Ï Fransiýanyň maýalaşdyryş banky Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyga gyzyklanma bildirýär
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Fransiýanyň maýalaşdyryş banky Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyga gyzyklanma bildirýär

view-icon 1293

Maliýe we ykdysadyýet ministrlikleriniň wekilleriniň, şonuň ýaly-da, Türkmenistanyň daşary ykdysady gatnaşyklar banky bilen Fransiýanyň maýalaşdyryş bankynyň (BPI France) arasynda onlaýn-duşuşyk boldy.

Wideo-gepleşigiň barşynda taraplar türkmen we fransuz kompaniýalarynyň gatnaşmagynda maýalaşdyryş we maliýeleşdiriş ulgamyndaky hyzmatdaşlygyň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar.

BPI France-niň wekilleri öz alyp barýan işleri barada giňişleýin gürrüň berdiler, türkmen tarapy bolsa olary fransuz kompaniýalarynyň gatnaşyp biljek maýa goýum taslamalary bilen tanyşdyrdy.

Onlaýn-duşuşygyň jemleri boýunça hyzmatdaşlyk barada Memoranduma gol çekmegiň mümkinçiliklerini öwrenmäge ylalaşyk gazanyldy hem-de bu gepleşigi dowam etmeklige ikitaraplaýyn gyzyklanma bildirildi.

Fransuz Respublikasynyň Döwlet maýalaşdyryş banky (Banque publique d'investissement, BPI France) kiçi we orta telekeçilige karz bermegiň hasabyna ykdysady ösüşi höweslendirmek maksady bilen 2013-nji ýylyň ýanwarynda döredildi.

 Bank edil uly döwlet kärhanalary ýaly kiçi hususy telekeçiligi hem maliýeleşdirýär, eksport töwekgelçilikleriniň ätiýaçlandyryşy bilen meşgullanýar.

 Häzirki döwürde Fransiýanyň Döwlet maýalaşdyryş banky açyk paýdarlar jemgyýeti görnüşde hereket edýär. Paýdarlar jemgyýetiniň düzümine baş kompaniýa we onuň iki sany şahamçasy: BPI Maýalaşdyryş (BPI Investissement) hem-de BPI Maliýeleşdiriş girýär.