Ýurdumyzyň Binagärler birleşiginiň ýardam bermeginde Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň hem-de Gurluşyk we binagärlik ministrliginiň guramagynda binagärleriň, şäher gurluşykçylarynyň, binagärlik taryhçylarynyň hem-de rejeleýjileriň onlaýn-duşuşygy boldy.
Webinara Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň ýurtlarynyň, şeýle hem Gruziýanyň we Ukrainanyň wekilleri gatnaşdylar. Hünärmenler wideomaslahat görnüşinde eden çykyşlarynda öz ylmy barlaglary we döredijilik üstünlikleri barada gürrüň berdiler. Şekillendiriş sungaty muzeýi türkmen wekilýetiniň tanyşdyrylyşy üçin meýdança boldy.
Mälim bolşy ýaly, Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň GDA döwletleriniň Baştutanlarynyň 2020-nji ýylyň maý aýynda geçirilen Geňeşiniň mejlisindäki teklibi bilen 2021-nji ýyl GDA-da Binagärlik we şähergurluşygy ýyly hökmünde geçýär.
Webinara gatnaşanlaryň belleýşi ýaly, munuň özi diňe bir şeýle duşuşyklary, hünär bäsleşiklerini we sergilerini geçirmek, binagärlik hakda kitaplary we albomlary neşir etmek üçin ajaýyp delil bolman, eýsem jemgyýetçiligiň ünsüni binagärligiň meselelerine, binagärlik käriniň jemgyýetçilik derejesine, binagärlik işini hukuk esaslaryna çekmäge döredilen mümkinçilikdirem.
Bu meseleler her ýurtda wajypdyr, şonuň üçinem, çykyş edenleriň pikirine görä, yzygiderli tejribe alyşmak, GDA-nyň Ýerine ýetiriji komiteti, ÝuNESKO ýaly abraýly halkara guramalarynyň, şeýle hem Binagärler birleşiklerini halkara assosiasiýasy (BBHA), Halkara binagärlik akademiýasy ýaly professional düzümleriň çäklerinde has jebis hyzmatdaşlyk möhümdir.
Daşary ýurtly myhmanlaryň çykyşlaryndan öň olara Türkmenistan, türkmen milli medeniýetiniň has tanalýan aýratynlykalry barada gysgaça gürrüň berýän widoşekiller görkezildi we ýurdumyzyň binagärlik taryhy barada gysgaça gürrüň berildi, şeýle hem Türkmen döwlet binagärlik we gurluşyk institutynyň hem-de Döwlet çeperçilik akademiýasynyň mugallymlarynyň we talyplarynyň işleri görkezildi.
Mundan başga-da, seminara gatnaşanlara iň täze «Aşgabat-siti» megataslamasy barada animasion film görkezildi, şäheriň 140 ýyllygy baýram edilýän günleri onuň düýbi tutular.
Webinara gatnaşanlar ХХI asyryň mese-mälim sypatlarynyň ýaş binagärleriň eýýäm häzirki taslamalarynda we hyýallarynda göze ilýändigini aýtdylar, olar öz işi bilen baglylykda ählumumy ugurlary çak edip, erteki güni görmegi başarmalydyrlar. Bu babatda talyp ýaşlaryň başarnygyna bil baglanylýar, olar heniz okap ýörkäler hakyky taslama işlerine işjeň çekilýär. Çykyş edenler amaly iş alyp barýan binagärleriň ýaş hünärmenleri taýýarlamaga, olara bilim bermäge işjeň gatnaşmagynyň möhümdigini bellediler. Diňe şu ýagdaýda binagärlik iň täze tehniki we tehnoloigik serişdelere erk eder we köp asyrlyk ýörelgelerden ara üzmän yzygiderli öser.
Webinara gatnaşanlaryň ählisi ХХI asyryň binagärligine diňe bir mirasa däl, eýsem tebigatyň we adamlaryň ekologiýa deňagrmalylygyna aýawly çemeleşmek mahsus bolmalydyr diýen pikir aýtdylar.
Eýýäm häzirden ýurtlaryň käbirinde häzirki döwrüň ykdysady, tehnologik, durmuş, medeni şertlerine laýyk gelýän we ylmyň hem tehnikanyň gazananlaryna daýanýan ýaşaýyş, jemgyýetçilik jaýlarynyň täze görnüşleri, täze köpugurly düzümler kemala gelýär. Yzygiderli pikir alşylmagy, binagärlik taslamalara we şäher gurluşygyna çekilýän düzümleriň ählisiniň özara gatnaşyklary urbanistikanyň iň çylşyrymly meselelerini üstünlikli çözmegiň girewidir – diýlip webinardaky çykyşlaryň köpüsinde nygtaldy.