlap, kabul etmelidirler diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy. 

Hormatly Prezidentimiz duşuşyga gatnaşyjylaryň ünsüni wajyp meselelere çekip, Mejlisiň tutuş hukuk binýadyny hil taýdan ýokary derejede ösdürmegi, ilkinji nobatda bolsa, durmuş ugruna gönükdirilen hukuk döwleti hökmünde ýurdumyzyň häzirki we geljekki döwrüni gönüden-göni kesgitleýän kanunlary işläp taýýarlamagyň zerurdygyny nygtady. Bu bolsa, ykdysadyýet, saglygy goraýyş, bilim, iş bilen üpjünçilik we zähmete hak tölemek, durmuş kepillikleri ýaly örän möhüm ugurlara degişlidir. 

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň nygtaýşy ýaly, Garaşsyz Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmegini gazanmak, ykdysady kuwwatyny has-da artdyrmak, mähriban halkymyzyň hal-ýagdaýyny ýokarlandyrmak «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019–2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynyň» esasy wezipeleri bolup durýar. 

Şunuň bilen baglylykda, Prezident maksatnamasynda göz öňünde tutulan özgertmeleriň hukuk esaslaryny döretmegiň, bazar ykdysadyýeti şertlerinde pudaklaryň netijeliligini ýokarlandyrmaga, dünýä ykdysady giňişligine işjeň goşulmagyna gönükdirilen täze kanunçylyk namalaryny kabul etmegiň we hereket edýän kanunlary kämilleşdirmegiň zerurdygy bellenildi. 

Raýatlaryň telekeçilik başlangyçlaryny goldap, maýa goýum işjeňligini höweslendirmek, döwlet eýeçiligini hususylaşdyrmak we paýdarlar jemgyýetlerini döretmek möhümdir diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy. 

Bazar gatnaşyklary şertlerinde biz ylmy taýdan esaslandyrylan ykdysady syýasaty alyp barýarys, içerki bazary ýurdumyzda öndürilen önümler bilen doly üpjün etmäge aýratyn ähmiýet berýäris. Şoňa görä-de, bu gatnaşyklary düzgünleşdirýän kanunlary kämilleşdirmek we döwrebap ýagdaýa getirmek zerurdyr diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow nygtady. 

Dünýä ykdysadyýetinde amatsyz ýagdaýlaryň dowam edýändigine, çylşyrymly maliýe-ykdysady şertlere garamazdan, biz ähli pudaklarda hususy telekeçiligiň mümkinçiliklerini giňden ulanmak boýunça işleri dowam etmelidiris, telekeçilige döwlet tarapyndan goldaw bermäge, ýurduň maliýe-ykdysady ulgamyny durnukly ösdürmäge aýratyn üns bermelidiris diýip, milli Liderimiz aýtdy. 

Şunuň bilen birlikde, döwlet Baştutanymyz döwlet serişdelerini netijeli ulanmak, býujet-salgyt, pul-karz gatnaşyklaryny düzgünleşdirmek, maýa goýum işjeňligini höweslendirmek, maliýe bazarlaryny ösdürmek boýunça alnyp barylýan işleriň gerimini hem giňeltmegiň wajypdygyny belledi. 

Daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleri öndürijilere goldaw bermek, goşmaça iş orunlaryny döretmek boýunça kanunçylygy kämilleşdirmek ýaly möhüm ugurlarda alnyp barylýan işleri-de dowam etmek zerurdyr. 

Soňra hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow deputatlaryň ünsüni ýene-de bir möhüm meselä çekdi. Häzirki wagtda öňde ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň dürli pudaklaryna täze innowasion tehnologiýalary, bäsdeşlige ukyply sanly ykdysadyýeti ornaşdyrmak, sazlaşykly işleýän elektron senagatyny döretmek, sanly aragatnaşyk ulgamynda şäher bilen obanyň arasyndaky tapawudy aradan aýyrmak boýunça möhüm wezipeler durýar. 

Bu wezipeler aragatnaşygyň maglumat-kommunikasiýa ulgamynyň, şol sanda, maglumat hyzmatlarynyň, ulgamyň maglumat-kommunikasiýa üpjünçiligini ösdürmegiň, adamyň intellektual mümkinçiligini doly derejede ulanmagyň hilini we ygtybarlylygyny ýokarlandyrmagy talap edýär. 

Ýurdumyzda sanly ykdysadyýeti ösdürmek netijeli ulgamlary ornaşdyrmaga, uzak möhletli ykdysady ösüşi we ýokary öndürijiligi gazanmaga şert döredýär, jemgyýetçilik hyzmatlarynyň hilini ýokarlandyrmaga we kämil görnüşlerini ýola goýmaga, durmuş şertlerini gowulandyrmaga hemaýat edýär hem-de tehnologiýalar bilen bagly töwekgellikleriň azalmagyna, Internet ulgamynyň mümkinçilikleriniň giňelmegine ýardam berýär. Şu nukdaýnazardan, sanly ykdysadyýeti ösdürmek üçin onuň kanunçylyk binýadyny yzygiderli kämilleşdirmek zerur bolup durýar diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy. 

Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, häzirki döwürde ýurdumyz sebitiň we kontinentiň möhüm ulag-logistika merkezine öwrüldi. Şunuň bilen baglylykda, gazylyp alynýan tebigy baýlyklaryň we çig mal serişdeleriniň ýataklaryny senagat taýdan özleşdirmek we gaýtadan işlemek, şeýle hem ýokary goşmaça binýady bolan taýýar önümleri öndürmek milli ykdysadyýetiň möhüm ugurlarynyň biri boldy.

Şoňa görä-de, maýa goýumlaryny çekmek, kärhanalary hasaba alyş ulgamyny kämilleşdirmek, bäsdeşlige ukyply önümleri öndürýän, iň öňdebaryjy tehnologiýalar bilen üpjün edilen bilelikdäki kärhanalary döretmegi höweslendirmek, halkara söwda-ykdysady gatnaşyklaryny giňeltmek üçin amatly hukuk şertlerini döretmek wajypdyr. 

