Türkmenistanyň Prezidenti Wýetnam Sosialistik Respublikasynyň täze saýlanan Prezidentini gutlady

eye
571
Türkmenistanyň Prezidenti Wýetnam Sosialistik Respublikasynyň täze saýlanan Prezidentini gutlady

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Nguen Suan Fuka Wýetnam Sosialistik Respublikasynyň Prezidenti wezipesine saýlanmagy mynasybetli mähirli gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny ýollady.

Milli Liderimiz Nguen Suan Fuka tüýs ýürekden berk jan saglyk, bagtyýarlyk hem-de dostlukly ýurduň mundan beýläk-de öňe gitmeginiň we gülläp ösmeginiň hatyrasyna iň ýokary döwlet wezipesinde uly üstünlikler gazanmagyny arzuw etdi.