Kazanda (RF-iň Tatarystan Respublikasy) Halkara Nowruz gününe bagyşlanan çäräniň çäklerinde türkmen halkynyň medeniýeti we özboluşly däpleri bilen tanyşdyryldy.
Tatarystan Respublikasyndaky türkmenleriň milli-medeni awtonomiýasy türkmen ýaşlaryndan talyplar bilen bilelikde Türkmenistanyň Kazandaky Baş konsullygynyň goldamagynda sergi gurady, onuň eksponatlary geçmişe syýahat etmäge, şeýle hem halkymyzyň milli gymmatlyklary, däp-dessurlarynyň estetikasy bilen tanyşmaga mümkinçilik berdi.
RF-iň Tatarystan Respublikasynyň Medeniýet ministrliginiň, Russiýa Federasiýasynyň, Eýranyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň, Türkiýäniň, Özbegistanyň we beýleki ýurtlaryň halklarynyň milli jemgyýetleriniň wekilleri, şeýle hem daşary ýurtly diplomatlar çäräniň myhmany boldular.
Türkmenleriň amaly-haşam sungaty eserleri sergä gelenlerde uly gyzyklanma döretdi. Sergide Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň işlerine hormatly orun berlipdir.
Nowruz baýramynyň datly tagamlary bilen tanyşdyrylyşyň çäklerinde türkmen milli naharlary hödür edildi, olardan palaw baýramçylyk çäresiniň tagamlarynyň iň gowularynyň üçlügine girdi.
Talyplar toparlarynyň folklor çykyşlary, nusgawy sazlar we häzirki zaman eserleri, küştdepdi baýramçylyga aýratyn röwüş çaýdy.