17-nji martda Türkmenistanyň Kazandaky (Russiýa Federasiýasy) Baş konsuly Atadurdy Baýramowyň «Татмедиа» Metbugat we köpçülikleýin kommunikasiýalar baradaky respublikan agentliginiň ýolbaşçysy Aýdar Salimgaraýew we «Новый Век» (ТНВ) teleradiokompaniýasynyň baş direktory Ilşat Aminow bilen duşuşygy boldy.
Gepleşikleriň dowamynda taraplar täzelikleri alyşmak, Türkmenistanda we RF-niň Tatarystan Respublikasynda žurnalistleri özara hasaba almak, Türkmenistanyň Kazandaky Söwda öýüniň internet-saýtyny işläp taýýarlamak we ilerletmek, bilelikdäki tematiki žurnallary, wideoreportažlary çykarmak, «TürkmenÄlem 52°E» milli aragatnaşyk hemrasynyň mümkinçiliginden peýdalanyp görkezilýän we eşitdirilýän ýaýlymlaryň sanyny artdyrmak mümkinçiligine garadylar.
«Татмедиа» PJ-nyň wekilleriniň türkmen kärdeşleri bilen onlaýn-duşuşygyny guramak meseleleri boýunça pikir alşyldy, şeýle hem media-hyzmatdaşlyk barada resminamalara gol çekmek mümkinçiligi ara alnyp maslahatlaşyldy.
Türkmenistanyň we Tatarystan Respublikasynyň KHBS-iň ýakyn gatnaşyklary ýurdumyzyň Russiýa Federasiýasy bilen köpugurly gatnaşyklary ösdürmek boýunça alyp barýan syýasatynyň jähtinden hyzmatdaşlygyň möhüm ugry diýlip bellenildi.
Türkmenistanyň Baş konsuly «Татмедиа» PJ-nyň ýolbaşçylaryna we hünärmenlerine 2021-nji ýylda geçiriljek Hazarýaka döwletleriň VI Sammitiniň çäklerinde Türkmenistana baryp görmegi we RF-niň Wolga-Kama makrosebitine wekilçilik edýän habaralr agentligi hökmünde bu möçberli çäräni beýan etmegi teklip etdi.
Duşuşyk baradaky widosýužeti görmek üçin saýta geçiň.