Türkmenistanyň Özbegistan Respublikasyndaky Ilçihanasynda ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygy hem-de 2021-nji ýyly «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilmegi mynasybetli dabaraly çäre geçirildi.
Dabarada özbek talyplarynyň arasynda yglan edilen Türkmenistan bilen Özbegistan Respublikasynyň hyzmatdaşlygy barada makalalaryň bäsleşiginiň ýeňijileri sylaglandy.
Oňa Resbublikanyň DIM-niň Dünýä ykdysadyýeti we diplomatiýa uniwersitetiniň professor-mugallymlary we talyplary, Özbegistanyň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.
Bu ýere gelenler ilki Ilçihananyň guran sergisine we muzeýine aýlanyp gördüler.
Türkmenistanyň Özbegistan Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Ýazguly Mammedow öz çykyşynda häzirki wagtda iki ýurduň Döwlet Baştutanlarynyň: Gurbanguly Berdimuhamedowyň hem-de Şawkat Mirziýoýewiň tagallalarynyň netijesinde türkmen-özbek gatnaşyklarynyň strategik hyzmatdaşlyk derejesine çykandygyny nygtady.
Çärede Dünýä ykdysadyýeti we diplomatiýa uniwersitetiniň Ýaşlar bilen işlemek boýunça prorektory L.Mingişew bu dostlugyň hem-de doganlygyň köküniň gadymdan gaýdýanlygyny aýtdy. Ol türkmen-özbek gatnaşyklarynyň hoşniýetli goňşuçylyk we strategiki häsiýete eýedigini nygtap, bu gatnaşyklary ylym-bilim ulgamlarynda işjeňleşdirmegiň uly ähmiýetini belledi.
Ilçihananyň yglan eden bäsleşigine Dünýä ykdysadyýeti we diplomatiýa uniwersitetiniň talyplarynyň 28-si gatnaşyp, olardan 1 talyp - 1-nji orna, 2 talyp - 2-nji orna we 3 talyp - 3-nji orna mynasyp boldular.
Ýeňijilere ýörite diplomlar we ýadygärlik sowgatlary, bäsleşige işjeň gatnaşan talyplara bolsa Ilçihananyň adyndan minnetdarlyk hatlary gowşuryldy.
Geçirilen çärä Özbegistanyň Daşary işler ministrliginiň «Dunýo» habarlar agentliginden, «Uzbekistan 24» we «UzReport» teleýaýlymlaryndan, «Вечерний Ташкент», «Ташкентская правда» we ýene-de ençeme internet portallary gatnaşdylar.