Şu maksat bilen, bu ugurda milli kanunçylygy yzygiderli kämilleşdirmek, hususan-da, ýuridik şahslaryň döwlet tarapyndan bellige alnyşyny döwrebap ýagdaýa getirmek üçin «Ýuridik şahslary döwlet tarapyndan bellige almak hakyndaky» Türkmenistanyň Kanunynyň taslamasyny taýýarlamak zerurdyr. 

Ýurdumyzyň aýry-aýry sebitlerini we çäklerini üpjün edýän ulgamlary täzelemek we ösdürmek boýunça hem netijeli işleri alyp barmaly. Bu ulgamlara telekeçileri çekmek üçin şertleri döretmeli diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy. 

Şundan ugur alyp, sebitlerde hojalygy dolandyrmagyň bazar ykdysadyýetiniň kadalaryna laýyk gelýän täze usullaryny ulanmagyň, täze iş orunlaryny döredip, daşary ykdysady işi has-da işjeňleşdirmegiň möhümdigi nygtaldy. Şu maksat bilen, erkin ykdysady zolaklary döretmek we olaryň netijeli işlemegini üpjün etmek üçin kanunçylyk namalaryny kämilleşdirmäge yzygiderli üns bermek gerek. 

Soňra döwlet Baştutanymyzyň nygtaýşy ýaly, adamyň hukuklaryny we azatlyklaryny üpjün etmegiň hukuk binýadyny berkitmek Parlamentiň öňünde duran esasy wezipeleriň biridir. Sebäbi, adamyň we raýatyň hukuklaryny hem-de azatlyklaryny goramak, saglygyny, ilatyň sanitariýa-epidemiologiýa abadançylygyny, jemgyýetçilik ahlagyny üpjün etmek, döwlet häkimiýetini amala aşyrmagyň tertibini, jemgyýetçilik tertibini we howpsuzlygyny gazanmak, eýeçiligi, adamyň, jemgyýetiň hem-de döwletiň kanuny bähbitlerini goramak we netijeli durmuşa geçirmek hukuk kadalaryny kämilleşdirmegiň esasy ölçegidir.

Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Administratiw hukuk bozulmalary hakyndaky kodeksine üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmek maksadalaýykdyr. 

Arbitraž kazylary tarapyndan jedellere seretmegiň tejribesini öwrenmegiň möhüm ähmiýetini nazara alyp, Arbitraž iş ýörediş kodeksiniň rejelenen görnüşini kabul etmek boýunça degişli işleri geçirmek zerurdyr diýip, milli Liderimiz belledi. 

Bulardan başga-da, Raýat kodeksiniň kämilleşdirilen, rejelenen görnüşini taýýarlamak boýunça işi dowam etmeli. Şonuň bilen birlikde, döwrüň talaplaryndan we oňyn halkara tejribesinden ugur alyp, Kodeksde halkara hususy hukugynyň kadalary hem beýan edilse, maksadalaýyk bolardy diýip, hormatly Prezidentimiz nygtady. 

Şeýle hem Döwlet Baştutanymyz «Jenaýatçylykly ýol bilen alnan girdejileriň kanunlaşdyrylmagyna, terrorçylygyň maliýeleşdirilmegine we köpçülikleýin gyryş ýaragynyň ýaýradylmagynyň maliýeleşdirilmegine garşy hereket etmek hakyndaky» Türkmenistanyň Kanunynyň rejelenen görnüşiniň, Adatdan daşary ýagdaýlaryň öňüniň alynmagy we ýok edilmegi hakynda Türkmenistanyň Kanunynyň rejelenen görnüşiniň taslamalaryny işläp taýýarlamagyň we kabul etmegiň wajypdygyny nygtady. 

Milli Liderimiz milli parlamentiň deputatlaryna ýüzlenip, olaryň syýasy partiýalaryň we jemgyýetçilik birleşikleri bilen ysnyşykly işlemelidigini we olary ýurdumyzyň kanunçylygyny kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işlere çekmelidigini, ýerlerde ýaş işçi-daýhanlar, talyp ýaşlar bilen duşuşyklary geçirip, olaryň pikirlerini we isleg-arzuwlaryny öwrenmelidigini belledi. 

Zenanlar we ýaşlar guramalary bilen bilelikde hukuk öwreniji zenanlaryň gatnaşmagynda zenanlaryň we gyzlaryň arasynda alnyp barylýan işleri güýçlendirmek, zenanlaryň hukuklary we borçlary, milli maşgala däpleri we gymmatlyklary, ahlak terbiýesi barada söhbetdeşlikleri geçirmek wajypdyr. Mejlis syýasy partiýalar we jemgyýetçilik guramalary, zenanlaryň we erkekleriň deň hukuklylygy (gender deňligi) hakyndaky kanunlaryň ýerine ýetirilişine berk gözegçiligi ýola goýmalydyr diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy. 

Milli Liderimiz adam üçin iň uly baýlygyň onuň saglygydygyny nygtap, «Saglyk» döwlet maksatnamasyna laýyklykda döwletiň we jemgyýetiň durnukly ösüşiniň möhüm şerti hökmünde saglygy goraýyş ulgamyny yzygiderli döwrebap ýagdaýa getirmek üçin ähli tagallalaryň edilýändigini belledi. 

Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz raýatlarymyzyň saglygyny goramak bilen bagly, şol sanda ýokanç we ýokanç däl keselleriň öňüni almagyň hukuk, guramaçylyk, ykdysady we durmuş esaslaryny kesgitleýän ýörite kanunlary kabul etmegiň wajypdygyny nygtady. 

Biz ilatymyzyň ýaşaýyş jaý-durmuş şertleriniň derejesini ýokarlandyrmaga gönükdirilen syýasaty yzygiderli alyp barýarys diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy. Raýatlarymyzyň hal-ýagdaýyny gowulandyrmak, ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmak maksady bilen, býujetden maliýeleşdirilýän edaralaryň, hojalyk hasaplaşygyndaky kärhanalaryň we jemgyýetçilik birleşikleriniň işgärleriniň zähmet haklarynyň, pensiýalaryň, döwlet kömek pullarynyň, talyp we diňleýji haklarynyň möçberleri her ýyl 10 göterim ýokarlandyrylýar.

