Özbegistan Özbegistan-Türkmenistan–Eýran–Oman ulag geçelgesini ösdürmek üçin Eýranyň portlaryny peýdalanmagyň wajyplygyny belleýär. Bu hakda RIA Nowosti Özbegistanyň Prezidentiniň metbugat gullugyna salgylanyp habar berýär. Metbugat gullugynyň maglumatynda duşenbe güni Şawkat Mirziýoýewiň Daşkent şäherine iş saparyna baran Eýranyň daşary işler ministri Muhammmed Jawad Zarifi kabul edenligi aýdylýar. Taraplar ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýynyň we gelejeginiň meselesine seretdiler.
Duşuşugyň netijesi boýunça habarda şeýle diýilýär: "Ulag-kommunikasiýa ulgamynda, şol sanda Eýranyň deňiz duralgalaryny netijeli peýdalanmakda we Özbegistan-Türkmenistan –Eýran –Oman ulag geçelgesini ösdürmekde özara arkalaşygy güýçlendirmegiň wajypdygy bellenildi"
Habarnamada şeýle hem taraplaryň özara gyzyklanma döredýän halkara we sebitleýin, şol sanda, sebitde howpsuzlygy üpjün etmek we Owganystanda parahatçylyk prossesini berkitmek meseleleriniň maslahatlaşylandygy bellenýär.
Özbegistan-Türkmenistan–Eýran–Oman ulag geçelgesini döretmek hakdaky Ylalaşyk 2016-njy ýylyň 23-nji aprelinde öz güýjüne girdi. Bu ulag-tranzit gatnawynyň bir bölegi Özbegistany, Türkmenistany we Eýrany baglanyşşdyrýan demir ýoly, ýene bir bölegi bolsa Eýranyň Bender-Abbas we Çahbahar duralgalaryndan Omanyň portlaryna çenli deňiz ýoly boýunça amala aşyrylar.