Ï Rumyniýanyň ilaty türkmen halkynyň taryhy, medeniýeti we däpleri bilen tanyşýar
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Rumyniýanyň ilaty türkmen halkynyň taryhy, medeniýeti we däpleri bilen tanyşýar

view-icon 5532

19-njy martda Buharestde Halkara Nowruz gününe bagyşlanan  sergi açyldy. Çäräni Türkmenistanyň we Eýranyň Rumyniýadaky diplomatik wekilhahalary Dmitriýe Gusti adyndaky Oba milli muzeýiniň ýardam bermeginde guradylar.

Sergä Rumyniýanyň medeniýet ministri Bogdan Georgiýu bardy. Onuň açylyş dabarasy muzeýiň resmi internet-sahypasy we sosial ulgamlar arkaly onlaýn-tertipde görkezildi.

Diplomatik wekilhanalaryň, şeýle hem Rumyniýanyň dürli edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň  wekilleri, medeniýet we KHBS-niň işgärleri, talyplar, şol sanda bu ýerde bilim alýan türkmen talyplary çäräniň myhmany boldular.

Dmitriýe Gusti adyndaky Oba milli muzeýiniň menejeri Paulina Popoiu, Türkmenistanyň we Eýran Yslam Respublikasynyň ilçileri dabara gatnaşanlara gutlag sözleri bilen ýüzlendiler.

Çäräniň resmi böleginden soň bolan baýramçylyk konsertinde türkmen halkynyň özboluşly aýdym-saz ýörelgeleri, şol sanda bagşyçylyk sungaty  bilen tanyşdyryldy. 

Türkmenistanyň milli diwarçasy ýurduň taryhy-medeni mirasy, däpleri, gözel tebigaty, häzirki keşbi, Garaşsyzlyk  döwri gazanan üstünlikleri bilen tanyşdyrýar. Haly önümleri, milli matalar we el keşdelri, zergärleriň elinden çykan ajaýyp şaý-sepler, sowgatlyk önümler bu ýere gelenlerde uly gyzyklanma döretdi.

Köpugurly sergide foto- we wideomatetillar hem goýlupdyr. Sergi wirtual görnüşde elýeterlidir.