Ï Ankarada Türkmenistanyň Prezidentiniň türk dilinde neşir edilen kitaplary tanyşdyryldy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Ankarada Türkmenistanyň Prezidentiniň türk dilinde neşir edilen kitaplary tanyşdyryldy

view-icon 6242

2021-nji ýylyň 9-njy aprelinde Türkmenistanyň Türkiýe Respublikasyndaky ilçihanasy we Türkiýäniň Ankara uniwersiteti Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Atda wepa-da bar, sapa-da”, “Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi” atly kitaplarynyň türk dilinde neşir edilmegi bilen baglanyşykly sergi we maslahat gurady.

Dabara Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyna we 2021-nji ýylyň “Türkmenistan – parahatçylygyň we ynanyşmagyň ýyly” diýlip yglan edilmegine bagyşlandy.

Maslahata Türkiýäniň Prezidentiniň baş geňeşçisi Ýalçyn Topçu, Ankara uniwersitetiniň rektory, doktor Nejdet Ünüwar, Türkiýäniň Parlamentiniň türkmen-türk dostluk toparynyň ýolbaşçysy Ibrahim Aýdemir, toparyň agzasy Bedri Ýaşar, Türkiýäniň Gazy we Hajettepe uniwersitetleriniň rektorlary, Azerbaýjanyň, Belarussiýanyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Moldowanyň, Russiýa Federasiýasynyň, Ukrainanyň Türkiýedäki Ilçileri we wekilleri, Ankara uniwersitetiniň professor-mugallymlary we türkmen talyplary, jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylary hem-de metbugat wekilleri gatnaşdylar.

Çäräniň başynda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygy mynasybetli sergi açyldy, onda görkezilen şekillendiriş hem-de amaly-haşam sungatynyň eserleri, fotosuratlar, neşir önümleri ýurdumyzyň şu günki garaşsyz ösüşiniň geçen şöhratly ýollaryny we gazanan uly üstünliklerini suratlandyrýar, türkmen halkynyň taryhy-medeni mirasy we milli däpleri bilen ýakyndan tanyşdyrýar. Sergide Prezident Gurbanguly Berdimahamedowyň eserlerine esasy orun berildi.

Uniwersitetiň zalynda maslahat başlamanka Türkmenistanyň Garaşsyzlyk ýyllarynda dürli ugurlarda gazanan üstünlikleriniň wideofilmi görkezildi. Soňra Türkmenistanyň Türkiýedäki ilçisi Işanguly Amanlyýew ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllygy mynasybetli Türkmenistanyň Hormatly Prezidentiniň baştutanlygynda alnyp barylýan giň möçberli işler we çäreler, ýurdumyzyň ýeten belent sepgitleri hakynda giňişleýin gürrüň berdi. Şeýle hem ol maslahata gatnaşyjylary Türkmenistanyň Prezidentiniň “Atda wepa-da bar, sapa-da” we “Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi” kitaplarynyň many-mazmuny bilen tanyşdyrdy.

Doganlyk ýurduň resmi wekilleri öz çykyşlarynda döwletara gatnaşyklaryny ösdürmekde bu kitaplaryň türk diline geçirilmeginiň, şeýle hem türkmen halkynyň taryhy we ruhy gymmatlyklary bilen türk jemgyýetçiligini tanyşdyrmagyň örän wajypdygyny nygtap bellediler.