Biz mundan beýläk hem bu işi dowam ederis. Ilatymyzyň durmuş taýdan goraglylyk ulgamynda geçirilýän her bir özgertmäniň kanunçylyk esasyny berkitmäge aýratyn üns bereris. Raýatlarymyzyň zähmet çekmäge, sagdyn we howpsuz zähmet şertlerine konstitusion hukuklaryny amala aşyrmak, zähmet gatnaşyklaryny kämilleşdirmek maksady bilen, Zähmet kodeksiniň rejelenen görnüşiniň taslamasyny taýýarlamak boýunça alnyp barylýan işleri hem dowam etmek wajypdyr diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy. 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýaş nesli mynasyp terbiýelemegiň üstünlikleriň girewi bolup durýandygyny nygtap, maşgala gymmatlyklaryna aýratyn üns bermegiň zerurdygyny belledi. Çünki ýaşlarymyzyň belent ahlak sypatlary şol gymmatlyklar esasynda emele gelýär. 

Çagalarda milli buýsanjy, beýleki halklara hormat goýmak, Garaşsyz döwletimiziň we jemgyýetimiziň gazanan üstünliklerine sarpa goýmak duýgularyny terbiýelemek maşgaladan başlanýar. 

Şoňa görä-de, maşgala gatnaşyklaryny yzygiderli kämilleşdirmek, onuň hukuk esaslaryny berkitmek maksady bilen, jemgyýetçilik pikirini öwrenip, Türkmenistanyň Maşgala kodeksine häzirki döwrüň talaplaryna esaslanýan degişli üýtgetmeleriň girizilmegi maksada laýyk bolar diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy. 

Bu ugurda biziň esasy maksadymyz watandaşlarymyzy, ilkinji nobatda bolsa, ýaşlarymyzy Watany söýýän, ýurdumyzyň geljegi hakynda alada edýän, milli däp-dessurlarymyza buýsanyp ýaşaýan raýatlar hökmünde terbiýelemekdir diýip, milli Liderimiz belledi. 

Döwlet Baştutanymyz ýygnananlara ýüzlenip, halkymyzyň kalby bolan medeniýetimizi yzygiderli ösdürmäge mundan beýläk-de uly üns bereris, öz köklerini ata-babalarymyzdan alyp gaýdýan milli mirasymyzy gorap saklamaga, baýlaşdyrmaga we giňden wagyz etmäge aýratyn ähmiýet bereris diýip nygtady. ÝUNESKO bilen hyzmatdaşlyk etmek bu ugurda döwletimiziň alyp barýan halkara syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir.

Köp ýyllyk gatnaşyklaryň netijesinde «Gadymy Merw», «Köneürgenç» döwlet taryhy-medeni goraghanalary, «Köne we Täze Nusaý» galalary ýaly taryhy-medeni ýadygärlikler we goraghanalar ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna goşuldy. Türkmen halkynyň «Görogly» dessançylyk sungaty we «Küştdepdi» aýdym we tans dessury hem-de türkmen halyçylyk sungaty bolsa, Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizildi.

Biz dutar ýasamak, dutarda saz çalmagy we bagşyçylyk sungatyny, ahalteke bedewlerini we türkmen alabaýlaryny ösdürip ýetişdirmegi öwretmek boýunça senetçilik sungatynyň ähmiýetini dünýä derejesinde ýokarlandyrmak, ýurdumyzyň paýtagty Aşgabat şäherini ÝUNESKO-nyň şäherleriň döredijilik ulgamyna girizmek boýunça zerur işleri amala aşyrýarys. 

Hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, milli däp-dessurlarymyzy, ýurdumyzyň taryhyny, milli mirasyny aýawly saklamak, şeýle hem döredijilik işgärleriniň ýaşaýyş jaý-durmuş şertlerini gowulandyrmak, hukuk we durmuş taýdan goragyny kepillendirmek, bu ugurda hukuk gatnaşyklaryny düzgünleşdirmek maksady bilen, «Döredijilik birleşikleri hakyndaky» Türkmenistanyň Kanunynyň taslamasyny işläp taýýarlamak hem maksadalaýyk bolar. 

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow döwlet ýaşlar syýasatynyň ileri tutulýan ugurlary barada durup geçip, ýaş nesillerimiziň sagdyn we hemmetaraplaýyn sazlaşykly ösüşini, häzirki zaman bilimlerini ele almagyny, watançylyk ruhunda terbiýelenmegini üpjün etmegiň baş maksat bolup durýandygyny nygtady. Ýurdumyzda milli bilim ulgamyny kämilleşdirmegiň çäklerinde häzirki zaman kompýuterleri, okuw-tehniki enjamlary, interaktiw we multimedia tehnologiýalary bilen üpjün edilen dürli bilim edaralarynyň gurluşygy dowam etdirilýär. 

Bilim ulgamyny mundan beýläk-de döwrebap ýagdaýa getirmek we onuň kanunçylyk binýadyny kämilleşdirmek maksady bilen, «Bilim hakyndaky» Kanunyň rejelenen görnüşiniň taslamasyny taýýarlamak boýunça-da zerur işleri alyp barmaly diýip, milli Liderimiz aýtdy. 

Energetika diplomatiýasy Garaşsyz döwletimiziň daşary syýasatynda möhüm orny eýeleýär diýip, hormatly Prezidentimiz nygtady. Biziň başlangyçlarymyz esasynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň energetika serişdeleriniň halkara bazarlaryna durnukly we ygtybarly iberilmegini üpjün etmek boýunça Rezolýusiýasy kabul edildi. 

Türkmenistan uglewodorod çig malynyň ägirt uly gorlaryna eýe bolmak bilen, senagaty ýokary tehnologiýalar bilen üpjün etmek, ägirt uly möçberlerde maýa goýumlaryny çekmek arkaly ýurdumyzyň ykdysadyýetini depginli ösdürmegi esasy wezipe edip goýýar. Şoňa görä-de, ýurdumyzda ýangyç we energetika serişdelerini tygşytly hem-de netijeli ulanmaga uly üns berilýär. 

