Şu gün degişli ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň wekilleri awiasiýa we syýahatçylyk ugurlary boýunça özara hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de giňeltmegiň meseleleri boýunça Aziýanyň Ösüş bankynyň (AÖB) wekilleri bilen onlaýn maslahata gatnaşdylar. Maslahat “Merkezi Aziýa sebitinde ykdysady hyzmatdaşlyk” (MASYH) Maksatnamasynyň çäklerinde guraldy.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň baştutanlygynda gyzyklanma bildirýän taraplaryň ählisi bilen netijeli hyzmatdaşlygy giňeltmäge gönükdirilen daşary syýasat ugruny durmuşa geçirýän ýurdumyz MASYH Maksatnamasynyň binýatlaýyn ýörelgelerini hem-de onuň çäklerinde durmuşa geçirilýän taslamalary dolulygyna goldaýar.
Ýurdumyz 2000-nji ýyldan bäri Aziýanyň Ösüş bankynyň agzasy bolup durýar hem-de şu geçen döwürde bilelikdäki işleriň, şol sanda MASYH-nyň çäklerinde energetika, ulag ýaly ileri tutulýan pudaklarda, söwda ýardam etmek, gümrük meseleleri, syýahatçylyk, ykdysady geçelgeleri döretmek, adam ösüşi ýaly ugurlarda üstünlikli işlemegiň tejribesi toplanyldy. Bu maksatnama daýanmak bilen, AÖB Türkmenistanyň maýa goýum taslamalaryny maliýeleşdirmäge işjeň gatnaşýar.
Maslahatyň barşynda “2030-njy ýyla çenli döwür üçin maksatnama bilelikdäki we durnukly ösüş üçin sebiti birleşdirip” Maksatnamasynyň esasy ugurlaryna, şonuň ýaly-da köpugurly hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de berkitmegiň meselelerine uly üns berildi. AÖB tarapyndan bu resminamada durmuşa geçirmek üçin bellenilen geljegi uly wezipeleriň milli ösüş meýilnamalary hem-de Durnukly Ösüş Maksatlary (DÖM) bilen sazlaşýandygy nygtaldy.
Häzirki döwürde syýahatçylyk we awiasiýa ulgamlary milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda durýar. Türkmenistanyň dünýädäki abraýyny has-da artdyrmakda, daşary ýurtlar bilen bu ugurdaky özara hyzmatdaşlygy giňeltmekde olara möhüm orun degişlidir.
Şu maksatnamanyň çäklerinde göz öňünde tutulýan çäreleri durmuşa geçirmek sebitiň ýurtlary bilen netijeli gatnaşyklary giňeltmäge, ykdysadyýetiň iri pudaklarynda möhüm ähmiýetli taslamalary durmuşa geçirmek üçin iri maýa goýumlary çekmäge, Aziýa ýurtlarynyň innowasion ösüşini hil taýdan täze derejä çykarmak üçin döwletara gatnaşyklary ilerletmäge gönükdirilendir.
* * *
Şu gün Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde “Bütinrussiýa döwlet teleradio gepleşikler kompaniýasy” federal döwlet unitar kärhanasynyň (WGTRK) baş direktorynyň birinji orunbasary Anton Zlatopolskiý bilen onlaýn görnüşde duşuşyk geçirildi. Onuň barşynda köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ugry boýunça maglumatlary alyşmak hem-de özara hyzmatdaşlyk babatynda gatnaşyklary işjeňleşdirmegiň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň media ulgamynyň işini kämilleşdirmäge, daşary ýurtlar hem-de bu ulgamdaky halkara düzümler bilen özara gatnaşyklary giňeltmäge uly üns berýär.
Türkmen tarapy WGTRK-ny ýurtlaryň hem-de halklaryň arasyndaky syýasy, ykdysady we medeni-ynsanperwer gatnaşyklary berkitmekde möhüm wezipäni ýerine ýetirýän, köpmillionly tomaşaçylary bolan iri teleýaýlymlar kompaniýalarynyň biri hasaplaýar.
Soňky ýyllarda ýurdumyzyň jemgyýetçilik-syýasy hem-de medeni durmuşyndaky şanly wakalary, şol sanda Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlaryny, Aziada — 2017-ni, Hazar ykdysady forumyny, GDA-nyň sammitini we beýleki iri möçberli çäreleri beýan etmek boýunça bilelikdäki işiň uly tejribesi toplanyldy.
Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler hem-de kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň hem-de “Bütinrussiýa döwlet teleradio gepleşikler kompaniýasynyň” arasynda mundan beýläk-de hyzmatdaşlygyň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
Russiýaly kärdeşler Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllygy we Aşgabadyň 140 ýyllygy mynasybetli çärelere gatnaşmak hem-de olary beýan etmek üçin ýurdumyza çagyryldy.
Duşuşygyň jemleri boýunça Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň hem-de WGTRK federal döwlet unitar kärhanasynyň arasynda özara düşünişmek hakyndaky Ähtnama gol çekildi.
Bu Ähtnama gol çekilmegi üstünlikli ösdürilýän hyzmatdaşlygy giňeltmegiň, Türkmenistanyň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň halkara maglumatlar giňişligine goşulyşmagynyň mümkinçiliklerini artdyrmagyň ýolundaky möhüm ädim bolar.
Surata düşüren: Ýuriý ŞKURIN