Wiktor Sarianidini ýatlap: arheologiki açyşlaryň ruhuňy göterýän

eye
576
Wiktor Sarianidini ýatlap: arheologiki açyşlaryň ruhuňy göterýän

Käwagt adamyň ykbalyny haýsydyr bir wakanyň kesgitleýänligi hemmelere mälimdir. Bir gezek ýetginjek Genrih Şlimana gadymyýetiň beýik şähyry Gomeriň «Iliada» kitabyny sowgat berýärler we  Genrih şol rowaýaty şäheri tapjakdygyny aýdýar. Şeýdibem nemes bilesigelijisi  19-njy asyryň iň meşhur arheologina  öwrülýär.

Geçmişiň toprakda gizlenip ýatan  gizlenen köp-köp syrlary öz Şlimanlaryna garaşýar. Şol syrlaryň  örtükleriniň birini açmak Wiktor Iwanowiç Sarianidä  hem başardýar.

Wiktor Iwanowiçiň ady gadymy Gündogaryň taryhyna gyzyklanýanlaryň hemmesine ýakyndan  tanyşdyr. Gynansakda, indi Sarianidiniň özi bilen ýüzbe-ýüz söhbetdeş bolmak mümkin däl, ýöne, taryh ylymlarynyň kandidaty, Türkmenistanyň Taryhy we medeni ýadygärliklerini goramak, öwrenmek we rejelemek baradaky Milli müdirliginiň başlygy Muhammet Annaýewiç Mämmedow öz mugallymy hakda ýatlamalyryny biziň bilen paýlaşdy.

Türkmenistanyň ylymlar Akademiýasynyň gelejekki hormatly akademigi 1929-njy ýylyň 23-nji sentýabrynda trapezundly grekleriň maşgalasynda  dünýä inýär. 

1952-nji ýylda Daşkendiň döwlet uniwersitetini tamamlan Wiktor Iwanowiçiň mugallymlarynyň biri hem Mihail Ýewgenýewiç Massonyr, ol bu okuw jaýynyň arheologiýa kafedrasyny esaslandyryjy we müdiridir..

Baryp-ha 1908-nji ýylda, ýaňy 11 ýaşyny dolduran wagtynda doglan şäheri Samarkantda Ulugbegiň obserwatoriýasynyň gazuw-agtaryş işlerine gatnaşyp ugran Mihail Masson köp ugurly arheologdy. 

 Sarianidi bilen tanyşlygyna çenli Mihail Ýewgenýewiç eýýäm Termeziň gazuw işlerini tamamlapdy we  1946-njy ýylda Türkmenistan SSR-nde iş alyp barýan Günorta-Türkmenistanyň arheologiki toplumlaýyn ekspedisiýasynyň  ýolbaşçylygyna bellenipdi. Massonyň ýolbaşçylygynda parfiýanyň gadymy şäher harabalyklary Nusaýda we Merwde gazuw-agtaryş işleri geçirildi.

 Маsson arheologiýany diňe otaglaryň içinde däl, olaryň daşynda-da öwrenmek gerek diýip hasaplaýardy, şonuň üçin hem TYAG-y ─ talyplaryň ylmy guramasyny döredipdi, oňa arheologiýa bilen içgin gyzyklanýan talyplar gatnaşýardylar. TYAG-da meşgullanýanlaryň her biri gazuw-agtaryşyň usullaryndan başga ýene-de köp endikleriň gerekdigini bilýärdi, çünki gözleg-agtaryş işleri ─ şol bir wagtda ýadygärligi öwrenmekdir. Ýolbaşçy öz şägirtlerinden bilimleri giňişleýin özleşdirmegi, köp-köp maglumatlary ýadawsyz öwrenmegi talap edýärdi. Ol ekspedisiýanyň şertlerinde kitaplara, maglumatnamalara ýüzlenmäge mümkinçiligiň ýokdugyny tekrarlaýardy; bilimleri meýdan şertleriniň barlaglarynda  peýdalanmak üçin işjeň ele almak gerek.

