Şu gün Daşary işler ministrliginde adam hukuklary we halkara ynsanperwer hukugy ulgamynda Türkmenistanyň halkara borçnamalaryny ýerine ýetirmegi üpjün etmek boýunça Pudagara toparyň nobatdaky mejlisi geçirildi.
Sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçirilen mejlise birnäçe ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, hukuk goraýjy edaralaryň, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, Adalatçy, şeýle hem ýurdumyzda işleýän halkara guramalaryň wekilleri, BMG-niň Adam hukuklary baradaky Ýokary Komissarynyň müdirliginiň Merkezi Aziýa üçin sebit wekili hem-de Halkara Gyzyl Haç komitetiniň Merkezi Aziýa boýunça sebit wekilhanasynyň ýolbaşçysy gatnaşdylar.
Gün tertibine abraýly düzümler bilen ynsanperwer hyzmatdaşlygy giňeltmek, milli meýilnamalarydyr maksatnamalary, şol sanda bilelikdäki iş meýilnamalaryny durmuşa geçirmegiň usullary we gurallary bilen baglanyşykly meseleler girizildi.
Çykyş edenleriň nygtaýşy ýaly, ýurdumyzda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça amala aşyrylýan demokratik özgertmeleriň esasy görkezijileri ilata mynasyp durmuş şertleriniň döredilmeginden, raýatlaryň konstitusion hukuklarynyň hem-de azatlyklarynyň üpjün edilmeginden ybaratdyr. Şunda “Döwlet adam üçindir!” diýen şygarda öz beýanyny tapan oňyn özgertmeler syýasatynyň esasy ugurlarynyň biri hökmünde Türkmenistanyň tassyklan halkara resminamalaryň kadalaryna laýyklykda, milli kanunçylygy kämilleşdirmek wezipesi bar.
Ýurdumyzyň Birleşen Milletler Guramasy hem-de onuň düzüm bölekleri bilen köpugurly hyzmatdaşlygyna aýratyn üns çekildi, bu gatnaşyklar ynsanperwer ulgam ýaly möhüm ugurda hem üstünlikli ösdürilýär. Şunuň bilen baglylykda, häzirki zamanyň sebit we ählumumy meselelerini netijeli çözmek üçin uly ähmiýete eýe bolan Türkmenistanyň öňe sürýän oňyn başlangyçlary bellenildi.
Biziň ýurdumyz halkara hyzmatdaşlygyň giňeldilmegine gönükdirilen möhüm başlangyçlary diňe öňe sürmek bilen çäklenmän, eýsem, şolary milli derejede iş ýüzünde durmuşa geçirmek üçin degişli çäreleri hem görýär. Muňa hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň baştutanlygynda ynsanperwer hukugyň dürli ulgamlarynda yzygiderli amala aşyrylýan maksatnamalar, meýilnamalar, konsepsiýalar, strategiýalar hem şaýatlyk edýär.
Mejlise gatnaşyjylaryň garamagyna «Türkmenistanda adam hukuklary boýunça hereketleriň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Milli meýilnamasynyň» taslamasy hödürlenildi, bu meýilnama 2016 — 2020-nji ýyllarda üstünlikli durmuşa geçirilen şeýle meýilnamanyň dowamydyr. Hereketleriň täze Milli meýilnamasy jemgyýetiň we döwletiň ösüşiniň häzirki zaman wezipeleriniň Durnukly ösüş maksatlary bilen utgaşyklylykda ýerine ýetirilmegine gönükdirilendir.