Ilkinji milli emeli hemramyzyň älem giňişligine çykarylmagy netijesinde, dünýä ölçeglerine laýyk gelýän telekommunikasion aragatnaşyk ulgamynyň, ýokary hilli teleradio ýaýlymlarynyň işini ýola goýmak üçin uly mümkinçilikler we şertler döredildi. 

Ýurdumyzyň raýatlaryny ýokary tizlikli Internet ulgamy bilen üpjün etmek boýunça hem köp işler amala aşyrylýar. Şol bir wagtda-da raýatlarymyza köpugurly poçta hyzmatlaryndan peýdalanmakda uly mümkinçilikler döredilýär. 

Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzda poçta ulgamynda jemgyýetçilik gatnaşyklaryny, poçta işiniň taraplarynyň hukuklaryny hem-de borçlaryny we bu ugurda döwlet edaralarynyň ygtyýarlyklaryny hukuk taýdan düzgünleşdirmek maksady bilen, ulgamyň hukuk esasyny kämilleşdirmegiň zerurdygy bellenildi. 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow deputatlara hem-de Ministrler Kabinetiniň agzalaryna ýüzlenip, daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek arkaly ýurdumyzyň ähli sebitlerinde häzirki zaman elektrik stansiýalarynyň gurlandygyny, bar bolanlarynyň durkunyň täzelenendigini belledi. 

Ýurdumyzyň energetika garaşsyzlygyny üpjün etmek bilen bir wagtda Türkmenistany daşary ýurtlara elektrik energiýasyny iberýän döwlete öwürdik. Milli energetika ulgamyny ösdürmegiň ýakyn onýyllyklar üçin ileri tutulýan ugurlaryny kesgitledik. Dünýäniň energetika ulgamynda ýurdumyzyň tutýan ornuny berkitmek boýunça anyk çäreleri belledik diýip, hormatly Prezidentimiz nygtady. 

Şonuň bilen birlikde, Garaşsyz döwletimiziň elektrik energetika ulgamyny durnukly ösdürmegi üpjün etmek, munuň üçin ýurdumyzyň aýry-aýry sebitleriniň we çäkleriniň energiýa üpjünçilik ulgamlaryny ösdürmek zerurdyr. Şu maksat bilen, energiýanyň daşky gurşawa zyýansyz, dikeldilýän çeşmeleriniň innowasion tehnologiýalaryny işläp taýýarlamak wajypdyr. 

«Energiýany tygşytlamagyň 2018–2024-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasy», «Türkmenistanyň energetika diplomatiýasyny ösdürmegiň 2021–2025-nji ýyllar üçin Maksatnamasy» hem-de «Energiýanyň dikeldilýän çeşmelerini ösdürmek boýunça 2030-njy ýyla çenli Türkmenistanyň Milli strategiýasy» kabul edildi. 

Bu ugurda hukuk esaslaryny berkitmek, kabul edilen resminamalary durmuşa geçirmek maksady bilen, döwlet Baştutanymyz «Energiýanyň dikeldilýän çeşmeleri hakyndaky» Kanuny kabul etmegiň maksadalaýyk boljakdygyny aýtdy. 

Hormatly Prezidentimiz ekologiýa meselesi baradaky gürrüňi dowam edip, biziň Bitarap ýurdumyzyň tebigy çäklerinde we Hazar deňzinde erkin mesgen tutan aw guşlarynyň sanyny artdyrmak boýunça-da degişli işleriň alnyp barylýandygyny, döwletimiziň aw edilýän meýdanlaryny goramak we netijeli ulanmak boýunça çäreleriň görülýändigini, ýurdumyzda seýrek duş gelýän, ýitip gitmek howpy bolan haýwanlaryň görnüşlerini goramak we sanyny artdyrmak boýunça işleriň durmuşa geçirilýändigini belledi. 

Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bu ugurda geçirilýän çäreleriň kanunçylyk esasyny talaba laýyk getirmek maksady bilen, «Aw awlamak we aw hojalygyny ýöretmek hakyndaky» Kanuny döwrebap ýagdaýa getirmegiň zerurdygyny nygtady. Şol Kanun ýurdumyzda bu ugurda alnyp barylýan işleriň hukuk, ykdysady we guramaçylyk esaslaryny kesgitlär. 

Ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynyň bazar gatnaşyklaryna geçýän şertlerinde balyk hojalygynda hem düýpli özgertmeler amala aşyrylýar. Ýurdumyzda Balyk hojalygy baradaky döwlet komiteti ýapylyp, telekeçileriň garamagyna berildi. Şunuň bilen baglylykda, balyk tutmak we suw biologik serişdelerini aýawly saklamak hakyndaky kanunçylygy döwrebap ýagdaýa getirmek zerurlygy-da ýüze çykýar. 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow duşuşyga gatnaşyjylara ýüzlenip, behişdi ahalteke bedewlerimiz biziň buýsanjymyzdyr we şan-şöhratymyzdyr, ruhy galkynyşymyzyň egsilmez çeşmesidir, biz ahalteke bedewlerimizi goramak, bu ugurda asylly däplerimizi dikeltmek, olaryň baş sanyny artdyrmak, atçylygy hemmetaraplaýyn öwrenmek we mundan beýläk-de ösdürmek boýunça anyk işleri alyp barýarys diýip nygtady. 

Bitarap ýurdumyzda her ýylyň aprel aýynda Türkmen bedewiniň milli baýramy giňden we dabaraly bellenýär. Şeýle hem Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň maslahaty geçirilýär. Häzirki döwürde Bitarap döwletimiz halkara hojalyk işlerine işjeň goşuldy. Şonuň netijesinde, ýüze çykýan hukuk gatnaşyklary bu ugurda kanunçylygy kämilleşdirmegi hem talap edýär. Şoňa görä-de, döwrüň talaplaryna laýyklykda «Atçylyk we atly sport hakyndaky» Kanuna üýtgetmeler girizilse, dogry bolar diýip, milli Liderimiz aýtdy. 

