Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Berdinyýaz Mätiýewiň ýolbaşçylygynda türkmen wekilýetiniň «Somo Al Mamlakah» saud kompaniýasynyň ýerine ýetiriji direktory Abdullah Al Şugairi bilen onlaýn-duşuşygy boldy.
Oňyn söhbetdeşligiň barşynda taraplaryň nebit-gaz we himiýa pudaklarynda, şeýle hem maýa goýum ulgamynda gatnaşyklary ösdürmäge ygrarlydygy tassyklanyldy.
Ylalaşyklary durmuşa geçirmegiň ugurlaryny ara alyp maslahatlaşmagyň barşynda taraplar Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan (TOPH) gaz geçirijisiniň, şeýle hem YET ulgamynda beýleki geljegi uly taslamalaryň gurluşygyny ilerletmek boýunça bilelikdäki işiň wajyplygyny aýratyn nygtadylar.
Surata düşüren: Ýuriý ŞKURIN