Ï Türkmenistanyň Mejlisiniň Karary
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Mejlisiniň Karary

view-icon 2822

Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasyna Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyny dakmak hakynda

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Türkmenistan döwletimiz sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýurdy, bagtyýar çagalygyň mekany hökmünde dünýäde giňden tanalýar. Geljegimiz bolan ýaş nesillerimiziň akyl, beden we ruhy taýdan kadaly ösüşini üpjün etmek baradaky aladalaryň ählisi Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Gurbanguly Berdimuhamedowyň ady we alyp barýan ynsanperwer işleri bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr.

Hormatly Prezidentimiziň Watanymyzyň röwşen geljegi bolan çagalaryň ýaşaýşyny, durmuş taýdan goraglylygyny, ruhy taýdan sagdyn ösüşini, bagtyýar durmuşda ýaşamagyny, döwrebap bilim almagyny, watansöýüjilik we ynsanperwerlik ruhunda terbiýelenmegi barada alyp barýan ýadawsyz tagallalaryny we çagalaryň hukuklaryny goramakda Türkmenistanyň halkara borçnamalaryny ýerine ýetirmekde gazanan üstünliklerini hem-de ata-babalarymyzyň pähim-parasatly, berk bedenli, arassa ahlakly, kesp-hünärli nesilleri kemala getirmekde döreden kämil ýörelgelerini, maşgala gymmatlyklaryny, haýyr-sahawatlylygy döwlet syýasatynyň derejesine çykarmakda we durmuşa geçirmekde bitiren aýratyn hyzmatlaryny göz öňünde tutup, Türkmenistanyň Mejlisi karar edýär:

Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasyna Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyny dakmaly we ony mundan beýläk Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy diýip atlandyrmaly.

Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy
G.MÄMMEDOWA.

Aşgabat şäheri. 2021-nji ýylyň 29-njy marty.