Biz ýurdumyzda azyk bolçulygyny döretmäge, mähriban halkymyzy ekologiýa taýdan arassa önümler bilen üpjün etmäge aýratyn ähmiýet berýäris diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow nygtady. 

Halkara tejribesine, häzirki döwrüň talabyna, durmuşyň milli kadalarynyň aýratynlyklaryna laýyklykda, oba hojalyk önümçiliginiň täze guramaçylyk-hukuk görnüşlerini peýdalanmak uly ähmiýete eýedir. Şoňa görä-de, suw serişdelerini netijeli we tygşytly ulanmak üçin ähli çäreleri görmek wajyp wezipedir diýip, milli Liderimiz sözüni dowam etdi.

Şunuň bilen baglylykda, Mejlisiň deputatlary Suw kodeksini, şeýle hem «Döwlet ýer kadastry hakyndaky» Kanuny kämilleşdirmek boýunça hem zerur işleri alyp barmalydyrlar diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy we bu kanunlaryň oba hojalygynda geçirilýän düýpli özgertmeleriň hukuk giňişligini döretmekde oňyn netije berjekdigine ynam bildirdi. 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň nygtaýşy ýaly, mukaddes Garaşsyzlygymyz daşary ýurtlar bilen dostlukly gatnaşyklary ýola goýmak üçin täze mümkinçilikleri açdy. Bu ugurda halkara bileleşiginiň bütin dünýäde parahatçylygy, ählumumy howpsuzlygy, durnukly ösüşi üpjün etmek boýunça tagallalaryny hemmetaraplaýyn goldamaga gönükdirilen işler alnyp barylýar. 

Geçen 2020-nji ýylda Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 25 ýyllyk şanly baýramy bellenildi. Biziň Bitarap döwletimiziň alyp barýan syýasaty bütin dünýäde giň goldaw tapýar. 

Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 75-nji mejlisinde ýurdumyzyň başlangyjy boýunça we halkara bileleşigine agza döwletleriň biragyzdan goldamagy netijesinde «Bitaraplyk syýasatynyň halkara parahatçylygyny, howpsuzlygyny we durnukly ösüşi goramakda we berkitmekde orny we ähmiýeti» atly Rezolýusiýa kabul edildi. 

Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Daşary işler ministrleriniň geňeşiniň 47-nji mejlisinde hem «Bitaraplyk syýasatynyň Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň sebitinde we bütin dünýäde halkara parahatçylygyny, howpsuzlygyny we durnukly ösüşi goramakda we berkitmekde orny» atly Rezolýusiýa kabul edildi.

Mälim bolşy ýaly, Türkmenistanyň başlangyjy bilen Birleşen Milletler Guramasy «2021-nji ýyl – Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» atly Rezolýusiýany kabul etdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bular barada aýtmak bilen, «Türkmenistan – parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýlip yglan edilen ýylda Bitarap döwletimiziň öz üstüne alan halkara borçnamalaryny durmuşa geçirmäge niýetlenen häzirki zaman özgertmelerini amala aşyrmagyň zerurdygyny belledi. 

Şeýle hem Türkmenistanyň gatnaşyjysy bolup durýan halkara şertnamalarynda, ylalaşyklarynda we Konwensiýalarynda beýan edilen halkara hukuk kadalaryny düýpli öwrenmek zerurdyr. Şundan ugur alyp, Bitarap döwletimiziň daşary syýasat işini kanunçylyk taýdan üpjün etmek boýunça alnyp barylýan işleri yzygiderli dowam etmelidiris. 

Hususan-da, «Diplomatik gulluk hakyndaky» Kanuna hem goşmaçalary girizmek, şeýle hem «Türkmenistandaky daşary ýurt raýatlarynyň hukuk ýagdaýy hakyndaky» Kanunyň rejelenen görnüşiniň taslamasyny taýýarlamak wajypdyr. Bulardan başga-da, «Migrasiýa hakyndaky», «Migrasiýa gullugy hakyndaky» Kanunlara-da üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakyndaky Kanunlaryň taslamalaryny taýýarlamak zerurdyr. 

Şunuň bilen birlikde, Mejlis ýurdumyzyň halkara gatnaşyklarynyň şertnamalaýyn-hukuk binýadyny üpjün etmek boýunça işleri yzygiderli dowam etdirmelidir. Bu babatda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow daşary ýurtlaryň parlamentleri, abraýly halkara guramalary bilen ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy netijeli dowam etmegiň Mejlisiň esasy wezipeleriniň biri bolmalydygyny belledi. 

Milli Liderimiziň nygtaýşy ýaly, amala aşyrylýan konstitusion özgertmeleriň çäklerinde ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralarynyň işiniň netijeliligini ýokarlandyrmak möhüm wezipeleriň biridir. Şonuň ýaly-da, talaplara laýyklykda Türkmenistanyň Konstitusiýasynda we kanunlarda göz öňünde tutulan ygtyýarlyklaryň Geňeşler we çäk boýunça öz-özüňi dolandyryş jemgyýetçilik edaralary tarapyndan ýerine ýetirilmegini üpjün etmek möhüm wezipeleriň biri bolup durýar. 

Şu nukdaýnazardan, «Ýerli öz-özüňi dolandyryş hakyndaky» Kanunyň taslamasyny taýýarlamak maksadalaýyk bolar. Bu Kanunda ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralarynyň ygtyýarlyklaryny kämilleşdirmek, dolandyryş ulgamlarynyň hukuk ýagdaýyny halkara tejribesine laýyk getirmek, hukuk ýagdaýynyň täze kadalarynyň girizilmegi bilen baglanyşykly olaryň işini döwrebap ýagdaýa getirmek göz öňünde tutulmalydyr. 

Ýurdumyzyň saýlaw ulgamynyň kanunçylygyny kämilleşdirmek hem Mejlisiň üns merkezinde bolmalydyr. Şoňa görä-de, döwrüň talaplaryna laýyklykda, toplanan tejribe esasynda Saýlaw kodeksini yzygiderli kämilleşdirip durmak zerurdyr diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy. 

