Türkmenistanyň Astrahandaky (Russiýa Federasiýasy) Konsullygynyň başlangyjy boýunça 7-nji aprelde wideoduşuşyk guraldy, onda Astrahan oblastynyň portdaky aýratyn ykdysady zonasynyň çäginde (PAYZ) Türkmenistanyň logistika merkezini açmak mümkinçiliklerine seredildi.
Wideoduşuşyga RF-iň Astrahan oblastynyň we Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň, «Lotos» aýratyn ykdysady zonasynyň, ulag we ýük daşaýjy kompaniýalaryň wekilleri gatnaşdy.
Astrahan oblastynda Türkmenistanyň logistika merkeziniň açylmagyna haryt akymlaryny kadalaşdyryjy we bäsdeşligi güýçlendiriji, ýük daşaýjy we ulag kompaniýalarynyň önjeýli işlemeginiň ykdysady serişdelerini üpjün ediji meýdança hökmünde seredilýär.
Şunuň bilen baglanyşykly Türkmenistanyň we RF-iň Astrahan oblastynyň arasynda yzygiderli ýük daşamagyň täzeden ýola goýulmagyň zerurdygy bellenildi.
Duşuşygyň netijesinde Türkmenistanyň Astrahandaky logistika merkezini döretmek hem-de RF-iň Astrahan oblastynyň we biziň ýurdumyzyň degişli ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň hünärmenleriniň maslahatlaryny geçirmek babatda ylalaşyk gazanyldy.