Türkmensitanyň Astrahandaky (Russiýa Federasiýasy) konsuly Güýç Garaýew Astrahan döwlet lukmançylyk uniwersitetine baryp gördi we bu ýokary okyw mekdebiniň rektory Olga Başkina bilen duşuşyk geçirdi.
Häzirki wagtda uniwersitetde Türkmenistanyň raýatlarynyň 200-e golaýy bilim alýar. Taraplar hünärmenleri taýýarlamak we akademiki alyşmalar babatda hyzmatdaşlygyň geljegini ara alyp maslahatlaşdylar. Pursatdan peýdalanyp, bu ýokary okyw mekdebiniň rektory ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň şu ýyl bellenilýän 30 ýyllygy bilen gutlady.
M. Garryýew adyndaky Türkmenistanyň lukmançylyk uniwersiteti bilen Astrahan döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň arasynda 2019-njy ylyň noýabrynda gol çekilen bilim we saglygy goraýyş ulgamynda hyzmatdaşlyk barada Ähtnamanyň esasynda hyzmatdaşlygy giňeltmäge taýýarlyk bildirildi.
Türkmen raýatlaryna meýletin sanjym geçirmek duşuşygyň temalarynyň biri boldy. Olga Başkina bu meselede ýadam etjekdigine ynandyrdy.