Şeýle hem milli parlamentiň welaýat, etrap we şäher halk maslahatlaryna hem-de Geňeşlere olaryň işini häzirki döwrüň talaplaryna laýyk guramak üçin ýakyndan ýardam bermelidigi bellenildi. Şu maksat bilen, bilelikde okuw maslahatlaryny geçirip, olarda degişli kanunçylyk namalaryny doly düşündirmek zerurdyr. 

Durmuş ählimizden aýgytly hereketleri, döredijilik başlangyçlaryny, möhüm özgertmeleri talap edýär diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, tutuş kanunçylygy seljermek we täzelemek zerurdyr. Häzirki döwrüň ösen talaplaryna laýyk gelýän kanunlaryň kabul edilmegi Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe bedew bady bilen täze belentliklere tarap ynamly barýan Garaşsyz döwletimiziň hukuk ulgamyny kämilleşdirmäge, kanun çykaryş esaslaryny has-da berkitmäge mümkinçilik berer. 

Döwlet Baştutanymyz deputatlara hem-de Ministrler Kabinetiniň agzalaryna ýüzlenip, şu ýyl berkarar döwletimizi mundan beýläk-de ösdürmek we ilkinji nobatda bolsa, mähriban halkymyzyň durmuş taýdan ygtybarly goraglylygyny üpjün etmek boýunça meýilnamalar barada durup geçdi. Garaşsyz Watanymyzyň ykdysady kuwwatyny has-da berkitmek, gülläp ösmegini, dünýäniň ösen ýurtlarynyň hataryna goşulmagyny üpjün etmek we halkymyzyň hal-ýagdaýyny ýokarlandyrmak maksady bilen, ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça maksatnamalaryň birnäçesi kabul edildi. Bu maksatnamalaryň doly amala aşyrylmagy üçin biziň ählimiz tutanýerli we yhlasly işlemelidiris, Mejlisiň deputatlary hem bu maksatnamalarda göz öňünde tutulan özgertmeleriň hukuk esaslaryny berkitmek üçin, döwrüň talaplaryna laýyklykda hereket edýän kanunlary kämilleşdirip, zerur bolsa, täze kanunlary kabul etmelidir. 

Türkmenistanyň Halk maslahatynyň geçen ýylyň sentýabr aýynda geçirilen mejlisinde möhüm wezipeler kesgitlenildi diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sözüni dowam etdi. Bu wezipeler döwlet dolandyryşyny we jemgyýetimizi kämilleşdirmäge gönükdirilen özgertmeleriň çäklerinde döwlet häkimiýetiniň wekilçilikli kanun çykaryjy edarasynyň işini kämilleşdirmek bilen baglydyr. Ýýurdumyzyň wekilçilikli we kanun çykaryjy edaralarynyň ösüşinde bu täze tapgyr möhüm we oňyn ädim bolup durýar. Bu tapgyr döwletimiziň we jemgyýetimiziň demokratik, hukuk we dünýewi esaslaryny berkitmäge, durnukly syýasy institutlary döretmäge gönükdirilendir. 

Häzirki döwürde ýurdumyzyň döwlet häkimiýetiniň kanun çykaryjy edarasy hil taýdan täze, iki palataly parlament ulgamyna geçirilýär. 

Bu bolsa, döwletimiziň jemgyýetçilik- syýasy durmuşynda örän möhüm taryhy wakadyr. Şeýle hem biziň «Döwlet adam üçindir!» diýen ynsanperwer ýörelgämiziň we onuň amala aşyrylmagyna gönükdirilip durmuşa geçirilýän yzygiderli döwlet syýasatymyzyň dabaralanmagynyň aýdyň mysalydyr. 

Munuň özi raýatlarymyzyň saýlamak we saýlanmak babatda konstitusion hukuklaryny erkin ulanmaklary esasynda döwleti we jemgyýeti dolandyrmaga wekilçilik edaralarynyň üsti bilen gatnaşmagyna giň mümkinçilikleri döredýär.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk maslahatynyň agzalarynyň öňümizdäki saýlawlary barada durup geçip, olaryň ozalkylardan bütinleý tapawutlanýandygyny belledi. Göni däl diýlip atlandyrylýan şeýle saýlawlar ýurdumyzda ilkinji gezek geçirilýär. 

Şoňa görä-de, öňde duran saýlawlar syýasy ulgamy kämilleşdirmek, ýurdumyzyň döwlet we jemgyýetçilik durmuşyny demokratiýalaşdyrmak wezipelerinden ugur alnyp, ýokary derejede, aç-açanlyk we aýdyňlyk ýagdaýynda geçirilmelidir diýip, milli Liderimiz nygtady. Bu saýlawlarda Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň düzgünlerine we halkara hukugynyň kadalaryna laýyklykda saýlaw kanunçylygynyň talaplary gyşarnyksyz berjaý edilmelidir. 

Döwlet Baştutanymyz bular barada aýtmak bilen, Türkmenistanyň Mejlisiniň örän gysga wagtyň içinde döredijilikli işläp, saýlaw kanunçylygyny kämilleşdirmek boýunça uly işleri amala aşyrandygyny belledi. 

Konstitusiýamyza laýyklykda «Türkmenistanyň Milli Geňeşi hakyndaky» Kanun kabul edildi, şol resminamadan gelip çykýan kadalaşdyryjy hukuk namalary taýýarlandy, Saýlaw kodeksine hem üýtgetmeler we goşmaçalar girizildi. Bu bolsa, bize saýlawlary ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmäge mümkinçilik berer. 

Halk maslahatynyň agzalygyna dalaşgärler hökmünde il içinde at-abraýly we uly hormatdan peýdalanýan, Watany söýýän ak ýürekli adamlaryň hödürlenmegi örän möhümdir. Sebäbi, geljekde Milli Geňeşiň Halk maslahaty palatasynyň işiniň degişli derejede netijeli bolmagy onuň agzalarynyň bilim derejesine we hünär taýýarlygyna bagly bolar. Bu talaplaryň berjaý edilmegi Milli Geňeşiň palatalarynyň özara sazlaşykly işini ýola goýmakda möhüm ähmiýete eýedir, Mejlis we Merkezi Saýlaw topary bu ugurdaky işi dowam etmelidir diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy. 

Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, ýurdumyzda saýlaw hukuklary diňe bir yglan edilmän, eýsem, olardan peýdalanmak üçin ähli zerur şertler hem döredilendir. Biziň tutuş jemgyýetimiz, jemgyýetçilik birleşiklerimiz ýurdumyzyň kanun çykaryjy häkimiýet ulgamyny özgertmäge uly gyzyklanma bildirip, bu işe işjeň gatnaşýarlar. 

Şunuň bilen baglylykda, Mejlisiň deputatlarynyň, syýasy partiýalaryň, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleriniň we degişli hünärmenleriň gatnaşmagynda ýerlerde ilat arasynda öňde durýan saýlawlaryň ähmiýeti barada düşündiriş işlerini geçirmegi dowam etmelidir, duşuşyklary we teleradio ýaýlymlarda çykyşlary guramalydyr. 

Ýurdumyzyň kanun çykaryjy häkimiýet edarasynyň özgerdilmegi türkmen jemgyýetiniň ähli gatlaklarynyň, şeýle hem sebitleriň bähbitlerine milli Parlamentde has gowy wekilçilik etmäge mümkinçilik berer. Bu bolsa, döwrüň wagty ýeten meselelerini çözmäge ýardam eder, Kanunlaryň taýýarlanyşyny we ulanyşyny kämilleşdirmäge oňyn täsirini ýetirer, deputatlaryň saýlawçylar bilen has ysnyşykly gatnaşyklaryny ýola goýmaga şertleri döreder, Kanunlaryň we milli maksatnamalaryň ýerine ýetirilişine gözegçiligi netijeli amala aşyrmaga gowy mümkinçilik berer. 

Şeýlelikde, biz erkin bäsleşik, aç-açanlyk, pikir we söz azatlygy babatda demokratik kadalara eýerip, 2021-nji ýylyň 28-nji martynda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk maslahatynyň agzalarynyň saýlawlaryny geçireris diýip, milli Liderimiz belledi we geçmişde we häzirki şertlerde jemgyýetimiziň hem-de döwletimiziň toplan baý tejribesiniň öňe gitmek üçin bahasyna ýetip bolmajak goşant bolup durýandygyny nygtady. 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýdylanlary jemläp, Milli Geňeşiň Halk maslahatynyň we Mejlisiniň demokratiýa, aç-açanlyk, adalatlylyk, kanunyň hökmürowanlygy esasynda halkara hukugynyň umumy ykrar edilen kadalaryny, adamyň we raýatyň kanunyň öňünde deňligini, hukuklaryny we azatlyklaryny hormatlamagy, çözgütleri erkin ara alyp maslahatlaşmagy hem-de kabul etmegi, jemgyýetçilik pikirini hasaba almagy ileri tutmak esasynda hereket etjekdigine berk ynam bildirdi. 

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe, «Türkmenistan –parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýlip yglan edilen ýylda biz mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllyk şanly baýramyny giňden belläp geçmäge taýýarlyk görýäris diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy we taryh üçin örän gysga döwrüň içinde ýurdumyzda demokratik, hukuk we dünýewi döwletiň berk esaslarynyň döredilendigini nygtady. 

Halkymyzyň aň-düşünjesinde, medeni we ruhy durmuşynda uly özgermeler bolup geçdi. Bütinleý täze jemgyýetçilik gatnaşyklary emele geldi. Şu döwürde döwlet Garaşsyzlygymyz halkymyzyň gözbaşyny asyrlardan alyp gaýdýan maddy we ruhy gymmatlyklaryny, nesilden-nesle geçip gelýän belent ynsanperwer däplerini dikeltdi. 

Ählumumy parahatçylygyň we durnukly ösüşiň bähbidine dünýäniň döwletleri we halkara guramalary bilen dostlukly gatnaşyklaryň gymmatly tejribesi toplandy. 

Garaşsyzlyk ýyllarynda Türkmenistan saýlap alan milli ösüş ýolunyň berkdigini we netijelidigini subut etdi. Ýurdumyz halkara derejesinde möhüm syýasy, ykdysady we ekologiýa başlangyçlaryny öňe sürdi. Parahatçylygy döredýän ýurt hökmünde dünýäde uly abraýa eýe bolup, uzak möhlete niýetlenen ösüş maksatlary bolan kuwwatly we sazlaşykly ösýän döwlete öwrüldi. 

Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllygy, baky Bitaraplygynyň 25 ýyllygy, şeýle hem 2021-nji ýylyň «Türkmenistan – parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýip yglan edilmegi mynasybetli ýurdumyzda we daşary ýurtlarda geçirilmegi meýilleşdirilýän çäreleriň Maksatnamasy tassyklanyldy. 

Bu Maksatnama laýyklykda ähli serişdeler we usullar arkaly Garaşsyzlyk ýyllarynda ýurdumyzyň durmuşynda bolup geçen özgertmeleriň taryhy ähmiýetini, döwletimiziň halkara abraýyny wagyz etmek, Türkmen döwletini gurmagyň tejribesini dünýä jemgyýetçiligine ýetirmek boýunça öňde örän möhüm we jogapkärli wezipeler durýar. 

Mejlis, ýurdumyzyň syýasy partiýalary, jemgyýetçilik birleşikleri, köpçülikleýin habar beriş serişdeleri şu mynasybetli alyp barmaly işleriniň esasy ugurlaryny anyk kesgitlemelidir. 

Türkmen jemgyýetiniň gazanan durmuş-ykdysady ösüşiniň şu günki derejesine, häzirki taryhy döwrüň hakyky ýagdaýyna baha bermekde, mähriban halkymyzda eziz Watanyna buýsanç duýgularyny terbiýelemekde we ösdürmekde zerur bolan ähli serişdeler ulanylmalydyr. Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllyk şanly baýramy mynasybetli geçirilýän çärelerde, döredilýän edebi we sungat eserlerinde eziz Watanymyzyň häzirki keşbi doly açylyp görkezilmelidir. 

