Ï ÝOLUŇ AK BOLSUN, AŞGABAT!
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Ýoluň ak bolsun, Aşgabat!

view-icon 3648

Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllyk şanly toýunyň toýlanýan ýylynyň Nowruzynda taýçanak dünýä indi. Milli Liderimiz «Ahalteke bedewi — biziň buýsanjymyz we şöhratymyz» atly kitabynda şeýle belleýär: «Eger at taýçanaklasa, bu habar edil çaga dünýä inen ýaly, çar töwerege buşlanypdyr. Atda lakam diýen zat bolmandyr, diňe at goýlupdyr. Olaryň nesil daragty hem edil ynsanyňky ýaly — ogul, gyz, agtyk, çowluk diýlip atlandyrylypdyr... Türkmenlerde: «Ertir tur, ataňy gör, ataňdan soň — atyňy» diýen pähim bar».

Täze günüň, täze ýylyň buşlugy bolup dünýä inen taýçanaga hormatly Prezidentimiziň paýtagtymyzyň 140 ýyllygy bilen baglylykda, Aşgabat diýip at goýmagy parahatçylygyň we ynanyşmagyň mekanynyň, onuň merkezi şäheriniň bedew batly ösüşleriniň, Garaşsyzlyk ýyllarynda ýetilen belent sepgitleriň nyşany boldy.

Aşgabat — Akhanyň nesli. Şu ýerde Aşgabat şäheriniň şöhratly taryhynyň Akhan bilen baglanyşykly bir pursadyny ýatlamak ýerlikli bolar. Mälim bolşy ýaly, «Aşgabat — 2017-de» Aziadanyň alawynyň Olimpiýa şäherçesine Akhanda getirilendigi, şonda toý bezegindäki bedewiň çarpaýa galyp, 17 ädim ätmegi tomaşaçylarda uly täsir galdyrypdy. «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň, Akhanyň çykyşlary paýtagtymyzyň ýaşaýjylarynyň hem-de myhmanlarynyň iň söýgüli şowhunlarydyr. 2018-nji ýylda iki aýagynyň üstünde çarpaýa galyp, 10 metri bary-ýogy 4,19 sekuntda geçmegi başaran Akhanyň üstünligi Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi. Bu gün bolsa onuň taýçanagy — Aşgabat paýtagtymyzyň şanly toýuna ajaýyp sowgat bolup, Milli bahar baýramynda ýazlaryň ýaraşygyny özünde jemläp, «ýaz açylan güller deýin» dünýä geldi.

Bedew batly ýurdumyzda täze ýylyň bosagasynda dünýä inen taýçanaga ýagşy umyt-arzuwlar bilen at dakmak asylly däpdir. 2017-nji ýylyň — Sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýylynyň ilkinji günlerinde Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumynda täze taýçanak dünýä inende, mähriban Arkadagymyz ýagşy adata we ynama eýerip, oňa Ruhubelent diýen ady dakypdy. Milli Liderimiziň: «Ak reňkiň nähili many aňladýandygynyň özi hem duran bir pelsepe! Ak reňk ýumurtgada we süýtde öz beýanyny tapýar, ol öndüriji güýç, ýaradylyşyň tebigy özgeriş häsiýetiniň beýany! Akýal, mele reňkli taýçanaga käbämiň ören alajasyny dakdym. Ýagşy niýet edişimiz ýaly, ýyl üstünlikli tamamlandy» diýen sözlerinden görnüşi ýaly, bagtyýarlyk döwrümizde arzuwlar ganat bekleýär.

2019-njy ýylyň ilkinji günlerinde halkymyzyň asudalygyny goraýjylar bilen duşuşygynda Gahryman Arkadagymyza täze dünýä inen altyn öwüşginli taýçanagy görkezip, mynasyp at dakmagy haýyş etdiler. Hormatly Prezidentimiz bu barada: «Täze ýylyň başynda gadymy ahalteke bedewleriniň tohumyndan gaýdýan taýçanagyň dünýä inmegi atşynaslar üçin örän ähmiýetli hem-de şatlykly wakadyr. Bu taýçanaga wagtyň, ömrüň, nesliň, ýurduň rowaçlygyny arzuw edip, «Rowaç» diýip at goýdum. Taýçanagyň dünýä inmegi biziň wagta many bermek, ony taryhymyzyň şöhratly pursatlaryna öwürmek baradaky yhlasymyzyň dowamlylygynyň alamatydyr» diýip aýdýar.

Milli Liderimiz ahalteke bedewlerine bagyşlap ýazan eserlerinde olaryň hüý-häsiýetleri, wepadarlygy, gözellige telwasy barada gürrüň bermek bilen, adamzadyň asylly ýörelgelerine ünsi çekýär. Ahalteke atlarynyň agynan ýerlerine toýly döwranlar dolansa, kişňän ýerlerinde parahatçylyk sazy, dostluk, doganlyk sazy ýaňlanýar. Şoňa görä-de, olar parahatçylygyň, dost-doganlygyň nyşany hasaplanýar. Dünýäde şöhratlanan ahalteke bedewleriniň ençemesi taryha bagtyýarlygyň, asudalygyň, dostlugyň nyşany bolup girdiler.

«Dünýä halklaryny dosty-ýar eden» bedewler «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda eziz Diýarymyzyň bedew bady bilen öňe barýandygynyň, döwrüň ruhy bilen belent menzillere ýetýändiginiň aýdyň nyşany bolup öňe çykýar.

Rahmanberdi GÖKLEŇOW