Ýaponiýanyň Türkmenistandaky Ilçihanasynyň saýtynda Halkara Nowruz güni mynasybetli Ýaponiýanyň daşary işler ministri Tosimisu Moteginiň haty çap edildi.
«Nowruz baýramyny belleýän Ýaponiýadaky we dünýädäki adamlaryň ählisini tüýs ýürekden gutlaýaryn.
Koronawirus ýokanjynyň täze görnüşiniň dünýä ýaýramagy zerarly adamlara döwletara gatnaşyklaryny, serhetüsti geçişleri amala aşyrmak kynlaşdy, ýöne aýazly gyşdan soň hökman maýyl ýaz, täze gün gelýär. Ýaponiýanyň Hökümeti bu kynçylyklary ýeňip geçmek üçin hemmäňiz bilen bilelikde işleşip, her ýurt bilen hyzmatdaşlygy has-da işjeňleşdirmegi niýet edinýär.
Nowruz baýramy mynasybetli koronawirus ýokanjynyň täze görnüşini çalt ýeňip geçmek üçin siziň bilen hyzmatdaşlyk etmekçidigimizi beýan edip, size berk jan-saglyk, bagt we abadançylyk arzuw edýärin» - diýlip ýapon DIM-niň ýolbaşçysynyň hatynda aýdylýar.