2021-nji ýylyň 17-nji martynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi Beýik Britaniýanyň Türkmenistandaky Ilçihanasy bilen bilelikde Aşgabatda BMG-niň howanyň üýtgemegi boýunça 2021-nji ýylyň noýabr aýynda Beýik Britaniýanyň Glazgo şäherinde geçiriljek ýokary derejeli (cop26) maslahatyna bagyşlanan tegelek stol duşuşygyny gurady.
Wideomaslahat görnüşinde geçirilen duşuşyga halkara guramalarynyň we ylmy-barlag institutlarynyň, Türkmenistanyň ugurdaş ministrlikleriniň hem-de pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, Beýik Britaniýanyň Hökümetiniň, daşary ýurt diplomatik wekilhanalarynyň wekilleri, hyzmatdaşlar we hemaýatkärler gatnaşdylar.
Halkara we milli bilermenleriň gatnaşmagynda guralan tegelek stol COP26-nyň ählumumy ähmiýetini ara alyp maslahatlaşmak we howanyň üýtgemegi ulgamynda maliýeleşdirmek üçin täze mümkinçilikeri gözlemäge meýdança boldy.
Ýyladyşhana buglarynyň (ÝG) howa goýberilmegini azaltmak we az uglerodly hem-de gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmelerine geçmek meselesinde halkara hyzmatdaşlygy üçin täze pikirleri we ugurlary döretmek üçin meýdança üpjün etmekden başga-da, hünärmenler derejesinde geçirilen onlaýn-duşuşyk Türkmenistanyň howanyň üýtgemegine garşy göreşmek ugrundaky tagallalaryny we ýurtda alnyp barylýan işleri, şeýle hem gelejek üçin meýilnamalary şöhlelendirýän ählumumy howa ylalaşyklary boýunça borçnamalaryny ýerine ýetirmäge ygrarlylygyny görkezdi.
Britan tarapyna Ýakyn Gündogarda we Demirgazyk Afrikada, Gündogar Ýewropada we Merkezi Aziýada COP26 boýunça sebitleýin ilçi Janet Rogan wekilçilik etdi. Hanym Rogan wideo-aragatnaşygy arkaly çykyşynda Beýik Britaniýanyň hökümetiniň howanyň üýtgemegine garşy alyp barýan tagallalary we COP26 babatynda ileri tutýan ugurlary barada gürrüň berdi.
Şeýle hem söhbetdeşlige Beýik Britaniýanyň Energetika we howanyň üýtgemegi boýunça öňki ministri, professor Çarlz Hendri; ýurdumyzyň Oba hojalygy we daşky gurşawy goramak ministrliginiň Halkara daşky gurşaw hyzmatdaşlygyny we taslamalaryny utgaşdyrmak Müdirliginiň başlygy Berdi Berdiýew; BMGÖM taslamasynyň we Birleşen Milletler Guramasynyň Howanyň üýtgemegi boýunça Çarçuwaly konwensiýasy (UNFCCC) üçin Türkmenistanyň dördünji milli maglumatyny taýýarlamak boýunça toparyň ýolbaşçysy Batyr Ballyýew; ÝTÖB-nyň ýurt ýolbaşçysy Fatih Türkmenoglu hem-de AÖB-nyň Merkezi we Günbatar Aziýa departamentiniň energetika boýunça Baş hünärmeni Sohail Hasni; Gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri boýunça Halkara agentliginiň (IRENA) departamentiniň ýolbaşçysy Gurbuz Onul; Halkara energiýa agentliginiň (IEA) departamentiniň ýolbaşçysy Tim Guld; howa we arassa howa boýunça Bileleşigiň (CCAC) sekretariatynyň ýolbaşçysy Helena Molin Waldes we Birleşen Milletler Guramasynyň Daşky gurşaw maksatnamasynyň (UNEP) ýolbaşçysy Manfredi Kaltajirone; Oksford uniwersitetinden doktor D-r Jon Ris we Türkmen döwlet energetika institutynyň professory (Mary ş.) Aganyýaz Jumaýew; beýleki halkara bilermenleri gatnaşdylar.
Tanyşdyrmalaryň we söhbetdeşligiň barşynda howa meselesini çözmegiň ileri tutulýan ugurlary bellenildi, energetikanyň ählumumy özgermegine syn berildi, şeýle hem gün we ýel energiýasynyň Türkmenistanyň energetika balansyna netijeli goşulmagy, «ýaşyl» geljegi maliýeleşdirmek, howa sarsgynlaryna oba hojalyk pudagynyň durnuklylygy üçin oba hojalygyna howa babatda amatly çemeleşmegi ulanmak ýaly ugurlara garaldy.
Temanyň ähmiýetini we howanyň üýtgemeginiň dünýä ilartynyň köpüsine we ýurtlaryna ýaramaz täsir edýändigini göz öňünde tutup, hünärmenler birek-birekden öwrenmegiň we bu möhüm ugurda öndürijilikli gepleşikleriň we hünär tejribe alyşmagyň möhümdigi bilen ylalaşdylar.
Duşuşygyň ahyrynda hünärmenler çäräniň guramaçylaryna minnetdarlyk we hemmeler üçin «ýaşyl» geljege umyt bildirdiler.