Ï Brifingiň temasy – Owganystanda parahatçylyk prosesiniň ösüşi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Brifingiň temasy – Owganystanda parahatçylyk prosesiniň ösüşi

view-icon 2044

Owganystan Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky Ilçihanasy «Owganystanyň parahatçylyk prosesi: häzirki ýagdaýy,meseleleri we çözgütleri» atly onlaýn-brifing gurady.

Çärä Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Wepa Hajyýew, paraharçylyk gepleşiklerinde Owganystanyň Hökümetiniň wekiliýetiniň başlygy Mohammad Masum Stanikzaý, Owganystan Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Han Wali Han Başarmal, şeýle-de Türkmenistanda işleýän diplomatik gullugyň beýleki wekilleri gatnaşdylar.

Brifingiň barşynda Owganystanda parahatçylyk prosesiniň häzirki ýagdaýy hem-de ony ösdürmegiň mümkinçilikleri, halkara bileleşiginiň we sebitiň ýurtlarynyň parahatçylyk gepleşikleriniň gün tertibiniň derwaýys meseleleri boýunça ylalaşygyň gazanylmagy ugrunda tagallalarynyň utgaşdyrylmagynyň ähmiýeti barada pikir alşyldy.

Çärä gatnaşanlar bitarap hem-de goňşy döwlet hökmünde parahatçylyk döredijilik mümkinçilikleriniň ulanylmagy bilen Owganystanda parahatçylyk prosesiniň ýola goýulmagy üçin oňaýly şertleriň döredilmeginde Türkmenistanyň möhüm ornuny bellediler.