Şonuň üçin Sarianidi heniz okap ýörkä 1949-njy ýylda Türkmenistanda gazuw-agtaryş işlerine girişýär, ol şonda eýýäm özüni bürünç asyryň maddy medeniýetini öwrenmäge bagyşlajakdygyny bilýärdi.  

Bu ugurda Rafael Pampelliniň eserlerini we ähli elýeterli sowet taryhy çeşmelerini öwrenip, Wiktor Iwanowiç  öz biliminiň ýeterlik däldiginiň  we neolite, bürünç we irki demir asyryna  degişli ýeke bir Orta Aziýanyň gazuw-agtaryşlaryna däl, eýsem, Owganystanyň, Eýranyň we Mesopotamiýanyň çäklerindäki barlaglara bagyşlanan ýörite çeşmeleriň ählisini okamagyň zerurdygynyň netijesine gelýär. Türkmenistana ýygy-ýygydan we uzak wagtlyk iş saparlaryna gelmek bilen arheolog Tejen derýasynyň köne akabasynyň dilkawlaryndaky eneolit eýýamynyň ýadygärliklerini öwrenip kitapdan alan bilimleriniň üstüni  ýetirýär.  

Şol ylmy-barlaglaryň esasynda Sarianidi 1963-nji ýylda kandidatlyk dissertasiýasyny goraýar  we iki ýyldan örän meşhur «Arheologiki çeşmeleriň gümmezleri» tapgyrynda özüniň «Günorta-gündogar Türkmenistanyň giçki eneolit döwrüniň ýadygärlikleri» atly kitabyny neşir edýär. Kärdeşleri arheologiýada ylmy kämillik döwrüne gadam basan nobatdaky çynlakaý alymyň peýda bolandygyny belleýärler. 

1969-njy ýyldan ylmy-barlag toparyna ýlbaşçylyk edýän Sarianidi  bilelikdäki Sowet-Owgan ekspedisiýasyna gatnaşýar. Birnäçe desgalarda toparyň ýüze çykaran tapyndylary geň galaýmaly derejede gadymymargian ýadygärlikleri Tahyrbaý we Auçinde tapylan  arheologiki materiallaryny ýatladýar.  

Bu Baktriýanyň we Margiananyň çäklerinde b.e. öňki ikinji müňýyllykda, megerem,  bir halk tarapyndan döredilen bitewi  arhelogiki medeniýetiň bolandygynyň çaklamasyny öňe sürmäge mümkinçilik  berdi.  

 «Owganystanyň gadymy ekerançylary» monografiýasy bürünç eýýamynyň gadymy owgan ýadygärlikleriniň barlaglarynyň netijesidir, şol ylmy iş boýunça alym doktorlyk dissertasiýasyny goraýar 

1979-njy ýylda Tylladepede geçirilen gazuwlar haýran galdyryjy netijelere getirýär. Bu gadymy baktriýa şäheriniň uly gonamçylygynda altyndan ýasalan ýigrimi müňden gowrak bezeg şaý-sepleri tapyldy. Bu dünýäniň ylmy-barlag žurnallarynyň köpüsi üçin örän  ähmiýetli täzelik boldy. Bu açyş barada Ýewropanyň we Amerikanyň adybelli gazetlerinde maglumatlar çap edildi. 

Ýöne şol  wagtlar  günbatarda Misserian düzlüginden tä gündogarda Amyderýa çenli tutuş Türkmenistany gowy bilýän Sarianidi bu üstünliklere kanagatlanmak islemeýärdi. Ol Garagumuň çägesi gömen köne derýalaryň hanalarynda gadymy medeniýetleriň galyndylarynyň gizlenip biljekdigine ynanýardy. Çöl ony özüne çekýärdi, Sarianidi eýýäm oňa örklenendigine düşünipdi. Hemme zatdan beter alymy Tejen derýasynyň,  ylaýta-da Murgabyň aýak uçlary gyzyklandyrýardy. 

Arheologlaryň köpüsi alym ýalňyşýandyr diýip çak edýärdiler, emma, Şliman ýaly Sarianidi hem daş-töweregini ekinzarlyklar we bagy-bossanlar gurşap alan, şolaryň içinden ybadathanalaryň we köşkleriň sudury salgym atýan täsin şäheri tapjakdygyna berk ynanýardy.  

Ynha,  ahyrynda-da oňa Marguş ýurdunyň paýtagty Goňurdepäniň biziň eýýamymyzdan öňki III-II müňýyllyklaryň ahyrynyň senesi bellenen ilkinji tapyndylaryň üstüni açmak başardýar. Ilkinji tapyndylaryň biri hakynda alymyň özi şeýle ýatlama galdyrypdyr: « Men ünsümi çeken bölejigi ýerden galdyrdym, diňe, şonda onuň beýlekilerden tapawutlanýandygyna düşünip galdym. Onuň gataňsy maddanyň adaty bölejiklerine meňzemeýän gyradeň gönüburçly görnüşi bardy. Ýöne men  muňa aýamdaky kiçijik demir bölejiginiň iki tarapynada dykgatly seredip ugramda doly göz ýetirdim. Ilkibada niçiksidir çylşyrymly nagyşy emele getirýän çylgam-çylgam aýlawlaryň nämedigine düşünmedim, diňe olary beýleki tarapyna öwremde munuň tebigatyň tötänleýin oýny ýa-da meniň hyýalymyň fantaziýasy däl-de, steatit plastinanyň ýüzüne haşamlanan ýörite şekildigine göz ýetirdim.  Degre-daşyny ýylanlar we aždarhalar gurşap alan ýa-ha öküz, ýa-da goçöküz arkaýyn maňa seredýärdi. Bu bir wakany suratlandyrýan tumardy, ýazuw ýadygärligi ýitip giden ýa-da düýbünden bolmadyk adamlaryň ruhy durmuşynyň ýeke-täk maddy subutnamasydy. Meniň şo pursatdaky ýagdaýyma diňe şeýle kalbyňy joşduryjy pursaty başyndan geçirenler düşüner, megerem arheolog  ömürboýy şeýle pursatyň hatyrasyna ýaşaýan bolsa gerek.  

Sarianidiniň  Türkmenistanyň Mary welaýatynyň çägindäki Murgap derýasynyň gadymy hanasyndaky açyşy edil faraon Tutanhamonyň guburynyň tapylyşynyň derejesinde ХХ asyryň iň haýran galdyryjy arheologiki wakalaryň biri boldy. Wiktor Iwanowiçe arheologiki maglumatlaryň esasynda Mesopotamiýa, Müsür, Hindistan we Hytaý bilen bir hatarda Gadymy Margiananyň dünýä medeniýetiniň bäşinji merkezidigini dünýäniň ylmy jemgyýetçiligine ynandyryjy subut etmek başartdy.   

2000-nji ýylda Wiktor Iwanowiç Türkmenistanyň raýaty boldy. Özüniň düýpli barlaglary üçin oňa  2001-nji ýylda Magtymguly adyndaky Halkara baýragy gowşuryldy, 2012-nji ýylyň 13-nji oktýabrynda bolsa alyma Türkmenistanyň ylymlar akademiýasynyň Hormatly akademigi diýen at dakyldy. 

Оl tä ömrüniň ahyryna, ýagny 2013-nji ýylyň 22-nji dekabryna çenli işlemegini dowam etdi. Goňurdepäniň günorta-günbatar künjeginde, şäher galasynyň çäginiň daşyndaky gazuw-agtaryşlar arheologyň iň soňky işidir.  

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow we hökümet agzalary arheologyň aradan çykmagyna gynanç bildirdiler.

Roman TEPLÝAKOW