Tarp etrabyň gülleri: bagçylyga şahsy goşant

eye
897
Tarp etrabyň gülleri:  bagçylyga şahsy goşant

Daşoguz welaýatynyň Ruhubelent etrabynyň «Zähmet»  geňeşliginiň ýaşaýjylary – ata-ogul Emin we Enwer Saparbaýewler boş wagtlaryny peýdaly işe – gül  nahallaryny ösdürip ýetişdirmeklige bagyşlaýarlar. Gül nahallary soňra olaryň obadaşlarynyň öylerine we howlularyna «göçürilýär».

Maşgalanyň ösdürip ýetişdirýän bezeg gülleriniň arasynda  – ýasy ýaprakly iki ülüşli tolstýankanyň - «pul daragtynyň» hem-de  Günorta Afrikada  ösýän, howany zyýanly garyndylardan we kömürturşy gazdan ýokary derejede arassalamaga ukypli, insiz ýapraklyja köpýyllyk otpisintli gyrymsy çogdam gül –hlorofitumyň şitilleri bar. 

Saparbaýewleriň maşgalasynyň ýetişdirýän gülleriniň ýene birisi-de  –  bejeriji, şypaly eoniumdyr.  Ýasy ýaprakly iki ülüşli tolstýanka toparyna degişli  eonium  köpýyllyk bezeg güli hasaplanýar  we onuň boýy 5 sm-den 60-sm beýiklige  çenli  uzaýar. 

Bu ýerde dodakgüllüler maşgalasyna degişli koleusyň birnäçe görnüşleri we köplenç «daş bägül» ýa-da «daş gül» diýlip atlandyrylýan otag eheweriýasy hem ýetişdirilýär. 

Gülçülik ata-ogul Saparbaýewleriň ýörite öwrenen kärleri däl. Olaryň öz aýtmaklaryna görä, ekerançylyk, daýhançylyk işleri bilen meşgullanmaklary    gözelligiň nusgasy bolan güllere söýgi döredipdir. Ata-ogluň ösdürip ýetişdirýän öý güllerinden ýeke bir öz obadaşlary peýdalanman, olara tarp ýerli etrabyň beýleki obalarynda-da isleg bildirilýär. 

Batyr Öräýew