Biziň her birimiz yhlasly zähmetimiz bilen ata Watanymyz bolan Garaşsyz, Bitarap Türkmenistany mundan-da gözel, has kuwwatly döwlete öwürmelidiris diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow nygtady. 

Döwlet Baştutanymyzyň çykyşy ruhubelentlik bilen diňlenildi hem-de şowhunly elçarpyşmalar bilen garşylandy. 

Soňra döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň Mejlisiniň ýolbaşçysy G.Mämmedowa söz berdi. Ol milli Liderimiziň her ýylyň başynda milli parlamentiň deputatlary bilen duşuşyp, döwletimiziň kanunçykaryjylyk işini kämilleşdirmek barada gymmatly maslahatlary berýändigini, her bir pudagy depginli ösdürmegiň aýdyň ugurlaryny görkezip, hereket etmegiň ýollaryny salgy berýändigini, anyk wezipeleri kesgitläp, adalatly bellikleri edýändigini nygtady. 

«Türkmenistan—parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda, Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygynyň bellenilýän ýylynda geçirilýän şu taryhy duşuşyk biziň üçin çuňňur many-mazmuna, uly ähmiýete eýe bolup durýar diýip, Mejlisiň Başlygy aýtdy. 

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň parasatly ýolbaşçylygynda türkmen halky döwlet, rysgal-bereket tapýar. Häzirki, çylşyrymly dünýäde ýurdumyzyň durmuşynda bolup geçýän özgertmeler, gazanylan üstünlikler, özygtyýarly ösüşiň her gününiň, her aýynyň taryhy ähmiýetli syýasy, ykdysady we medeni wakalara beslenmegi muňa aýdyň şaýatlyk edýär. 

Şu günki taryhy duşuşykda öňde goýlan wezipeleriň özeninde Beýik Şahsyýetiň--milletiň Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň raýatlarymyzyň hukuklaryny, azatlyklaryny, kanuny bähbitlerini goramak, halkymyzyň jebisligi, agzybirligi, her bir öýüň abatlygy, her maşgalanyň abadanlygy, her bir adamyň bagtyýarlygy hakyndaky beýik aladalary, döwlet binýadynyň müdimi mizemezligi baradaky maksatlary dur diýip, milli parlamentiň ýolbaşçysy nygtady. 

Parlamentiň Başlygy hormatly Prezidentimize Mejlisiň işine hemişe üns berýändigi, bu babatdaky kömegi we goldawy üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, şu gün döwlet Baştutanymyzyň parlamentiň işindäki kemçilikler babatda adalatly bellikleri aýdandygyny hem-de kanunlary kämilleşdirmek, işleriň netijeliligini ýokarlandyrmak boýunça teklipleri beýan edendigini we täze jogapkärli wezipeleri goýandygyny nygtady. 

Mejlisiň Başlygy döwlet Baştutanymyzyň hukuk özgertmelerini yzygiderli amala aşyrmak boýunça berýän maslahatlarynyň deputatlary tutanýerli hem-de netijeli zähmet çekmäge borçly edýändigini belläp, milli Liderimizi deputatlaryň ata-babalarymyzdan miras galan adalatlylyk, ynsanperwerlik kadalaryna eýerip, kanunçykaryjylyk ulgamyny kämilleşdirmek üçin ähli tagallalary etjekdiklerine ynandyrdy. 

Ýurdumyzda, aýratyn hem ýaşlaryň arasynda sagdyn durmuş ýörelgelerini wagyz etmek, halkymyzyň geljegi üçin möhüm ähmiýete eýedir. Ilaty sagdyn durmuş ýörelgelerine çekmek hem-de daşky gurşawy goramagy üpjün etmek ulgamynda kanunçylyk binýady kämilleşdirilýär. 

Deputatlaryň hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy esasynda milli Parlamentiň täze, iki palataly gurluşynyň döredilmegi bilen bagly, şu ýyl ýurdumyzda ilkinji gezek geçirilýän Milli Geňeşiň Halk maslahatynyň agzalarynyň saýlawlaryny milli demokratik ýörelgelere laýyklykda, guramaçylykly geçirmek üçin ähli tagallalary etjekdigi nygtaldy. 

Mejlisiň Başlygy milli Liderimize berk jan saglygyny, halkymyzyň we ýurdumyzyň abadançylygynyň bähbidine alyp barýan işlerinde üstünlikleri arzuw edip, deputatlaryň türkmen halkynyň asyrlaryň synagyndan geçen milli däp-dessurlaryny we egsilmez ruhy gymmatlyklaryny ýol-ýörelge edinip, geljekde hem Ministrler Kabineti, döwlet we jemgyýetçilik guramalary hem-de ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralary bilen bilelikde öňde goýlan wezipeleri doly ýerine ýetirjekdigine ynandyrdy. 

Görşüňiz ýaly, biziň öňümizde örän uly we jogapkärli wezipeler durýar diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy we olaryň üstünlikli çözüljekdigine, ata Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllyk şanly ýubileýini mynasyp garşylajakdygyna, mähriban Diýarymyzyň hemmetaraplaýyn gülläp ösüşine öz mynasyp goşandyny goşjakdygyna ynam bildirdi. 

Rowaçlyklaryň ýyly boljak täze, Parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda, nesip bolsa, biz eziz Watanymyza çäksiz buýsanyp, öňde goýan uly maksatlarymyza we belent sepgitlerimize ynam bilen ýeteris. Çünki, Garaşsyz, Bitarap döwletimiz arzuw-maksatlaryň hasyl bolýan ýurdudyr, gülläp ösüşiň we bagtyýarlygyň mekanydyr diýip, hormatly Prezidentimiz nygtady. 

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow duşuşygyň ahyrynda oňa gatnaşanlara berk jan saglygy, maşgala abadançylygyny, abadan hem-de bagtyýar durmuşy, alyp barýan işlerinde mundan-da beýläk hem uly üstünlikleri arzuw edip, çykyşyny “Öňe, öňe, diňe öňe, jan Watanym Türkmenistan!” diýen ruhubelent şygar bilen jemledi.