Türkmenistanyň Ermenistan Respublikasyndaky ilçihanasy DIM-niň, Ýerewanyň meriýasynyň we Ýerewanyň Karen Demirçýan adyndaky metropoliteniniň goldaw bermegninde biziň ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyna bagyşlanan «Тürkmenistan – parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» atly fotosergini gurady.
Bu sergi suratlar arkaly türkmen taryhynyň we medeniýetiniň giň dünýäsine syýahat etmäge, biziň halkymyzyň däp-dessurlarynyň baýdygyny öwrenmäge, şeýle hem ýurtdaky gerimli özgerişleriň depginine, Aşgabadyň nusgalyk arhitektura binalaryny we ýurduň tebigy gözel künjeklerini synlamaga mümkinçilik döredýär.
Ermeni paýtagtynyň ilaty we onuň myhmanlary Ýerewanyň metropoliteniniň «Bagramýan» duralgasynda açylan bu sergä 16-njy aprele çenli tomaşa edip bilerler. «Bagramýan» duralgasynda her gün 2000-e golaý ýolagçy gatnaýar.
Şeýle-de serginiň mazmunynyň esasy bölegini düzýän – ylalaşdyryjy paýtagt, halkara hyzmatdaşlyk merkezi, ak mermerden merjen öwüşginli şäher Aşgabat bu ýyl 140 ýyllygyny bellese, Ýerewanyň metropoliteni – 40 ýyllyk ýaş toýuny toýlaýar.