Şu gün türkmen-ýapon komitetiniň ýapon tarapyndan başlygy, “Itochu Corporation” kompaniýasynyň dolandyryjy direktory Hiroýuki Subaý bilen DIM-de wideomaslahat görnüşinde duşuşyk geçirilip, onda köpýyllyk hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Duşuşyga ýurdumyzyň Döwlet daşary ykdysady iş bankynyň hem-de “Sumitomo Corporation” ýapon kompaniýasynyň ýolbaşçylary hem gatnaşdylar.
Duşuşykda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň amala aşyrýan “Açyk gapylar” syýasatynyň netijeli häsiýeti bellenildi. Ol iki dostlukly döwletiň arasyndaky söwda gatnaşyklarynyň ösüşiniň oňyn depginini şertlendirýär.
Gepleşikleriň dowamynda Ýaponiýada öndürilen ýer gazýan hem-de awtomobil tehnikasynyň Türkmenistana getirilmegine gyzyklanma bildirýän ýapon kompaniýalary bilen hyzmatdaşlyk etmegiň meseleleri, Tokio şäherinde Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-ýapon komitetiniň 14-nji mejlisini geçirmegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
Şeýle hem bilelikdäki taslamalara maýa goýmak meselesine we beýleki meselelere seredildi.