Ýurdumyzyň ministrlikleriniň we pudaklaýyn edaralarynyň, paýtagtymyzyň häkimliginiň, şeýle hem Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň wekilleriniň Fransiýanyň МEDEF International Telekeçiler assosiýasiýasynyň ýolbaşçyalry we iri fransuz kompaniýlarynyň 36-ynyň esasy menejerleri bilen onlaýn-duşuşygy boldy.
Webinaryň barşynda söwda-ykdysady gatnaşyklaryň gün tertibiniň meseleleriniň dürli ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy. Türkmen tarapy Fransiýanyň işewürler jemgyýetiniň wekillerini daşary ýurt kompaniýalarynyň gatnaşmagynda ýurdumyzda durmuşa geçirilmegi göz öňünde tutulýan maýa goýum taslamalary bilen tanyşdyrdy.
Taslamalar şäher gurluşygy, oba hojalygy, maglumat tehnologiýalary we ulag ýaly ugurlary öz içine alýar. Tanyşdyrylyş fransuz telekeçilerinde uly gyzyklanma döretdi, olar durli ugurlarda hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmäge taýýardyklaryny beýan etdielr. Duşuşygyň ahyrynda taraplar şeýle görnüşde geplşikleri dowam etdirmek barada ylalaşdylar.
Webinar Türkmenistanyň Fransiýa Respublikasyndaky Ilçihanasynyň ýardam bermeginde guraldy.