Ï DAŞARY ÝURTLY HYZMATDAŞLAR BILEN NOBATDAKY WIDEODUŞUŞYKLAR
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

DAŞARY ÝURTLY HYZMATDAŞLAR BILEN NOBATDAKY WIDEODUŞUŞYKLAR

view-icon 1977

Şu gün wideoaragatnaşyk arkaly Mejlisiň wekilleri Ýewropada howpsuzlyk we hyzmatdaşlyk guramasynyň Parlament assambleýasynyň mejlisine gatnaşdylar. Her ýyl geçirilýän bu çäre ilkinji gezek wideomaslahat görnüşinde guralyp, oňa 57 ýurtdan parlamentarileriň 270-e golaýy gatnaşdy.

Mejlise gatnaşyjylar halkara gün tertibiniň meseleleriniň giň ugurlary, hususan-da, parahatçylygy we howpsuzlygy pugtalandyrmak, dawalaryň öňüni almak hem-de olary kadalaşdyrmak, COVID-19 pandemiýasynyň ykdysady we ekologiýa netijelerini aradan aýyrmak hem-de gender deňligini üpjün etmek, zenanlaryň ykdysady hukuklaryny we mümkinçiliklerini giňeltmek meseleleri boýunça pikir alyşdylar. 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň BMG-niň Baş Assambleýasynyň mejlislerinde, beýleki abraýly forumlarda eden resmi çykyşlarynda ýurdumyzyň halkara durmuşynyň ýokarda agzalan meseleleri boýunça düýpli çemeleşmeleriniň anyk beýan edilendigini bellemelidiris. 

Milli Liderimiziň ählumumy parahatçylygy we durnuklylygy üpjün etmäge, dünýä bileleşigini tolgundyrýan ykdysady, ekologiýa hem-de ynsanperwer häsiýetli ählumumy meseleleriň sazlaşykly çözgütlerini işläp taýýarlamaga, sebit we dünýä möçberinde durnukly ösüşi üçin has oňaýly şertleri döretmäge gönükdirilen netijeli başlangyçlary giň halkara goldawyna mynasyp boldy.

Häzirki döwrüň wajyp wezipelerini çözmäge, ýurtlaryň we halklaryň arasyndaky dostlukly, hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny ösdürmäge saldamly goşant goşmaga ýardam edýän parlamentara gatnaşyklarynyň pugtalandyrylmagy Türkmenistanyň dünýä giňişligindäki syýasy-diplomatik işiniň möhüm ugry bolup durýar.

Şu duşuşygyň çäklerinde wekiller ÝHHG-niň Parlament assambleýasynyň Baş sekretary Roberto Montellanyň çykyşyny ara alyp maslahatlaşdylar. Çykyşda guramanyň geçen ýylda alyp baran işiniň jemleri jemlenildi hem-de ýakyn geljek üçin meýilnamalar bellenildi.

***

Şu gün paýtagtymyzda wideoaragatnaşyk arkaly Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-belarus toparynyň mejlisi geçirildi. Oňa pudaklaýyn ministrlikleriň we edaralaryň hem-de iki döwletiň işewür toparlarynyň ýolbaşçylary we esasy hünärmenleri gatnaşdylar.

Pikiralyşmalaryň barşynda taraplaryň işewür gatnaşyklary hem-de özara bähbitli hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmäge gyzyklanma bildirýändikleri beýan edildi. Obasenagat toplumy, maşyngurluşyk, dokma we ýeňil senagaty, gurluşyk senagaty, ulag-kommunikasiýa hem-de beýleki birnäçe pudaklar ileri tutulýan ulgamlaryň hatarynda görkezildi. Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow bu ulgamlaryň ösdürilmegine aýratyn ähmiýet berýär.

Gepleşikleriň çäklerinde taraplar söwda-ykdysady ulgamda hyzmatdaşlygy diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmege, özara haryt dolanyşygynyň möçberini artdyrmaga ýardam etjek anyk çäreleri ara alyp maslahatlaşdylar. Şunuň bilen baglylykda, eksport-import amallaryny artdyrmaga we iberilýän harytlaryň hem-de hyzmatlaryň görnüşlerini giňeltmäge gönükdirilen goşmaça çäreleriň görülmeginiň zerurdygy bellenildi.

Mejlisiň barşynda Türkmenistana Belarusda öndürilýän ýük ulaglaryny we awtobuslary, oba hojalyk tehnikalaryny, lift enjamlaryny ibermek baradaky teklipler beýan edildi. Aşgabatda belarus tehnikasyna hyzmat edýän merkeziň işlemeginiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Taraplar medeni-ynsanperwer gatnaşyklaryň oňyn ornuny belläp, bilim, medeniýet, saglygy goraýyş, sport we syýahatçylyk ulgamynda gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmegiň wajypdygyny bellediler.

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-belarus toparynyň mejlisiniň jemleri boýunça degişli teswirnama gol çekildi.