Hepdäniň sişenbe güni Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Hytaýyň daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň onlaýn-duşuşygy geçdi. Bu barada Türkmenistanyň daşary syýasat edarasy habar berdi. Gepleşikleriň baş maksady — «Merkezi Aziýa — Hytaý» dostlugy berkitmek babatda ministrleriň ikinji duşuşygyna taýýarlykdyr, ol şu ýyl geçiriler.
Türkmen wekillerine Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Birdinyýaz Mätiýew ýolbaşçylyk etdi.
Gepleşiklere gatnaşyjylar syýasy, söwda-ykdysady, medeni ugurlardaky hyzmatdaşlygyň möhüm meselelerine seretdiler. Mundan başga-da, taraplar «Merkezi Aziýa — Hytaý» gatnaşyklary boýunça ministrleriň öňde duran duşuşygynyň deslapky gün tertibine teklipleri hödürlediler we bilelikdäki jemleýji namalaryň taslamasyny geňeşdiler.
Bu ýerde soňky ýyllarda Merkezi Aziýa döwletleriniň «bäşligi» bilen hyzmatdaşlygy ösdürmekde «С5+1» formatyň barha giňeýändigini bellemek gerek. Bilermenleriň çaklamagyna görä, sebitdäki döwletler garaşsyz daşary ýurt syýasatyny alyp barsalar-da, birnäçe ugurlar boýunça jebisleşip umumylykda çykyş edýärler. Bu Merkezi Aziýa döwletleriniň taryhy umumylygy hem-de häzirkizaman syýasy, ykdysady, jemgyýetçilik we ekologiýa meseleleriniň toplumyna garaýyşlarynyň gabat gelýändigi ýa-da ýakyndygy bilen düşündirilýär.
«С5+1» formatda Merkezi Aziýanyň bäş döwleti ABŞ, ÝB, Ýaponiýa, Günorta Koreýa we Hindistan bilen üstünlikli gatnaşyklaryny has ýaýbaňlandyrýar. Birneme öňräk köpçülikleýin habar beriş serişdeleri Fransiýanyň sebitimiziň döwletleri bilen gatnaşygyny öz daşary syýasatynda aýratyn bir ugur hökmünde ýöretmek isleýändigini aýdypdylar. 2019-njy ýylda, pandemiýanyň öň ýanynda Fransiýanyň Prezidenti Emmanuel Makron Parižde täjik Lideri Emomali Rahmon bilen duşuşanda daşary işler ministrleriniň derejesinde Fransiýanyň we Merkezi Aziýa döwletleriniň arasynda gepleşikleriň geçirilmegini teklip edipdi.
Şonda käbir syýasatşynaslar breksitden soňra Britanyýanyň hem şeýle ýol bilen gidip biljekdigini çakladylar. Çünki ÝB-den çykansoň Britaniýanyň bähbitleri «Merkezi Aziýa – Ýewropa Bileleşigi» formatynda göz öňünde tutulmaz.
«AA» habarçysy