Ï Маry welaýatynda 30 müň gektardan gowrak meýdanda gowaça ekildi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Маry welaýatynda 30 müň gektardan gowrak meýdanda gowaça ekildi

view-icon 1498

Mary welaýatynyň ekin meýdanalarynda köpçülikleýin gowaça ekişine girişildi.  Häzirki günler Türkmenistanyň günortasynda ekiş üçin iň gowy döwür hasaplanýar. Bu ýyl gowaça ekilmeli  180 müň gektaryň esasy meýdanlarynda 20-nji aprele çenli ekişi tamamlamak göz öňünde tutulýar.  Bu möhlet ekiş işleriniň meýilnamasynyň esasyny düzdi.  Şoňa laýyklykda pagta zawodlaryndan gowaça çigidini saýlap almak, hojalyklara eltip bermek, ekiş tehnikasyny ýangyç-çalgy ýaglary bilen üpjün etmegiň iş tertibi kesgitlendi. 

Häzirki günlerde Murgap jülgesiniň kärendeçileriniň hemmesi diýen ýaly  ekiş tehnikalaryny meýdana çykardylar. Ekiş wagtynda olaryň 500-e golaýy işlediler. Eýýäm 30 müň gektardan gowrak meýdanda gowaça ekildi. Ekiş işleriniň toplumynyň gowy taýýarlanandygy  hünärmenlere möwsümiň depgininiň mundan beýläk has-da güýçlenjekdigini ynamly aýtmaga mümkinçilik berýär. 

Tehnikanyň öndürijiligini artdyryp, pagtaçylar her günki çigit taşlanýan meýdanlaryň möçberlerini 10-12 müň gektara ýetirmegi maksat edinýärler. Amatly agrotehniki möhletlerde we ýokary depginde geçirilen ekiş ýeke bir ýokary hasyllygyň binýady bolman, eýsem, tehnikany rejeli ulanmagyň, ýangyç-çalgy ýaglaryny, gowaça çigidini, dökünleri tygşytlamagyňam esasy şertidir. 

Tygşytlylyk kärendeçi we daýhan hojalyklarynyň  işiniň asylky manysynda  jemlenýär. Ol pagta ýygymy möwsüminiň ahyrynda gazanyljak maliýe üstünliginiň kepilidir. Welaýatyň agrotehniki gulluklary daýhanlara wagtynda öz goldawlaryny berýärler. Gerek wagtynda tehnikalary gyssagly bejermegi ýola goýýarlar, ekişiň hiline, pagtanyň görkezilen sortlarynyň öz bellenen zolaklarynda  ekilmegine, pagta zawodlaryndan getirilen tohumlyk çigitleriň diňe birinji sorta we şonuň 95 göterimine deň derejede saklanylmagyna gözegçilik edýärler. 

Wladimir FROLOW

Surata düşüren: Ýuriý ŞKURIN