Ï Daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen nobatdaky wideoduşuşyklar
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen nobatdaky wideoduşuşyklar

view-icon 1927

Şu gün Fransiýanyň “MEDEF International” telekeçiler assosiasiýasy we iki ýurduň diplomatik wekilhanalary tarapyndan guralan ýörite okuw maslahaty oba hojalyk pudagynda türkmen-fransuz hyzmatdaşlygyna bagyşlandy.

Türkmen tarapyndan onlaýn okuw maslahatyna Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň, Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň, Merkezi bankyň, Döwlet daşary ykdysady iş bankynyň wekilleri hem-de hususy telekeçiler — Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary gatnaşdylar.

Fransuz hyzmatdaşlardan oba hojalyk pudagynda işleri amala aşyrýan iri kompaniýalaryň 35-e golaýy gatnaşdy. Olar ýurdumyzyň oba hojalyk pudagynyň kuwwaty, eksport we maýa goýum mümkinçilikleri, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň döwlet ösüş strategiýasyna laýyklykda, kesgitlenilen milli ykdysadyýetiň möhüm ugurlary bilen tanyşdyryldy.

Öz nobatynda, fransuz işewür toparlarynyň wekilleri hem mümkinçiliklerini görkezip, ýurdumyzda durmuşa geçirilýän geljegi uly oba hojalyk taslamalaryna gatnaşmaga taýýardyklaryny beýan etdiler.

Wideoduşuşygyň çäklerinde ýyladyşhana hojalygynda özara bähbitli hyzmatdaşlygyň mümkinçiliklerine aýratyn üns berildi. Şunuň bilen baglylykda, taraplar bu ugur boýunça aýratyn okuw maslahatyny guramagy ylalaşdylar. Şeýle hem fransuz kompaniýalarynyň Türkmenistanda guralýan giň gerimli oba hojalyk sergilerine gatnaşmagy barada ylalaşyk gazanyldy.

* * *

Şu gün Söwda-senagat edarasynda Eýran Yslam Respublikasynyň Horasan-Rezawi welaýatynyň resmi wekilleri we işewür toparlary bilen geçirilen wideoduşuşygyň gün tertibine özara bähbitli söwda-ykdysady gatnaşyklary ösdürmek baradaky meseleler girizildi.

Duşuşyga türkmen tarapyndan DIM-niň, Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginiň, Söwda-senagat edarasynyň hem-de Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň wekilleri, eýran tarapyndan döwlet düzümleriniň, birnäçe esasy kompaniýalaryň wekilleri gatnaşdylar.

Duşuşygyň dowamynda Türkmenistanyň üstünlikli durmuşa geçirilýän parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasat ýörelgesine yzygiderli ygrarlydygy bellenildi. Şol ýörelgäniň möhüm ileri tutulýan ugry goňşy ýurtlar bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy ýola goýmakdan ybaratdyr.

Duşuşykda Türkmenistanyň Mary welaýaty bilen EYR-nyň Horasan-Rezawi welaýatynyň arasynda söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmek baradaky meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Şunda soňky ýyllarda ýola goýlan gatnaşyklaryň netijeli häsiýetiniň hem-de goňşy ýurtlaryň hyzmatdaşlygynyň oňyn netijesiniň, uly mümkinçiliginiň ikitaraplaýyn işewür gatnaşyklary giňeltmäge hemme şertleri döredýändigi nygtaldy.

Onlaýyn çärä gatnaşyjylar söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy giňeltmek boýunça bilelikdäki işleriň ugurlaryny anyklaşdyrmaga mümkinçilik berýän ikitaraplaýyn gepleşikleri yzygiderli geçirmek işini dowam etmek babatda bir pikiri aýtdylar.

Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi