Ï Türkmenistanyň Kazandaky Baş konsuly we Naberežnyýe Çelnynyň mugallymçylyk uniwersitetiniň rektory hyzmatdaşlygyň ugurlaryna garadylar
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Kazandaky Baş konsuly we Naberežnyýe Çelnynyň mugallymçylyk uniwersitetiniň rektory hyzmatdaşlygyň ugurlaryna garadylar

view-icon 4412

Naberežnyýe Çelny şäherinde (RF-iň Tatarystan Respublikasy) Türkmenistanyň Kazandaky Baş konsuly Atadurdy Baýramowyň Naberežnyý Çelny döwlet mugallymçylyk uniwersitetiniň (NÇDMU) rektory Alfinur Galiakberowa bilen duşuşygy boldy.

Söhbetdeşligiň barşynda taraplar akademiki alyşmalar we ylmy-usulýet işinde Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleri bilen hyzmatdaşlygyň, şeýle hem dürli, şol sanda onlaýn-görnüşde bilelikdäki çäreleri guramagyň geljegini ara alyp maslahatlaşdylar.

Naberežnyýe Çelny şäherinde ýaşlaryň arasynda sagdyn durmuş ýörelgesini, şeýle hem halkymyzyň däplerini ýaýmak hem-de medeniýetara gatnaşyklary ösdürmek üçin türkmen talyplarynyň sport we folklor toparlaryny döretmek meselesinde özara düşünişme gazanyldy.

Bu ýokary okuw mekdebinde bolmagynyň çäklerinde A. Baýramow türkmen talyplary bilen duşuşyk geçirdi. Ýurdumyzyň RF-iň Tatarystan Respublikasyndaky Baş konsullygynyň ildeşlerimize hemmetaraplaýyn, şol sanda COVID-19 zerarly ýüze çykan meseleleri çözmekde ýardam etmäge taýýardygy beýan edildi.