Ï Ählumumy gün tertibiniň wajyp meselelerini çözmek boýunça Türkmenistanyň eýeleýän orny beýan edildi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Ählumumy gün tertibiniň wajyp meselelerini çözmek boýunça Türkmenistanyň eýeleýän orny beýan edildi

view-icon 1786

ÝHHG-nyň Hemişelik geňeşiniň howpsuzyk meseleleri boýunça Komitetiniň 15-nji martda bolan nobatdaky mejlisinde Türkmenistanyň  wekilleri 2021-nji ýylyň Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly  yglan edilmegi mynasybetli beýannama bilen çykyş etdielr.

Ýakyn ýyllarda halkara bileleşiginiň halkara hukugyny pugtalandyrmak, ýaragsyzlanmak  we  köpçülikleýin gyryş ýaraglarynyň ýaýramagynyň öňüni almak, halkara terrorçylygyna we transmilli wehimlere garşy göreşmek ýaly möhüm ugurlara ünsüni jemlemeli boljakdygy bellenildi.

Türkmen tarapynyň çykyşynda öňüni alyş diplomatiýasyny saklap galmagyň we pugtalandyrmagyň, energetika, ulag, suw, azyk howpsuzlygyny üpjün etmegiň, şeýle hem bosgunlaryň we migrantlaryň meselelerini çözmekligiň wajyplygyna üns berildi.

 Möhüm wezipeleriň biri  hökmünde pandemiýany we onuň netijelerini ýeňip geçmek üçin halkara tagallalary birleşdirmek meselesi aýratyn bellenildi. Bellenilişi ýaly, ählumumy gün tertibiniň şu we beýleki wajyp ugurlary hoşmeýilli erk, özara ynanyşmak, jogapkärçilik we öňden görüjilik bolanda durmuşa geçiriler.