Gün tertibine girizilen esasy meseleleriň hatarynda “Halkara ynsanperwer hukugyň ornaşdyrylmagy babatyndaky 2021 — 2023-nji ýyllar üçin geçirilmeli çäreleriň meýilnamasynyň” taslamasy hem bar. Bu meýilnama Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýeti tarapyndan taýýarlanyldy. Bu resminama-da 2018 — 2020-nji ýyllarda amala aşyrylan degişli meýilnamanyň dowamydyr. Pudagara toparyň agzalarynyň teklipleri nazara alnyp taýýarlanylan bu meýilnamanyň taslamasynda degişli ulgamda ilatyň habarlylygyny ýokarlandyrmak, halkara ynsanperwer hukugy durmuşa geçirmek ulgamynda işleýän döwlet gullukçylarynyň, hünärmenleriň bilimlerini artdyrmak boýunça çäreleriň toplumy göz öňünde tutuldy.
BMG-niň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri baradaky guramasynyň (ÝUNESKO) ýöriteleşdirilen edarasy hem-de Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasy (ÝHHG) bilen hyzmatdaşlygyň hukuk binýatlaryny pugtalandyrmak aýratyn ara alnyp maslahatlaşylan mesele boldy, soňky ýyllarda bu düzümler bilen bilelikdäki taslamalaryň onlarçasy durmuşa geçirildi. Mejlise gatnaşyjylar milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň baştutanlygynda durmuşa geçirilýän daşary syýasatda ÝUNESKO hem-de ÝHHG bilen netijeli gatnaşyklaryň giňeldilmegine ileri tutulýan ugurlaryň hatarynda aýratyn orun berilýändigini nygtap, bu düzümler bilen hyzmatdaşlygyň geljekki mümkinçilikleri barada pikir alyşdylar.
Pudagara toparyň agzalarynyň garamagyna kämillik ýaşyna ýetmedikler bilen alnyp barylýan toplumlaýyn işleri düzgünleşdirýän kadalaşdyryjy namalary kämilleşdirmek boýunça teklipler hem hödürlenildi. Şunda jemgyýetçilik guramalarynyň hem-de umuman, raýat jemgyýetiniň ýaşlary terbiýelemek boýunça geçirýän çärelerini işjeňleşdirmegiň möhümdigi aýdyldy. Ýaş nesliň durmuş abadançylygy hem-de hukuklarynyň we bähbitleriniň üpjün edilmegi, ýaş türkmenistanlylary milli hem-de umumadamzat ruhy gymmatlyklary esasynda terbiýelemek, maşgala ýörelgelerini pugtalandyrmak, ýurdumyzda çagalar babatynda hukuk ulgamyny kämilleşdirmek BMG-niň Çagalar gaznasy — ÝUNISEF bilen bu ugurda bilelikde durmuşa geçirilýän toplumlaýyn çäreleriň wezipeleridir.
Häzirki wagtda adam hukuklaryny goramak hem-de durmuşa geçirmek babatynda oňyn dünýä tejribesini öwrenmek bu toparyň iş tejribesinde däbe öwrüldi. Şunuň bilen baglylykda, geljekde hem halkara guramalaryň wekilleriniň gatnaşmagynda okuw maslahatlarynyň, iş duşuşyklarynyň, geňeşmeleriň tapgyrynyň geçirilmeginiň möhümdigi bellenildi.
Köpçülikleýin habar beriş serişdeleri, migrasiýa, dine uýmak azatlygy we beýleki ulgamlarda adam hukuklaryny hukuk taýdan kadalaşdyrmak boýunça Pudagara toparyň ýanynda iş toparyny döretmek hakyndaky teklip öňe sürüldi.
Pudagara toparyň hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan Ministrler Kabinetiniň şu ýylyň 12-nji fewralynda geçirilen giňişleýin mejlisinde hem-de Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlary bilen 25-nji fewralda bolan duşuşykda kesgitlenilen ilkinji nobatdaky wezipeleri nazara almak bilen, şu ýyl üçin täzelenilen iş meýilnamasyny ýerine ýetirmek boýunça çäreleriň geçirilmegi gün tertibiniň esasy meseleleriniň hatarynda görkezildi.
Mejlisde adam hukuklary we ynsanperwer hukugy ulgamynda beýleki möhüm meselelere hem garaldy.
Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi
Surata düşüren: Ýuriý ŞKURIN