Öňüni alyş diplomatiýa Akademiýasy ýaşlaryň arasynda bäsleşik geçirýär

eye
370
Öňüni alyş diplomatiýa Akademiýasy ýaşlaryň arasynda bäsleşik  geçirýär

BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkezi «Öňüni alyş ilçisi» halkara ýaşlar bäsleşigini yglan edýär.

Öňüni alyş diplomatiýasy Akademiýasynyň taslamasynyň çäklerinde guralýan bu bäsleşige gatnaşmak Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň, Türkmenistanyň, Özbegistanyň we Owganystanyň 18-den 29-ýaşa çenli raýatlaryna öňüni alyş diplomatiýasy, medeniýetara  kommunikasiýa, liderlik häsiýetini we jemgyýetçilik çykyşlarynyň endiklerini ösdürmek boýunça onlaýnl-türgenleşikleriň tapgyrlaryna gatnaşmaga mümkinçilik berýär.

Okuw tapgyrlary tamamlanansoň oňa gatnaşyjylar BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasynyň sebit merkezi we beýleki düzüm bölekleri tarapyndan guralýan çärelere gatnaşmak üçin öňüni alyş diplomatiýasynyň Ýaş ilçileriniň Merkezi Aziýadaky we Owganystandaky sebitara ulgamyna goşularlar.

BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň Akademiýasynyň başlangyjy 2030-njy ýyla çenli Ýaşlar strategiýasyna we BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşiniň ýaşlar, parahatçylyk we howpsuzlyk baradaky rezolýusiýalaryna laýyklykda amala aşyrylýar.

Bu bäsleşige gyzyklanýan ýaşlara degişli görnüşdäki anketany-sorag-jogaby (goşunda salgylanyp) doldurmak, rus ýa-da iňlis dilinde esasnamalary ýazmak hökmandyr, olarda şu aşakdaky soraglara jogap berilmelidir:

Öňüni alyş diplomatiýasynyň ilçisi hökmünde näme üçin hut Siz saýlanyp alynmaly?

Eger-de Siz bir günlük BMG-niň Baş Sekretary bolsaňyz onda, sebitiňizde parahatlygy gorap saklamak üçin haýsy üç sany zerur çäräni amala aşyrmaga girişersiňiz?

Bäsleşigiň ýeňijileriniňň esasnamalary iňlis we rus dillerinde çap ediler we BMG-niň platformalary arkaly hem-de hökümetleriň wekilleriniň arasyna ýaýradylar. Olaryň elektron görnüşi https://unrcca.unmissions.org/  saýtda ýerleşdiriler

Arzalar 2021-nji ýylyň 30-njy aprelini hem hasaba almak bilen: aziz.kuliyev@un.org. elektron aragatnaşyk salgysynda kabul edilýär.

Аýjahan ATABALLYÝEWA